Türkmen metbugatynda berlen maglumatlarda 12-nji fewralda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň dünýä metbugatynda uly gyzyklanma döredendigi aýdylýar.
“Türkmenistan. Altyn asyr” internet saýty saýlawlar geçirilen güni ýurduň saýlaw uçastoklarynda daşary ýurt habar serişdeleriniň wekilleriniň köp bolandygyny habar berdi.
Ýöne, Azatlyk Radiosyna gowşan maglumatlara görä, daşary ýurtlarda döredilen saýlaw uçastoklaryna garaşsyz, bitarap habar gulluklarynyň žurnalistleri goýberilmediler. Olaryň arasynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary hem bar.
Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýmerdanguly Myrady 12-nji fewralda Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasyna daşyndan syn edendigini, içine girmek üçin özünden ýörite akkreditasiýanyň talap edilendigini gürrüň berdi:
—Men saýlaw gününde gelip reportaž taýýarlamaga mümkinçilik barmy diýip, ilçihananyň wekillerine ýüzlendim. Olar Merkezi saýlaw komissiýasyndan rugsat alyp, soň geip bilersiň diýdiler. Şonuň üçin, ilçihananyň içine baryp, ol ýerden habar berip bilmedim.
Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky habarçysy Gözel Hudaýberdiýewa bolsa saýlaw uçastogyna baryp, ol ýerden saýlawlaryň geçişi barada maglumat bermek üçin Moskwadaky ilçihananyň rugsadynyň zerurdygy aýdylypdyr:
—Men 12-nji fewralda Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynda geçirilen ses berişlige syn edip bilmedim. Ilçihananyň işgäri Ahmet ses berişlige syn etmek üçin, umuman, ilçihananyň içine girmek üçin ilçihananyň ýörite akkreditasiýasynyň bolmalydygyny düşündirdi.
Şol bir wagtda-da akkreditasiýa almak üçin näme etmeliginini ilçihananyň wekili düşündirmändir.
Azatlyk Radiosynyň Moskwadaky habarçysy Gözel Hudaýberdiýewa saýlawlardan birnäçe hepde öň ilçihanadan rugsat amlaga synanyşandygyny, ýöne özüniň bu synanyşyklarynyň başa barmandygyny aýdýar:
—Ilçihanada maňa akkreditasiýa almak üçin bu edaranyň wekili Aleksandr Sankow bilen gepleşmelidigimi aýtdylar. Emma jenap Sankowyň ne iş telefony, ne-de mobil telefony jogap berdi. Men ony tapyp hem bilmedim.
Türkmen resmileriniň garaşsyz, bitarap žurnalistlerden howatyrlanmagy netijesinde daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen raýatlaryna maglumat gaty çäkli ýetirilendigi aýdylýar. Şol sebäpli hem Türkiýede ýaşaýan müňlerçe türkmen iş migrantlary bu saýlawlara gatnaşmadylar diýip, Türkiýede işläp ýoren türkmen raýaty Rozybaý Jumamyradow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy:
—Eger ilçihana şu saýlawlaryň geçiriljegi barada belli gazet-žurnallar ýa telewideniýe arkaly bärdäki raýatlara maglumat ýetiren bolsady, onda raýatlarymyz saýlawlara gatnaşardy, men hem gatnaşardym.
Türkmenistanda prezidentlik saýlawlaryny geçirmek üçin daşary ýurtlarda jemi 29 saýlaw uçastoklarynyň döredilendigi habar berlipdi.
Metbugatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp ýaýradylan maglumatda daşary ýurtda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň bu saýlawlara aktiw gatnaşandyklary aýdylýar.