Islendik halky halk hökmünde kemala getirýän aýratynlyk nämeden ybarat? Şu sowalyň jogaby belli bir derejede türkmençiligiň nireden başlanýandygyna göz ýetirmäge ýardam edip bilerdi. Ýöne bu sowala jogap bermegiň ýeňil-ýelpaý iş däldigine köpler düşünýän bolsa gerek.
Nemes akyldary Gýote: “Din – däp-dessuram, hatda ynanç-ygtykadam däl, din – munuň özi adamzadyň kalbydyr, janydyr” diýip ýazypdyr. Beýik akyldaryň kesgitlemesine göni manyda düşünýän käbir pelsepeçiler ähli däp-dessuryň din bilen baglanyşykly kemala gelendigini delilendirmäge çalyşýarlar. Ýöne pederlerimiziň “Dinden çyksaňam, ilden çykma” diýen dana sözi türkmençiligiň kemala gelmeginde Yslam däp-dessurynyň, käbir adamlaryň pikir edişleri ýaly, juda uly ähmiýete eýe bolmandygyny görkezýan bolsa gerek.
Halklaryň asyrlarboýy toplan däp-dessurynyň diniň adyndan ebedileşdirilýändigi köplere mälim hakykat. Aýdaly, türkmençilikde merhumyň belli günlerinde sadaka etmek däbiniň Yslamda ýokdugyny müňlerçe adamlarymyz bilýänem däldir. Ýa bolmasa Yslamyň mukaddes Gurbanlyk günlerinde, diniň inkär edýändigine garamazdan, türkmenler hiňňäldik uçýarlar.
Yslam düzgüni boýunça gelin-gyzlar perenjeli, ýüzünden-topugyna çenli örtgüli bolmaly. Emma pederlerimiz türkmençilige uýup, gelin-gyzlarymyza ýüzlerini ýapdyrmandyrlar. Elbetde, Yslama berk uýup, ýüzüni ýapdyrýan ýa ýapýan gelin-gyzlarymyz öňem bolupdyr, häzirem bar, emma olar az sanlydyr. Türkmeniň bu däp-dessurlary bilen din hadymlaram ylalaşmaly bolupdyrlar.
Türkmenler Yslamyň kada-kanunlaryny, esasanam, onuň adamzady dost-doganlaşdyrýan däp dessuryny berk tutmaga çalşypdyrlar. Ýöne pederlerimiziň beýle bir dindar halk bolmandygyny türkmeni öwrenen ýa şu topragyň üstünden geçip giden syýahatçylaram, alymlaram tassyklapdyrlar. Şonuň üçin türkmen iň sylanýan din hadymyna “Sylasam pirim, sylamasam birimdir“ diýipdir.
Wamberi: “Türkmenler täsin adamlar. Olar her bir adamyň lebzine, sözüne ynanýarlar. Olarda birek-birege ynam etmezligem ýok, ýöne gözden düşäýseň, gaýdyp ynama girip bilmersiň, dat günüňe” diýip ýazypdyr. Orta asyr syýahatçysy Marko Polo ilki türkmen topragymyza syýahat edenden soňra, häzirki Türkiýä gidip, şol taýda mesgen tutan türkmenleriň arasyna baryp, bu uzak aralykda ýaşaýan pederlerimiziň däp-dessurynyň gaty meňzeşdigine haýran galyp: “Bular uzak ýerde ýaşasalaram, däp-dessurlary edil goňşular ýaly biri-birine meňzeş“ diýip ýazypdyr.
Türkmen topragyna syýahat eden gadymy-antik, hatda orta asyr syýahatçylaram ata-balarymyzyň gelin-gyzlara erkin garaýşynyň, beýleki halklardan tapawutlanýan däp-dessurynyň bardygyny edil dilleşen ýaly aýratyn belläpdirler.
Belli bir döwürde türkmençilige diniň, döwrüň ýa haýsydyr bir däp-dessuryň talaby hökmünde käbir edim-gylymlary girizmäge synanyşylan halatlary az bolmandyr. Ýöne türkmençiligiň kämilleşen däp-dessuryna laýyk gelmeýän edim-gylymlar nähili ýol bilen ornaşdyrylmaga çalyşylsa-da, ol düzgünleri türkmençilik kabul etmeýär. Elbetde, türkmençiligiňem döwre laýyklykda az-kem özgerýändigini inkär etmek bolmaz, ýöne ol özgerişler soňlugy bilen türkmençilik däp-dessuryny barha baýlaşdyrýar.
Şeýlelikde, meniň berk ynanjyma görä, din däl-de, türkmençilik däp-dessury türkmeni halk hökmünde kemala getiripdir. Pederlerimiz özleriniň asyrlarboýy toplan kämil däp-dessuryna laýyk gelýän dine, iň soňunda bolsa Yslama uýupdyrlar.
Gýotäniň ýazyşy ýaly, din her bir adamyň, adamzadyň jan, kalp pelsepesidir, emma türkmençiligiň kemala gelmeginde ata-babalarymyzyň asyrlarboýy toplan däp-dessury binýat bolupdyr.
Türkmençilik – pederlerimiziň müňlerçe ýyllap toplan kämil däp-dessuryndan emele gelen adamzat gatnaşyklarynyň jemidir.
Döwletmyrat Ýazgulyýew aşgabatly garaşsyz žurnalist, edebiýatçy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.