Tussaglykdaky gazak akiwisti azatlyga çykaryldy

Natalýa Sokolowa

Gazagystanyň Mangystau welaýatynda “Karajanbasmunaý” nebit kompaniýasynyň işçileriniň proteste çykmaklaryna sebäp bolan kärdeşler arkalaşygynyň öňki lideri Natalýa Sokolowa 10-njy martda möhletinden öň şertli tussaglykdan azat edildi.

Geçen ýylyň awgust aýynda gazagystanly nebitçileriň hukugyny goraýjy aktiwist, adwokat Nataliýa Sokolowa suduň çykaran kararyna laýyklykda, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Aktiwist zenan özüniň duýdansyz azat edilmegini aklawçylarynyň ýurduň Baş prokuraturasyna şikaýat etmegi bilen düşündürdi:

—Şu ýylyň fewral aýynda meniň aklawçylarym ýurduň Baş prokuraturasyna protest berdiler. 6-njy martda bolsa Ýokary suduň karary çykaryldy. Şol täze karar esasynda 6 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegim baradaky karar üýtgedildi-de, maňa 3 ýyl şertli iş kesildi. Şol 3 ýylyň dowamynda maňa jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanmak gadagan edilýär. Şu özgerişilikler esasynda men 7-nji martda azatlyga göýberildim.

Şol bir wagtda-da aktiwist zenan özüni aklaýan kararyň sud tarapyndan kabul edilmändigini gürrüň berdi.

Gazagystanyň “Alga” partiýasynyň ýolbaşçysy, häzir tussaglykda saklanýan Wladimir Kozlowyň aýaly, özi hem syýasy aktiwist Aliýa Turusbekowa Natalýa Sokolowanyň azat edilmeginiň sebäplerini Gazagystanda kanunlaryň işlemän, hemme meseleleriň diňe bir adamyň görkezmesi bilen çözülýändigi bilen düşündürdi:

—Häzir halkara jemgyýetçiligi, hususan-da, Ýewropa Parlamenti tarapyndan Gazagystana basyş görkezilýär. Şu hepdede Strasburgda Gazagystan bilen bagly rezolýusiýa kabul edilmeli. “Ak Orda” bolsa öz abraýy barada alada edýär.

Şeýle hem Turusbekowa Sokolowanyň gysga wagtyň içinde azat edilmeginiň häkimiýet başyndakylar üçin Strasburgda kabul ediljek rezolýusiýanyň näderejede möhümdigine şaýatlyk edýändigini Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna gürrüň berdi. Ol, amnistiýa yglan edilensoň hem, hukuk goraýjy aktiwist Ýewgeniy Žowtisiň ýene 15 günläp türmeden boşadylmandygyny, emma Natalýa Sokolowanyň diňe 3 günüň içinde azat edilendigini nygtady.

Žanaözen wakalary

Geçen ýylyň maý aýynda tussag edilen nebitçileriň ýuristi Natalýa Sokolowa gazak türmesinde 9 aýlap oturdy. Ol “sosial bulagaýçylyga meçew bermekde” hem ýygnakdyr-mitingleriň geçirilmeginiň tertip-düzgünini bozanlykda aýyplanypdy.

Käri boýunça ýurist, kärdeşler arkalaşygynyň öňki lideri Natalýa Sokolowa gazak kanunlaryna görä, nebitçilere tölenýän aýlyklaryň bolmalysyndan birnäçe esse azdygyny aýdyp, bu meseläni nebitçilere düşündiripdi.

Özleriniň aýlyk haklarynyň kanuna görä ýokarlandyrylmagyny talap eden nebitçileriň protesti ýedi aý dowam edip, ol geçen ýylyň dekabr aýynda gandöküşikli çaknyşyk bilen tamamlandy.

Gazak opozisiýasynyň liderleriniň biri, syýasatçy Žasaral Kuanyşalin Sokolowanyň azat edilmegini hoşallyk bilen garşy alyp, muňa gazak häkimiýetlerine görkezilen halkara basyşyň täsir edendigini belledi. Şol bir wagtda-da syýasatçy ýurduň içinde bolup geçýän wakalaryň hem Sokolowanyň gysga wagtda azat edilmegine täsirini ýetirendigini çaklaýar. Ol “Sokolowanyň azat edilmegi üçin Žanaözen wakasy bolmalymydy?” diýen sowaly orta atdy.

Geçen ýylyň awgust aýynda Sokolowa garşy sud seljerişligi geçirilende, gazagystanly nebitçiler Natalýa Sokolowanyň tussaglykdan boşadylmagyny talap edip, piket geçiripdiler. Olar ellerinde "Nataliýa Sokolowa azat edilsin!", "Gazak nebitçileri gullar däl!" diýen ýazgyly plakatlary göteripdiler.

Şonda müňleçe nebitçi ýurdy dolandyrýan “Nur Otan” partiýasynyň hataryndan çykypdy.

Žanaözen wakasy bilen bagly Gazagystanda onlarça adam hut Sokolowa bildirilen aýyplamalar esasynda, ýagny “sosial bulagaýçylyga meçew bermekde” aýyplanyp, tussag edildiler.

Ýurduň içindäki hem daşyndaky synçylaryň köpüsi beýleki aktiwistleriň hem Natalýa Sokolowa ýaly çalt azat edilmegine bil baglaýarlar.