Saýlawlar guramaçylykly, emma...

Türkmenabadyň ýaşaýjysy: "Men ol ýerde bir adamyň tutuş maşgalasy üçin ses berenini-de gördüm. Bu hemişe edilýän zat".

Lebap welaýatynyň oba-şäherlerinde irden sagat 7:00-de ýaňlanyp ugran aýdym-sazyň owazy Türkmenistanyň prezidentligine saýlawlaryň başlanýandygyny saýlawçylara ýene bir gezek ýatlatdy.

Irden sagat sekiz bolmaga 10-15 minut galanda, saýlaw uçastoklarynda gysgajyk mitingler, ýygnaklar başlandy . Olarda ýerli häkimiýetler, öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri, ýaşuly saýlawçylar çykyş edip, ýygnananlary ýurduň durmuşyndaky möhüm syýasy waka bilen gutladylar.

Soňra saýlaw komissiýasynyň agzalary we her saýlaw uçastogyna bellenen üç sany milli synçy öz ýerlerine geçip oturdular. Gelen saýlawçylara býulletenler paýlanyp ugraldy.

“Tutuş maşgalasy üçin ses berdi…”

Türkmenabat şäheriniň saýlaw uçastoklarynyň birinde ses beren bir ýaşuly saýlawçy şeýle diýdi: “Ir sagat 10-da saýlawdan geçdim. Häzirki prezidentimiz

Howanyň çakdanaşa sowukdygyna garamazdan, saýlaw uçastoklarynda açyk howada konsertler hem gurnaldy. Aşgabat, 12-nji fewral, 2012.

Berdimuhamedowa ses berdim. Şundan gowy kandidat hem ýok. Howanyň sowuklygyndan bolsa gerek, irden saýlaw uçastogyna gelen saýlawçylaryň sany köp däldi. Men ol ýerde bir adamyň tutuş maşgalasy üçin ses berenini-de gördüm. Bu hemişe edilýän zat. Başga göze dürtülip duran düzgün bozmalary görmedim”.

Irden ýerli saýlaw uçastoklaryna gelenleriň arasynda ilkinji gezek saýlawdan geçýän ýaş saýlawçylar-da az däldi. Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň ýaşaýjysy Hurmagül hem şol ýaşlardan biri.

Ol bu saýlawlar baradaky täsirleri hakynda şeýle gürrüň berdi: “Men, umuman, saýlawa birinje gezek ses bermäge gatnaşýaryn. Men saýlawda kimiň ýeňjekdigini bilip dursam-da, barybir, ses berdim. Bu saýlawlarda ýönekeý adamlara hiç zat bagly däl. Ýöne wagt geler, biziň ýurdumyzda-da hakyky, demokratik saýlawlar geçiriler. Şonda ýolbaşçyny halkyň özi görkezer, özi saýlar. Men muňa berk ynanýaryn”.

Baýramçylyk sadakasy-da berildi

Ýerli wagt bilen sagat 11 töweregi Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk (ozalky Boýnuzyn) etrabynyň 7-nji saýlaw uçastogynyň öňi has köp adamly eken. Howanyň sowukdygyna garamazdan, adamlaryň ýüz-gözünden baýramçylyk ruhy duýulýardy.

Ol ýerde bize günortan saýlawlar bilen baglanyşykly baýramçylyk sadakasynyň-da beriljekdigini aýtdylar we oňa çagyrdylar. Bu etrabyň 8-nji saýlaw uçastogynda bolsa, sagat 12-ler töweregi eýýäm saýlaw spisogyndaky saýlawçylaryň 60-70 prosent töwereginiň ses berendigini aýtdylar.

Aýlanyp gören saýlaw uçastoklarymyzyň ählisinde saýlawlaryň geçişine milli synçylar gözegçilik edýärdi. Käbir saýlaw uçastoklarynda bolsa, GDA-nyň halkara synçylarynyň gelmeklerine-de garaşýandyklaryny aýtdylar.