“Derdiňi enä goýmasaň!”

Gurbannazar enesine, şeýle ir gitjegini gaty öňünden bilen ýaly, “meni hiç bir zatdan gorap bilmedik ýalňyz enem” diýip ýüzlenipdi.

1998-nji ýyldady, men Norwegiýada Saddam Hüseýin sebäpli Yrakdan gaçan türkmenleriň biri bilen tanyşdym. Ol: “Ýüregimde dag galdy, yzymda enem ýogaldy” diýdi. Soňundanam, “Indi yrakly eneleriň hemmesi meniň enem ýaly, barsam ellerinden öperin” diýdi.

“Gurbannazaryň ejesi Gülnabat eje 90 ýaşady” diýenlerinde, men şol yrakly türkmeniň sözüni ýatladym, “enemiziň ýaş toýy gutly bolsun, barsak ellerinden öperis!” diýdim.

Gülnabat eje, Gurbannazaryň biwagt ölüminden soň, ogly bilen tirkeşen, ýa-da onuň özüni görmän, goşgularyna aşyk bolan türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň hemmesiniň enesi ýaly boldy.

Magtymguly “Är ýanyna är ger mylakat tapsa, ýüz tapmasa gelmez çagyrmak bilen” diýipdir. Gurbannazar ýogalandan soň, belli-belli günlerde ýa wagtal-wagtal Gülnabat ejä salama barmagy parz bilen adamlar, ozal öz eziz şahyrlarynyň özünden hem goşgularyndan mylakat tapan bolsalar, soň şeýle ogly dünýä beren eneden mylakat tapdylar. Ol öz gapysyndan gelýän adamlaryň hemmesiniň adyny bilýärdi we ol atlary türkmen enesine mahsus süýjülik bilen tutýardy.

Gülnabat eje

Men, 1982-1998-nji ýyllar aralygynda, galamdaş ýoldaşlarym bilenem, ýeke özümem Gurbannazarlara, Gülnabat ejelere ençeme gezek barypdym. Dogrusy, muny öz aramyzda gürrüň edip ýörmesegem, Gurbannazaryň girip-çykan işigi biz üçin mukaddeslikdi. Biz üçin ikinji bir mukaddeslik bolsa, türkmen edebiýatynda rewolýusiýa eden şahyryň nurana kalply, örän mert ejesidi. Biz onuň hiç wagt ejizlänini görmändik. Ol, megerem, ogul hasratyny ýüreginiň çuňunda saklap, oňa bolan buýsanjyny, Gurbannazaryň çagalaryna we goşgularyna bolan guwanjyny galan ömrüne güýç-kuwwat edinmegi başarypdy.

1997-nji ýylyň aýaklarynda bolsa gerek, bir gün hudožnik Baýram Lallygyň “Ene” diýen grafiki işini ýene bir gezek görmek üçin, onuň ussahanasyna bardym. Ol enäniň ýüz-gözünden türkmen eneleriniň gören ähli görgüsi, şol bir wagtda-da hiç wagt ejizlige per bermejek merdanalygy “mesaňa” diýip, açyk görnüp duran ýalydy. Onsoň, Baýram Lallygyň ussahanasyndan çykyp, Gülnabat ejä-de salam berip geçeýin diýdim, sebäbi aralyk gaty golaýdy.

Barsam, Gülnabat eje ýaňy bir çäýnek çaýy öňüne alan eken. Halnabat gelneje maňa-da bir käse äberdi. Nämeden, nädip gürrüň çykanyny bilemok, ýöne şonda Gülnabat ejäniň ogly hakda aýdan bir detaly meniň gözümiň öňünde şahyr bilen enäniň owadandan näzik bir kartinasyny janlandyrdy.

“Gurbannazar bir gün işden gelip, täze gazetleri ýanyma taşlady-da, eşiklerini çalşyrmaga ýöneldi. Menem, endikdir-dä, aňyrsyna öwrüleninden gazetlere elimi uzadypdyryn. Ol birden yzyna öwrüldi-de, oýunjagy alynjak bolunýan çaga ýaly, gabanjaň äheňde: “Bäh, eje, senem-aý, gazetlere ilki men göz aýlaýaýyn-da...” diýdi.”

Soň bu ajaýyp kartina, biri-birinden beter täzelige teşne, biri-birinden beter gazet okamaga howlugýan, hatda ony biri-birinden gabanýan we gowulykda hem gowulyga teşnelikde biri-birini gaýtalaýan, biri-biriniň dowamy bolan iki sany gözel ynsanyň ýüregimde galan täsin suraty barada gürrüň beremde, ýazyjy Nargylyç Hojageldi: “Şeýle gazet okaýan eneler köpräk bolan bolsa, biz bu günlere düşmezdik” diýipdi.

Gurbannazar Ezizow

Kän soň, günorta afrikaly ýazyjy Oliw Şraýneriň “Bu ulaltma däl, beýik enesiz beýik är bolýan däldir” diýen sözleriniň üstünden gelip, bu kartinany ýene bir gezek ýatlapdym.

Gurbannazar “Goýsaň, goýsaň, köp zat goýsaň, derdiňi enä goýmasaň” diýip ýazypdy. Ýöne ol heniz 35-em ýaşamanka “enelere üleşikde şu paýyň”, ýagny derdiň düşýändigini görüp hem aýdyp bilipdi. Gurbannazaryň başga bir goşgusynda bolsa şeýle setirler bardy:

“Bu dünýänin bir ajaýyp, bir gazaply kanuny bar.
Bolmaly, bolmasyz zatlar enä hiç geňes salmaýar.”


Gurbannazar enesine, şeýle ir gitjegini gaty öňünden bilen ýaly, “meni hiç bir zatdan gorap bilmedik ýalňyz enem” diýip ýüzlenipdi.

“Özüni bilen weli” diýýärler. Belki, şahyrlyk hem belli bir derejede welilikdir. Eger şeýle bolmasa, Gurbannazar Eziz “Watan üçin baş goýýarlar ogullar, Bärde enelermiz galýarlar ýetim” diýip ýazarmydy.

Elbetde, aýralyk agyr. Ýöne türkmen “Biribaryň edenine şükür” diýýär. Tüweleme, türkmene beýik şahyr beren Gülnabat eje ýeke däl, oňa hudaý Gurbannazaryň çagalarynyň arasynda, ulus iliň içinde ýene uzak ömür bersin.