Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyny gaýtalaýan gümürtik saýt

Bu saýtda Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň maglumatlaryny okamak üçin internetden peýdalanýanlar öz atlaryny, e-mail adreslerini hem açar sözüni aýan etmeli.

Ýakynda internetde Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugyny gaýtalaýan ýörite websaýt açyldy. Şeýle saýtlar käbir halatlarda haker hüjümlerinden goranmak üçin döredilýär. Ýöne käbir repressiw ýurtlarda, belli bir saýtyň taýy ýasalyp, soňra ol saýta girýän adamlar barada maglumat toplamak üçin ulanylýar.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň nusgasy bolan ozod.orca.uz saýtynyň Azatlyk Radiosynyň okyjylary barada maglumat toplamak üçin açylan bolmagy ähtimal. Bu ýasama saýtda Azatlyk Radiosynyň hemme original belgileri ulanylýar.

Bu saýtyň döredilendigi Özbek gullugyna belli bolansoň, ol 14-nji fewralda petiklendi. Köplenç original saýtlaryň goşmaça nusgasy ýasalyp, hakerleriň (DDoS) diýlip atlandyrylýan hüjümleriniň öňi alynýar. Ýöne Özbegistan ýaly repressiw ýurtlarda şeýle ýasama saýtlar arkaly Azatlyk Radiosynyň okyjylary barada maglumat toplanyp bilner.

Bu saýtda Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň maglumatlaryny okamak üçin internetden peýdalanýanlar öz atlaryny, e-mail adreslerini hem açar sözüni aýan etmeli. Bu saýtyň baş sahypasynda Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň öň ulanan, 2005-nji ýylda Andijan wakalaryndan soň bolsa doly petiklenen proksi adresleri hem berilýär. Şeýle hem bu saýtda habarlaşmak üçin Ozodlik Radiosynyň iki e-maily hem-de bu Radio hiç dahyly bolmadyk yangilik@bk.ru e-mail adresi ýerleşdirilipdir.

Ýakynda näbelli bir adam Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen e-mail we Skype arkaly baglanyşyp, Ozodlik Radiosyna taý boljak ýene bir saýt açylsa saýtyň howpsuzlygyny has berk üpjün edip boljakdygyny teklip edipdi. Ýöne Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy onuň bu teklibini ret etdi.

Berlinde ýaşaýan hem adynyň agzalmagyny islemedik bir kompýuter hünärmeni şol adamyň özüne-de jaň edip, Özbegistanyň Milli howpsuzlyk gullugy bilen hyzmatdaşlyk etmäge yrandygyny gürrüň berdi.

Özbegistanda “uz” domeýninde saýt açmak üçin pasportdaky maglumatlaryň talap edilýär. Bu domeýn özbek häkimiýetleriniň gözegçiliginde diýlip hasaplanýar. Şol sebäpli-de garaşsyz saýtlaryň köpüsi Özbegistanyň daşynda hasaba alynýar. Dünýäde senzura gözegçilik edýän “OpenNet Initiative” guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, “uz” domeýnine “ýerliksiz” diýlip hasaplanan maglumat ýerleşdirilen halatynda, şol saýtyň eýesine lisenziýasyz galmak howpy abanýar.

“Orca.uz”

“Orca.uz” internet saýtyny ýerleşdiren kompaniýanyň wekili Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen söhbetdeşlikde öz domeýnlerinde islendik saýtyň hasaba alynmagyna ýol berilýändigini aýtdy.

—Biziň hiç kimi yzarlamak ýa-da çäklendirmek niýetimiz ýok. Ýöne, belli bir websaýtyň mazmuny özbek kanunlaryna çapraz gelse ýa-da porno saýt bolsa, onda biz ony aýyrmaga mejbur.

Elbetde, bu saýt ýagşy niýet bilen hem döredilip bilnerdi. Emma garaşsyz “uznews.net” saýtynyň redaktory Galima Bukarbaýewa original saýtyň goşmaça nusgasyny döredip senzuranyň öňüni alyp bolmagajyny aýdýar:

—Biz original saýtymyzyň kopiýasyny döretsek-de, az wagt geçensoň, ol hem petiklenýär. Başga IP adres alsagam, barybir bir salymdan soň saýt petiklenýar.

Belli bir websaýt Özbegistanyň howpsuzlyk gullugy bilen baglanşykda bolsa, onda şol saýt arkaly oňa girýän başgaça pikirlenýän adamlar baradaky maglumatlar organ işgärlerine elýeterli bolup biler. Ýa-da bu saýtyň okyjylarynyň IP adresi boýunça olaryň nirededigini anyklap bolar.

Özbegistanly käbir çeşmeler ýurduň howpsuzlyk gulluklarynyň özlerini çagyryp, garaşsyz hem oppozisiýa degişli saýtlaryň goşmaça nusgasyny ýasamagy haýyş edendigini Ozodlik Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdylar.

Dünýäde senzura gözegçilik edýän “OpenNet Initiative” guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, Özbegistan iň berk senzura ýöredýän ýurtlaryň hataryna girýär. Özbegistanda howpsuzlyk güýçleriniň internet kafelerdäki we beýleki ýerlerdäki internete girip, ulanyjylaryň näme bilen meşgullanýandygyny jikme-jik barlaýandygy habar berilýär.

Şeýle hem özbek häkimiýetleri dürli meseleler boýunça pikir alşylýan sosial ulgamlardan ýaşlaryň ünsüni başga tarapa sowmaga synanyşýarlar. Bu maksatlar bilen 2011-nji ýylyň awgust aýynda “Mulogot”, ýagny dialog atly “Facebook” saýtyna meňzeýän sosial ulgamy döredildi. Oňa girmek üçin bolsa Özbegistandaky telefon nomeriňi ýazmak talap edilýär.

Ýöne Özbegistan öňki sowet giňişliginde garaşsyz ýa-da oppozision saýtlaryň taýyny döredip, halkyň ünsüni başga zatlara gönükdirmäge synanşýan ýeke-täk ýurt däl. Mysal üçin, 1990-njy ýyllarda Gazagystanda oppozisioner Akejan Kajegeldiniň websaýtynyň kopiýasy döredildi. 1990-njy ýyllarda ýurdy terk eden Gazagystanyň öňki premýer-ministri öz saýtynda hökümete tankydy maglumatlary ýerleşdiren bolsa, bu saýtyň gazak häkimiýetleri tarapyndan döredilen nusgasynda syýasata degişli bolmadyk, söwhunly tomaşa degişli maglumatlar ýerleşdirildi.

2010-njy ýylda Belarusda geçirilen prezidentlik saýlawlary döwründe hem garaşsyz, bitarap websaýtlaryň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň goşmaça nusgalary ýasaldy.

Şol galp saýtlarda Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň özgerdilen maglumatlary ýerleşdirildi. Proteste gatnaşmak isleýän adamlary azaşdyrmak üçin, protestleriň geçiriljek ýeri hem wagty barada ýalan maglumatlar berildi.