Eýranda parlamentiň 290 orny ugrunda tutuş ýurtda 3,400-den agdyk kandidat dalaş edýär. Ýöne möhümi bu dalaşa kimleriň gatnaşýanlygy däl-de, oňa kimleriň gatnaşmaýanlygy.
Gatnaşmaýanlar – 2009-njy ýylda prezident Mahmud Ahmedinejadyň jedelli ýagdaýda täzeden saýlanmagyna garşy köpçülikleýin protestleri gurnan "Ýaşyl Herekete" ýolbaşçylyk eden adamlar. Bular saýlawy boýkot edýärler.
"Ýaşyl Hereketiň" esasy ýolbaşçylary Mir Husseýn Musewi bilen Mehdi Karrubi öten ýyl halky oppozisiýanyň köpçülikleýin üýşmeleňine çagyraly bäri öý tussaglygynda saklanýarlar. Bu üýşmeleňe on müňlerçe protestçi gatnaşypdy.
Dalaşa girişmäge synanyşan beýleki reformaçylara bolsa konserwatiw "Gözegçiler Geňeşi" ýol bermedi. Geňeşiň başlygy Aýatolla Ahmad Jenneti dönükler diýilýän reformaçylaryň "gatnaşmagy gerek däl" diýdi.
Reformaçylardan saýlawa gatnaşýanlar şu wagt hem parlamentiň agzalary bolan bir kiçeňräk topar. Ýöne beýlekileriň arasynda-da bular bilen duýgudaşlyk edýän, emma muny daşyna çykaryp bilmeýän dalaşgärleriň bolmagy mümkin.
Muny ABŞ-nyň Jorjtaun uniwersitetiniň Eýran boýunça eksperti Şireen Huntar şeýle düşündirýär:
—Reformaçylaryň pikirleri ol ýerde bar. Käbir adamlar reformaçy ady bilen bu dalaşa goşulmasa-da, olaryň esasy pikirleri bilen duýgudaş (demokratiýa, kanunyň hökümdarlygy we şahsy erkinlikler).
Iki lageriň arasyndaky göreş
"Ýaşyl Hereket" saýlawdan çetleşdirilenligi sebäpli bu saýlaw konserwatiwleriň iki lageriniň arasyndaky göreş bolar. Bularyň biri prezidentlik möhleti 2013-nji ýylda soňlanýan Ahmedinejadyň tarapdarlary. Olaryň maksady – ol prezidentlikden aýrylansoň hem häkimiýeti öz ellerinde saklamak. Beýleki topar bolsa, Yslam respublikasynda däp boýunça hökümet organlaryna we ykdysadyýete agalyk edip gelen konserwatiwler. Ahmedinejad bularyň işlerini kynlaşdyrýar.
Bu lagerleriň ikisi-de özleriniň ýokary dini ýolýaşçy Aýatolla Ali Hameneýä sadykdyklaryny aýdýarlar. Ýöne olaryň arasynda Eýranda parlamentiň we prezidentiň güýç-gudratynyň näderjede bolmalydygy barada tapawutly pikirler bar. Muny Hunter şeýle düşündirýär:
—Hameneýiniň pozisiýasyny açyk sorag astyna alýan ýok. Gürrüň diňe onuň güýç-gudraty, parlamentiň güýç-gudraty barada barýar. Parlament bir karara gelmezden öň hem Hameneýiniň näme zady ileri tutýandygyny soramaly.
Ykdasydy meseleler barada hem konserwatiwleriň pikirleri deň gelenok. Ahmedinejadyň welaýatlara aýlanyp, problemalaryň çözülmegi üçin halka pul paýlamagy onuň tarapdarlarynyň sanyny artdyrsa-da, ykdysadyýeti planlaşdyrýanlary gaharlandyrýar.
Saýlawyň galplaşdyrylmagyndan gorkýanlar
Parlament saýlawlary Ahmedinejad 2009-njy ýylda täzeden saýlanaly bäri geçýän ilkinji saýlaw. Reformaçylar prezidentlik saýlawlarynyň netijeleriniň galplaşdyrylandygyny aýtdylar.
—Ýöne indi saýlawyň galplaşdyrylmagyndan gorkýanlar reformaçylar däl-de, konserwatiwler. Olar hökümet saýlaw işlerine garyşar diýip duýduryş berýärler—diýip, Jorjtaun uniwersitetinden Şaul Bahaş aýdýar.
Eýranyň ýadro krizisinde bolsa saýlawlardan soň hem üýtgän zat bolar diýip pikir edilenok. Sebäbi Eýranyň daşary syýasaty barada konserwatiwleriň arasynda ylalaşmazlyk ýok. Hökümet özüniň ýadro programmasynda berk dur.
Günbatar Tähranyň bu programma daýanyp, atom ýaraglaryny öndürmäge synanyşýandygyny aýdýar. Eýran hem onuň diňe energiýa öndürmek üçindigini gaýtalaýar.

Hameneýiniň pozisiýasyny açyk sorag astyna alýan ýok. Gürrüň diňe onuň güýç-gudraty, parlamentiň güýç-gudraty barada barýar.Şireen Huntar
Bu lagerleriň ikisi-de özleriniň ýokary dini ýolýaşçy Aýatolla Ali Hameneýä sadykdyklaryny aýdýarlar. Ýöne olaryň arasynda Eýranda parlamentiň we prezidentiň güýç-gudratynyň näderjede bolmalydygy barada tapawutly pikirler bar. Muny Hunter şeýle düşündirýär:
—Hameneýiniň pozisiýasyny açyk sorag astyna alýan ýok. Gürrüň diňe onuň güýç-gudraty, parlamentiň güýç-gudraty barada barýar. Parlament bir karara gelmezden öň hem Hameneýiniň näme zady ileri tutýandygyny soramaly.
Ykdasydy meseleler barada hem konserwatiwleriň pikirleri deň gelenok. Ahmedinejadyň welaýatlara aýlanyp, problemalaryň çözülmegi üçin halka pul paýlamagy onuň tarapdarlarynyň sanyny artdyrsa-da, ykdysadyýeti planlaşdyrýanlary gaharlandyrýar.
Saýlawyň galplaşdyrylmagyndan gorkýanlar
Parlament saýlawlary Ahmedinejad 2009-njy ýylda täzeden saýlanaly bäri geçýän ilkinji saýlaw. Reformaçylar prezidentlik saýlawlarynyň netijeleriniň galplaşdyrylandygyny aýtdylar.
Indi saýlawyň galplaşdyrylmagyndan gorkýanlar reformaçylar däl-de, konserwatiwler.Şaul Bahaş