Dünýädäki dürli diller barada köneden gelýän garaýyşlar bar. Mysal üçin, fransuz dili söýgülileriň dili, nemesleriň dili tertip-düzgüni gyşarnyksyz ýerine ýetirýän adamlaryň dili hasaplanýar. ABŞ-nyň Ýel uniwersitetiniň ykdysatçy alymynyň ýakynda geçiren ylmy-barlag işi bolsa adamyň gürleşýän diliniň onuň gurply hem sagdyn ýaşamagyna täsir edýändigini görkezdi. Çykarylan netijä görä, adamlaryň ene dili olaryň pul tygşytlamak, çilim çekmek, maşk etmek hatda semremek häsiýetine-de täsirini ýetirýär.
Çehiýa göçüp gelen döwri Regina Nohowa ilkibaşda gürleşende, agzyny giň açyp, dodaklaryny köp gozgamagy öwrendi. Milleti eston bolan Regina, öz ene dilinde gepleşende, şonça köp artikulýasiýa zerurlygynyň ýokdugyny aýdýar.
“Eston dilinde biz gaty haýal gürleýäris. Gürleşemizde agzymyzy çalaja açýarys. Bu biziň tebigy gurluşymyz” diýip, Regina aýdýar. “Estoniýa sowuk ýurt. Biz gaty köp wagty öýüň içinde, ýapyk jaýda geçirýäris. Çehler bolsa başgaçarak. Meniň pikirimçe, çehler bilen estonlaryň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bar”.
Çehe durmuşa çykan Reginanyň iki gyzy bar. Häzir Regina hem çeh dilinde gürleşýär. Ýöne ýogadan sapak berýän 35 ýaşly Regina häzir hem özüniň käbir meselelerde, hususan-da, sagdyn ýaşamak meselsinde, adamsyndan tapawutlanýandygyny aýdýar.
“Ilkibaşdan biziň iýmitlenmek baradaky garaýyşlarymyz tapawutlanýardy. Häzir hem men sagdyn iýmitlenmegiň tarapdary” diýip, Regina aýdýar. “Adamym bolsa iýýän naharyna beýle üns bermeýär. Maşk etmek meselesinde hem ýagdaý şuňa meňzeş. Ýagny, men ýoga bilen meşgullanýaryn, adamym bolsa maşk etmeýär”.
Elbetde, her maşgalada hem aýal bilen erkegiň belli bir meselä bolan garaýyşlary biri-birine gabat gelmezligi mümkin.
Ýöne ene dili babatda ABŞ-da geçirilen täze ylmy-barlag işi adamyň gürleşýän diliniň onuň sagdyn ýaşamagyna ýa-da maliýe derejesine täsir etmeginiň mümkindigini görkezdi.
Ýel uniwersitetiniň ykdysadyýet boýunça professory M.Keýt Çen mandarin, nemes, eston dilleri ýaly gramatikada işligiň häzirki zaman derejesiniň anyk kesgitlenmeýän dillerinde gürleşýän adamlaryň, statistiki maglumatlara salgylanyp, has gurply ýaşaýandygyny aýdýar.
“Ýaponlar, bank prosentleriniň pesdigine garamazdan, serişdelerini onlarça ýyllaryň dowamynda tygşytlamagy başarýarlar. Hytaýlylar pul tygşytlamakda çenden aşýarlar. Nemesler hem tygşytly halk hasaplanýar” diýip, Çen aýdýar. “Eger adamyň gürleşýän dili ony häzirki hem geljek zamany tapawutlandyryp pikirlenmäge mejbur etmeýän bolsa, onda pul tygşytlamak has aňsat bolýar. Sebäbi geljek zaman seniň üçin häzirki zamandan köp tapawutlanmaýar”.
Çen belli bir netijä gelmezinden öň, dünýäniň dürli ýurtlaryna degişli ykdysady we sosial görkezijiler boýunça maglumatlary ýygnap, olary şol ýurtlarda gürleşilýän diller bilen deňeşdirip görüpdir. Ol şonda bir zada göz ýetiripdir – fiziki we maliýe taýdan has ýokary jogapkärçilige eýe halklaryň ene dillerinde geljek zamana az salgylanylýar.
“Ertir ýagyş ýagýar”
Mysal üçin, nemesler Ýewropada ykdysady taýdan iň ösen halklaryň biri hasaplanýar. Bu ýerde adamlar geljek zaman işligini ulanmazdan, howanyň ertirki ýagdaýy barada çaklama ýöredýärler. Nemes dilinde “Morgen regnet es”, ýagny “Ertir ýagyş ýagýar” diýilse, ykdysady we fiziki jogapkärçilik taýdan köp ösmedik ruslaryň, iňlisleriň, çehleriň dilinde “Завтра будет дождь”, “It will rain tomorrow”, ýagny “Ertir ýagyş ýagjak” diýlip, ýagşyň ýagjak wagty anyk kesgitlenip aýdylýar.
Alymyň bellemegine görä, işligiň häzirki hem geljek zamanynyň anyk kesgitlenmeýän dillerinde gürleşýän adamlar, beýlekilerden tapawutlylykda, az çilim çekýärler, artyk agramy beýlekilerden az ýygnaýarlar, netijede olar has uzak ýaşaýarlar.
Çeniň geçiren ylmy-barlagy dilçileriň arasynda uly seslenmelere sebäp boldy. Käbir synçylar we analitikler dünýädäki iň agyr problemalaryň käbirine, mysal üçin Gresiýanyň maliýe krizisinden başlap, käbir adamlaryň çenden aşa semiz bolmagy ýaly problemalara şol ýurtlarda gürleşilýän dilleriň sebäp bolýan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.
Ýöne filologlaryň köpüsi alym M.Keýt Çeniň bu teoriýasy bilen ylalaşmaýarlar. Olardan biri hem Kanadada ýerleşýän Kalgary uniwersitetiniň dil hem psihologiýa boýunça mugallymy Julie Sehdehwi.
Sehdehwi kähalatlarda adamlaryň köpüsüniň gürleýän dili bilen olaryň özlerini alyp barşyny baglanyşdyrmakdan başga çykalganyň ýokdugyny aýdýar.
Emma Sehdehwi Çeniňki ýaly ylmy-barlag işleri diliň grammatikasy bilen adamlaryň tygşytly bolmak ýa-da sagdyn ýaşamak ýaly häsiýetleriniň arasyndaky arabaglanyşygy seýrek görkezýär diýen pikirde.
“Bizde henize çenli käbir dilleriň logiki taýdan has kämildigi, beýleki bir diliň has düzgünleşdirilendigi barada düşünje bar. Belli bir dil biz üçin has romantik görünýär” diýip, Sehdehwi beleýär. “Ýöne belli bir dil baradaky şeýle garaýyşlar diliň özboluşlylygyndan däl-de, şol dilde gürleýän adamlaryň özlerini alyp barşyndan döreýär”.
Çeniň bu ylmy işi häzir alymlaryň barlagyndan geçýär. Ol resmi taýdan entek çap edilmedi.
Şonuň üçin, belki-de, bu ylmy işe esaslanyp, birki kilo semräniň üçin ýa-da pul tygşytlap bilmeýänligiň üçin öz ene diliňi aýyplamaga entek irdir.