Soňky wagtlar Türkmenistandan daşary ýurda çykmak örän kynlaşýar. Çünki Döwlet migrasiýa gullugy uçara münmäge sähelçe galanda yzyňa gaýtarýar, sebäbini bolsa aýtmaýar. Daşary ýurtlara çykyp bilmeýänleriň sany hem gün-günden köpelýär.
Aýdylmagyna görä, migrasiýanyň “gara sanawy” bar. Ol “gara sanawa” girmek aňsat, çykmak welin örän kyn. Şeýle “gara sanawa” giren raýatlaryň köpüsini Aşgabat şäher migrasiýa gullugynyň edarasynda her gün görmek mümkin.
Raýatlar näme sebäpden daşary ýurda çykyp bilmeýänligini öwrenmek üçin arza ýazmaly. Ýazylan arzanyň jogaby iň azyndan iki hepdeden gelýär, bolmasa bir aýa çenli uzaýar. Ol wagtyň içinde bolsa kynlyk bilen alnan wizalaryň möhleti tamamlanyp gidýänleri hem az däl.
Garaşylyp alnan jogapda hem takyk maglumat berlenok. Iki hepdeden gowrak garaşan raýatlaryň alýan jogaplary şeýleräk mazmunda: “Siziň 01.01.2012-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň adyna ýazan arzaňyzyň Gullugymyz tarapyndan doly öwrenilendigini we şol arzaňyzyň degişli edaralaryň garamagyna ugradylandygyny, şeýle hem arzaňyzyň netijesi boýunça Size goşmaça maglumat beriljekdigini habar berýäris”.
Elbetde, şeýle jogapdan raýatlar kanagat edenok we şäher migrasiýa gullugynyň başlygynyň kabul edýän günlerine ýazylýarlar. Oňa ýazylanlaryň biri hem 20 ýaşlaryndaky Berdimyrat boldy we öz nägileligini şeýle düşündirdi:
—Meniň Britaniýa gitmek üçin bir aýlyk okuw wizam bardy. Ol wizany hem ejem-kakam köp çykdaýjy edip, köp garaşyp aldyk. Indi häzire çenli “Meni näme sebäpden çykaraňzok?” diýsem, alýan jogabym diňe “Bolanok, bilemok, garaş!”. “Men Prezidente arza ýazjak” diýsem, “Hakyňyz bar” diýdi. Şonda men adyny soradym, ol bolsa “Şu ýeriniň başlygy” diýdi. “Bolýar onda, şeý diýip aýdaýaryn” diýip çykjak wagtym bolsa “Gaýrat et” diýip arkamdan söz atyp galan başlygyň orunbasary Meret aga bilenem problemam çözülmedi. Men indi okuwymyň köýenine gynanamok, ejem-kakamyň şondan soň kän bir ugry ýok – men şoňa gynanýaryn.
Beýleki raýat (göçüp barýan) Irina Wladimirowna iki ýaş çagasy bilen gelip, arzasyny ýazyp “Jogaba iki hepde garaşyň” diýilenden soň gaty geň galyp, gözüne ýaş doldy we “Siz näme meniň bilen oýun edip dursuňyzmy? Uçardana bir alyp galdyňyz, indem ýarym aý garaşdyrjak bolýaňyzmy? Meniň öýüm ýok, hasapdan çykdym” diýip aglap aýtsada, alan jogaby ýenede “Bolanok, bilemok, garaşyň!”
Migrasiýa gullugynyň nähili ýagdaýlarda çykarman saklap bilýändigini Aşgabat şäherinde işleýän hukukçy Annamyrat aga şeýle düşündirdi:
—Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 26-njy maddasy her bir raýatyň ondan oňa erkin hereket etmek hukugyny kesgitleýär. Erkin hereket etmek hukugy diňe kanun esasynda wagtlaýyn çäklendirilip bilner. Ol çäklendirmeler “Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmeginiň we Türkmenistana gelmeginiň tertibi hakyndaky” kanunyň 7-nji maddasynda görkezilen 8 sebäpden we “Türkmenistanyň migrasiýa hakyndaky” kanunyň 32-nji maddasynda görkezilen 11 sebäpden ybarat. “Türkmenistanyň migrasiýa hakyndaky” kanunyň 33-nji maddasynda bolsa, “Eger siziň ýagdaýyňyz 2-4,7-8 punktlara degişli däl bolsa, kazyýete ýüz tutup bilersiňiz” diýlip görkezilen.
Ýöne migrasiýa gullugynyň “gara sanawyna” düşenleriň arasynda kanunda görkezilen çäklendirmeleriň hiç birine dahyly bolmadyk raýatlar hem az däl. Bul barada hukukçy şeýle diýýär:
—Öz gezeginde migrasiýa gullugy sizi näme sebäpden saklandygy barada doly maglumat bermeli. “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň” 28-nji maddasynda kesgitlenişi ýaly, raýatlaryň döwlet syry bolmadyk islendik informasiýany almana haky bar. Ýagny, haýsy kanun esasynda size daşary ýurda çykmaga rugsat berilmeýändigini we haýsy dowlet edarasy tarapyndan sizi saklamaklygyň haýyş edilendigi, haçan we näçe wagtlyk çykmaga rugsat berilmeýänligi kagyz ýüzünde size doly we jikme-jik habar berilmeli. Ýogsam, çäklendirme hemişelik bolup biler, bu bolsa “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna” we erkin hereket etmegi kepillendirýän beýleki kanunlara ters gelýär.
Migrasiýa gullugynyň çäklemeleri daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplaryny hem çetde goýanok. Öýüne dynç almana gelen daşary ýurt ýokary okuw jaýynda okaýan ýaş talyp şeýle diýýär:
—Men geçen ýyl gelenimde hökmany ýagdaýda täze pasport almaly diýdiler, bu gezek bolsa okuwdan alyp galdylar. Men ýene bir ýarym ýyldan okuwymy gutarýan. Şeýle boljagyny bilen bolsam, tä okuwymy gutarýançam gelmezdim. Indi bolsa okuwdanam çykararlar, näme sebäpden saklanlarynam aýdanoklar. Haýsy edara barsaňam ondan oňa top depen ýaly edip ugradýarlar. Bular hiç-hili kanuna eýerenoklar. Aklyňa iň soňky gelýän pikir hem kanun bolaýmasa...
Umuman alnanda, bu ýagdaýy diňe gabaw diýip häsiýetlendirýärler. Aslynda türkmenler erkinligi söýýän halk. Muňa düşünmek üçin taryhymyzy we edebiýatymyzy okap görmek ýeterlikdir. Türkmenler özleriniň ýurdunyň bolmagyny arzuw edip gelipdirler. “Häzirki ýagdaý bolsa gabaw bolup, gabawyňam döwrebap görnüşi boldy. Halkymyz hem mundan bihabar bolup galdy” diýip, internet sahypalarynda ýaşlar öz dertlerini paýlaşýarlar.
Azat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň diňleýjisiniň ady ýa-da onuň edebi lakamy. Blog email arkaly ugradyldy. Azatlyk Radiosy şu ýerde agzalýan wakalara, berilýän maglumatlara güwä geçip bilmeýär, emma şuňa meňzeş wakalar barada özünde bar bolan takyk maglumatlary göz öňünde tutup, blogy okyjylara ýetirýär. Ondaky pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.