Türkmenistanda milli azlyk bolmak aňsatmy?

Farid Tuhbatulin: “Eger türkmen häkimiýetleri adamlaryň döwlet dilinde gepläp bilmegini isleýän bolsalar, döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän mugt dil kurslaryny açmaly”.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetinde 15-16-njy mart günleri geçirilen diňlenişikde beýleki meseleler bilen bir hatarda Türkmenistandaky milli azlyklaryň ýagdaýylary we kynçylyklary barada-da gürrüň edildi.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetindäki diňlenişikde çykyş eden resmilerden biri, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajiyew esasan milli azlyklaryň işe ýerleşmek meselesinde bar diýilýän kynçylyklar hakda durup geçdi.

Ol öz çykyşynda: “Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň düzüminde rus, ukrain, özbek milletleriniň wekilleri işleýärler.Türkmenistanyň içeri Işler ministrliginiň düzüminde, ýurduň Baş prokuraturasynda, ýurduň milli howpsuzlyk ulgamynda-da dürli milli azlyklaryň wekilleri işleýärler” diýip belledi.

Bu diňlenişige gatnaşan türkmen delegasiýasy ýurtda milli azlyklaryň wekilleriniň hökümet edaralaryna işe ýerleşmek mümkinçilikleri bilen bir hatarda, olaryň ýokary okuw jaýlaryna kabul edilişi babatda-da hiç hili kynçylygyň ýokdygyny aýtdy.

Kynçylyk hakykatdanam ýokmy?

Hökümet wekilleriniň pikirlerinden tapawutlylykda, Türkmenistandaky milli azlyklaryň käbir wekilleri işe ýerleşmek kynçylyklary bilen bir hatarda özleriniň ençeme beýleki kynçylyklar bilen-de ýüzbe-ýüz bolup gelýändiklerini aýdýarlar.

Şeýle pikiri öňe sürýänlerden birem türkmenistanly rus diasporasynyň wekili, graždan aktiwisti Nataliýa Şabuns bolup, ol bu barada şeýle diýdi: “Türkmenistanda köp adamlar işe ýerleşmek üçin atlaryny-da özgertdiler. Mundan daşary, geçen ýyldan başlap Türkmenistanda adamlar çagasyny çagalar bagyna ýerleşdirjek bolanlarynda, hatda olaryň üç arkasy barlanýar”.

Onuň aýtmagyna görä, adamlaryň üç arkasyny barlamak düzgüni adamlaryň milletini kesgitlemek maksady bilen amala aşyrylýar we, şeýlelikde, milleti milli azlyklara degişli bolup çykan raýatlar dürli kynçylyklara duçar bolýarlar.

Ilatyň üç arkasyny barlamak praktikasynyň Türkmenistanda bardygyny BMG-niň adam hukuklary boýunça komitetinde eden çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyew hem tassyklady.

Emma ol bu praktikanyň milli azlyklara garşy gönükdirilmändigini we onuň kadrlar meselesinde garyndaşparazlygyň, tireparazlygyň öňüni almak maksady bilen girizilendigini öňe sürdi.

Bary-ýogy 136 student

Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistanda milli azlyklaryň wekilleriniň işe ýerleşmek bilen bir hatarda ýokary okuw jaýlaryna girmeklerinde-de dürli kynçylyklaryň bardygy aýdylýar.

Bu baradaky maglumatlary Türkmenistanyň resmi wekilleriniň BMG-de eden çykyşynda beren resmi sanlary-da belli bir derejede tassyklaýan ýaly görünýär. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça milli institutynyň müdiri Ýazdursun Gurbannazarowa Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda milli azlyklaryň wekillerinden bary-ýogy 136 adamyň okaýandygyny aýtdy.

Milli azlyklaryň Türkmenistanyň jemi ilatynyň 20% töweregini emele getirýänligi göz öňüne alnanda, milli azlyklaryň wekilleri ýokary okuw jaýlaryndaky öz studentleriniň sany bilen baglanyşykly bu görkezijiniň dürli soraglary döretmeginiň mümkindigini aýdýarlar.

Meseläniň “dil” tarapy

Türkmenistanda milli azlyklaryň öňüne böwet bolýan problymalaryň diňe bir döwlet sýyasaty bilen hem çäklenmän, eýsem bu meselä milli azlyklaryň wekilleriniň türkmenistanyň resmi dilini bilmezlikleriniň-de dahylynyň bardygyny aýdýanlar bar.

Türkmen dili Türkmenistanyň resmi dili bolup, döwlet edaralarynda işlemek isleýän raýatlardan resmi dili bilmekleri talap edilýär, şeýle-de ýokary okuw jaýlarynyň sapaklarynyň aglaba bölegi türkmen dilinde geçilýär.

Graždan aktiwisti Nataliýa Şabuns bu talabyň adalatlydygy bilen ylalaşýar, emma onuň aýtmagyna görä, “şeýle talap goýlanda, ýurtda resmi dili öwrenmek isleýänler üçin ýeterlik şertler hem döredilmeli”.

Milleti boýunça türkmenistanly milli azlyklardan birine degişli bolan hukuk goraýjy aktiwist, “Türkmen Inisiatiwasy” toparynyň ýolbaşçysy Farid Tuhbatullin hem bu pikir bilen ylalaşýar.

Hususan-da, Farid Tuhbatulin: “Biz Türkmenistanyň öz döwlet diliniň bolmalydygyny we bu diliň türkmen dili bolmalydygyny hiç bir jähtden inkär etmeýäris. Eger türkmen häkimiýetleri adamlaryň şol dilde gepläp bilmegini isleýän bolsalar, ösen ýurtlarda edilişi ýaly, döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän mugt dil kurslaryny açmaly” diýip belledi.