Özbek Nowruzyndaky tans edişlik

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Amerikan diplomaty, 74 ýaşy arka atan özbek diktatory we Nowruz baýramçylygynyň döwlet derejesindäki şowhunly dabarasy – bularyň üçüsini bir ýere jemleseň näme emele gelýär?

Özbegistanyň döwlet mediasynyň nukdaý nazaryndan seretseň, onda ajaýyp teleprogramma emele gelýär. (Ýokarda ýerleşdirilen wideo)

Özbegistan parslaryň Täze ýyly hasaplanýan Nowruz baýramçylygyny 22-nji martda belledi. Bu baýramçylyk Merkezi Aziýanyň hem ähli ýurtlarynda bellenýär. Bu sene mynasybetli Islam Karimow paýtagt Daşkentde uludan toý tutdy. Adatça köpçülikde özlerini agras alyp barýan resmiler bolsa bilelikde tans etdiler.

Özbegistanyň döwlet telewideniýesi ilki başda ýerinden turup çapak çalyp başlan prezident Islam Karimowy görkezdi. Lideriň energiýasy beýlekilere-de geçen bolara çemeli: Karimowyň tans edýändigi has hem belli bolup başlansoň, onuň ýanynda duran resmiler hem ellerini galgadyp, keýpleri kök halda bökjekläp başladylar.

Baýramçylyk ruhy Birleşen Ştatlaryň Özbegistandaky ilçisi Jorj Krola hem täsir etdi. Dabaranyň dowamynda onuň hem aram-aram tans edýändigini görmek bolýardy. Krol Daşkentde 2011-nji ýylyň iýun aýyndan bäri işleýär. Ondan öň ol Amerikanyň Belarusdaky ilçisi bolup işläpdi.

Ilçi çyny bilen ellerini, aýaklaryny oýnadyp, arka tarapda diňe sazyň urgularyna görä çapak çalyp duran resmilerden ökde çykdy.

Karimowyň Nowruz baýramçylygyndan başga-da belläre zady bardy. 24-nji martda onuň Özbegistandaky hökmürowan prezidentligine 22 ýyl doldy. Karimow bahar paslynyň gelendigini halka buşlanda başga-da bir habary ýetirdi – 2014-nji ýylyň dekabrynda geçirilmeli prezidentlik saýlawlary 2015-nji ýylyň ortalaryna çenli süýşürildi.