Garaguma syýahat: Daşoguz ýolundaky Içoguz wokzaly

Mundan ýedi ýyl ozal ulanmaga berlen Içoguz wokzaly

Aşgabat-Daşoguz, Daşoguz-Aşgabat ýolagçy otlulary Garagum çölüniň ortasynda gije sagat 10-lar töwereginde gabatlaşýarlar. Olaryň gabatlaşýan ýerinde, garaňkyda, hiç zat görünmeýär.

Ynha, mundan ýedi ýyl ozal ulanmaga berlen Içoguz wokzaly otlularyň gabatlaşýan şol zolagynda ýerleşýär. Ak mermerden gurlan bu bina obada ýerleşýän beýleki binalardan owadanlygy bilen tapawutlanýar.

Bir wagtda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenilip 2006-njy ýylda gurlan bu wokzalyň içine gireniňde welin, onuň haňlap ýatanlygyna şaýat bolýarsyň.

Garagum çölüniň ortasynda, Daşoguzdan 300 kilometr uzaklykda ýerleşýän Içoguz wokzalynyň töwereginde dikelip duran başga bina göze ilmeýär, aýlanyp ýören adamam ýok. Içoguz wokzalynyň iň golaýynda ýerleşýän ilatly punkt takmynan 350 hojalygy öz içine alýan “Aeroport” obasy bolup, ol hem duralgadan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Ynha, wokzalyň haňlap ýatmagynyň bir sebäbi hem şu diýip, duralganyň gözegçiligi bilen meşgullanýan bir ýaş ýigit aýtdy: “Töwerekde ilatly ýer ýok, iň ýakynda ýerleşýän ilatly ýerler “Aeroport” hem Ýerbent obalary, ol obalaryň ýaşaýjylary hem uzak ýoly aşyp Wokzala geleninden, gitjek ýerlerine ýeňil maşynda gidenlerini amatly görýärler”.

Daşoguz-Aşgabat demirýoly

​Özüni Toýmyrat diýip tanadan şol ýigit wokzalda aýlanyp ýören yekeje adam bolup, ol özara söhbetdeşlikde wokzalyň boş bolmagynyň başga bir sebäbini-de agzady: “Eger obalaryň ýaşaýjylary uly şäherlere gitjek bolsalar, olar ýeňil maşyn ulanýarlar, sebäbi otly Içoguzdan Aşgabada 8-9 sagatda ýetýän bolsa, ýeňil maşyn bilen bu ýoly 3 sagatda geçip bolýar”.

Içoguz wokzaly öňki prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe tutuşlygyna göçürilen Derweze obasynyň ýerleşýän ýerinde gurlupdyr. Häzir şol töwerekde Türkmenistanyň gaz-burawlaýyş enjamlary işledilýär.

Söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä, şol edaralaryň işgärleri häzirki döwürde wokzalyň ýeke-täk müşderileridir. Ol: “Hepdäniň 1-nji güni gaz-burawlaýyş edarasynda işleýän gazçylar öýlerine dolanýarlar. Köp wagtdan bäri wokzalda şolardan başga ýolagçy görmedim” diýip, gürrüňini jemledi.