Ýo! Türkmen repçileri seresaplylyk bilen hereket edýärler

Türkmenistanda rep sazyny ýazmagyň we ýaýratmagyň garşysyna hökümetiň alyp barýan çärelerine garamazdan, türkmen rep toparlary barha bat alýarlar. Türkmen ýaşlary rep aýdymalarynyň üsti bilen özleriniň gündelik durmuşlaryndaky kynçylyklary, şeýle-de syýasata bolan garaýyşlaryny äşgär edýärler.

Türkmen rep aýdymlarynyň sözleri mazmuny boýunça edil “gangsta” ugry diýilýän rep sungatyna onçakly bir ýakynlaşman hem biler. Ýagny, köp rep aýdymlarynda yzy üzülmeýän paýyş sözleriň üsti bilen aýdylýan, syýasy ýa-da jemgyýetçilik durmuşynda özgerişleri geçirmegiň zerurdygy ýaly zatlar ýok.

Ýöne dünýäniň iň ýapyk we repressiw döwleti hasaplanýan Türkmenistanda, hatda seresaplylyk bilen saýlanyp alnan sözleriň üsti bilen aýdylýan rep aýdymlary hem ýurduň awtoritar režimine howp salyp biljege meňzeýär.


http://www.youtube.com/embed/DYcdSLNr9Wc

Gözenegiň aňyrsyna düşmek howpy hem türkmen rep toparlarynynyň badyny gowşadanok. Ýurtda gitdigiçe rep aýdymçylary köpelip, olar hökümet tarapyndan girizilýän gadagançylyklary hem aýdymlarynda belläp geçýärler.

Türkmenistanda rep aýdymlaryny ýazgy etmek we ýaýratmak boýunça resmi taýdan hiç hili gadagançylyk ýok. Emma soňky wagtda çyzykdan çykan aýdymçylaryň düşen güni repçileri seresaplylyk bilen hereket etmäge iterýär. Ençeme rep toparlary öz aýdym-sazlaryny gizlinlikde ýazgy edip, olary “YouTube” internet saýty ýa-da mobil telefonlary arkaly jemgyýetçilige ýetirýärler.

http://www.youtube.com/embed/1Au4CLi9APQ

Germaniýada ýaşaýan türkmen žurnalisti Tahyr Şir Muhammediň bellemegine görä, Türkmenistanda ýaşlar repiň üsti bilen hökümetiň repressiýalaryna garşy özleriniň nägileliklerini belli bir derejede bildirýärler.

Geçen ýyl Türkmenistanyň iň öňdebaryjy rep aýdymçylarynyň biriniň tussag edilip türmä basylmagy, resmileriň türkmen repçilerine garşy edýän sütemlerini aýdyň görkezdi.

Maglumatlar juda bulaşyk. Ýöne, resmi bolmadyk çeşmelerden alnan informasiýa görä, Maro lakamy bilen has gowy tanalýan Maksat Kakabaýew geçen ýylyň ýanwarynda Aşgabatda tussag edilip, 15 gün deslapky tussaghanada saklanypdyr. Mundan soň Maro iki ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Resmiler häzire çenli Maronyň tussag edilmegi ýa-da türmä basylmagy boýunça hiç hili düşündiriş bermän gelýärler. Ýöne, Tahyr Şir Muhammediň bellemegine görä, Maronyň Türkmenistanda döwlet tarapyndan kabul edilen ideologiýa ýörelgelerinden çykyp, aýdym-saz bilen meşgullanyp başlamagy onuň tussag edilmegine sebäp bolupdyr.

Maronyň “Oýan” atly aýdymynyň onuň tussag edilmegine sebäp bolandygy aýdylýar. Çaklamalara görä, türkmen resmileriniň bu aýdyma ýurtda aýaga galmaga çagyryş hökmünde hem düşünen bolmagy mümkin.

Maro türkmen resmileri tarapyndan gysaja salnan sungat işgärleriniň ilkinjisi däl. Türkmenistanyň ozalky baştutany Saparmyrat Nyýazow ýurtda Günbataryň döredijiligini, ýagny baledi, operany, sirk oýunlaryny dolulygyna gadagan etdi diýen ýaly. Nyýazowyň şonda nygtamagyna görä, olar "türkmen medeniýetine ters gelýän ugurlar".

2006-njy ýylda Nyýozow öleninden soň, häkimiýete Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçmegi bilen, ýurduň sungat we medeniýet äleminde üýtgeşmeleriň boljakdygyna umyt bardy. Emma wagtyň geçmegi bilen bu umytlar hem puja çykdy.