Birleşen Ştatlaryň raýaty Antoni Mark Biançi 2009-njy ýylyň maý aýynda Moldowa we Rumyniýa ýörite ýaş-ýetginjekler bilen jynsy tanyşlyk üçin sapar etmekde günäli tapylyp, 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edileninde, onuň işine garan prokuror Maýkl Lewi şeýle diýipdi:
—Jyns turistleri wagşyçylykly pedofiliýanyň aýratyn tohumy. Kanunyň eli ýetmez, öz edýän jenaýat işlerine hiç kim üns bermez diýip pikir edýän ýerlerine gidere olaryň serişdeleri bar.
20 ýyl munda ozal Sowet Soýuzyndan garaşsyz bolaly bäri Moldowa şular ýaly wagşyçylykly maksatlar bilen sapar edilýän ýurtlaryň biri. Ol garyplyk we gowşak döwlet dolanyşygy bilen birlikde eksplutasiýanyň şular ýaly formalaryndan aýratyn ejir çekýär.
Moldowa Ýewropanyň iň garyp ýurdy, üstesine-de ondan aýrylmaga ymtylýan we 1992-nji ýyldan bäri hem iş ýüzünde garaşsyz region Pridnestr bikanun söwdanyň ähli görnüşiniň gülläp ösýän ýeri.
Soňky ýyllarda bolan biabraýçylykly wakalaryň artmagyndan howsala düşen kanun çykaryjylar öten hepde ýaşy 15-den aşak çagaralara edilýän jynsy zorlugy mejbury himiki kastrasiýa (derman sanjyp agta etmek) bilen jezalandyrmaly diýip ses berdiler.
Biabraýçylykly wakalar diýilýän çagalaryň jynsy gatnaşyk üçin ulanylmagy. Bu işlere goşulýanlaryň aglabasy Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň we Birleşen Ştatlarynyň raýatlary.
Bu kanuny taýýarlan “Liberal partiýanyň” agzasy Waleriu Munteanunyň aýtmagyna görä, ony bu ugurda işjeň herekete geçmäge getiren zat bu jenaýatyň aşa köp gaýtalanmagy, Moldowanyň jyns turizmi ýurduna öwrülip barýandygy bolupdyr:
—Gözegçilik edilen soňky iki ýyllykda 15 adam jenýat etdi. Olar özlerine berlen jezany çekip, türmeden çykdylar ýa-da häzirem türmeden otyrlar. Olar ondan soň hem ýene şular ýaly jenaýatlary etdiler. Psihologlar bular ýaly jenaýatlar ýene hökman gaýtalanar, sebäbi bu jenaýaty edýän adamlar kesel diýýärler. Galyberse-de, ýygnalan maglumatlaryň görkezmegine görä, Moldowa soňky ýyllarda, gynansak-da, Ýewropanyň ähli ýerlerinden jynsy jenaýatkärleriň gelýän ýurduna öwrüldi. Bu biziň üçin bir utanç. Olar bu ýere öz jynsy, haýwany isleglerini kanagatlandyrmaga gelýärler. Biz çagalary goramaly.
Dürli ýurtlar kabul etdi
Ors parlamenti şular ýaly bir kanuny 2011-nji ýylyň oktýabrynda kabul etdi. Türkiýede hem şular ýaly kanun öten ýyl parlamente hödürlendi, ýöne entek bolan zat ýok. Ermenistanda hem şular ýaly kanun kanun çykaryjylaryň garamagyna berildi.
Munteanu Moldowada 1-nji iýulda güýje girmeli täze kanunyň taslamasyny düzende bu ýurtlaryň hemmesiniň kanunlaryny derňäp öwrenipdir. Ýöne adam hukuklaryny goraýan toparlaryň köpüsi, ylaýta-da Moldowa ýaly sud sistemasyna ynanylmaýan ýurtda, mejbury himiki kastrasiýa garşy.
“Amnesty International” guramasynyň Kişinýowwdaky býurosynyň sözçüsi Niçita Gursew muny şeýle düşündirýär:
—Jenaýt kodeksine girizilen üýtgetmede himiki kastrasiýa sudda etmişli tapylan adam üçin bir mejbury bejeriş çäresi diýilýär, ýagny bu keseli bejerilýän adamyň razylgy soralman edilýän iş. Bu döwletiň bir adamyň gynalmagyny kanunlaşdyrmagyny aňladýar.
Ýöne spesialistler munuň testosteron derejesini aşaklatmak bilen islenýän netijäni berýändigini tassyklaýarlar.
Kanun çykaryjy Munteanu himiki kastrasiýanyň Moldowadaky jynsy ekspluatasiýa problemasyny çözüp bilmejekdigini bilýär:
—Şu günler içeri işler ministriniň we baş prokuroryň aýdýan zatlaryndan çen tutsaň, men munuň aýsbergiň diňe çür depesidigine şek-şübhe edemok. Bu ugurda bolýan jenaýatlar suwuň aşagynda ýatyr. Sebäbi moldowa obalarynda patriarhal pikirleniş höküm sürýär. Ene-atalar obalarda, biabraýçylykdan gaçyp, bular ýaly jenaýatlary aýtmaýarlar. Şol sebäpden bu hadysanyň, bu jenaýatyň gerimi biziň bilşimizden has giň.