Gadym döwürde bir patyşanyň: “Iň süýji hem ajy zat näme” diýen iki sowalyna bir akyldaryň “Dil” diýip jogap beren tymsaly köpleriň ýadyndadyr. Dogrudanam, hekaýatda akyldaryň aýdyşy ýaly, adamlar biri-birine hoşamaý sözleri aýdyp, goldaw berende, dil süýji zada öwrülýär. Birek-birege kineli sözler aýdylanda bolsa, dilden ajy zady tapmak kyn bolsa gerek.
“Ýerni bilip sözleseň, ýüzüň nury dökülmez...” diýen pähime gulluk eden pederlerimiz elmydama nesillerimize gysgadan, manyly sözlemegi ündäpdir. “Ýagşy söz ýylany hininden çykarar” diýen nakyl bolsa halkymyzyň çeper söze uly hormat goýýandygyny şeksiz subut edýär.
Käbir ýazyjy-şahyrlaryň kämil eserleri, şygyrlary söze aýratyn hormat goýýan adamlaryň ykbalyny bütinleý özgerdipdir. Mysal üçin, Aleksandr Makedonly hakyndaky taryhy rowaýatlaryň Jelaletdin Meňburnynyň basybalyjy Çingiz hanyň garşysyna ýan bermän, gaýduwsyz söweşmegine teselli güýç bolandygyny onuň kätibi Muhammet Nusaýly ýazýar.
On ikinji asyrda ýaşan alym we şahyr Nyzamy Aruzy “Çaher makala” atly eserinde bir topbak çeper şygryň adam ykbalyny nähili özgerdýändigini beýan edip, şu maglumaty beripdir: Ahmet Abdylla Hüjestanydan "Sen ýönekeý eşek çopanydyň, nädip birden Horasanyň häkimi bolduň oturyberdiň" diýip sorapdyrlar welin, ol şeýle jogap beripdir: "Men eşek çopany bolsamam, çeper şygyrlary okamagyň muşdagydym, kiçilikde hat öwrenipdim, bir gün Hanzaly Bathyzynyň:
Şir agzynda bolsa-da, häkimligiň, şöhratyň,
Çekinme, al olary şiriň ýazdyryp äňin.
Uly abraý alarsyň, eger getirse bagtyň,
Ýa ölersiň hakyky ärleriň ölşi deýin-
(Terjimesi Nazar Gullaýewiňki)
- diýen bendini okadym. Bu şygyr maňa şeýle bir täsir etdi. Men derrew eşeklerimi satyp, at-ýarag edinip, emir Ýakup ibn Leýsiň inisi Aly ibn Leýsiňkide esger bolup hyzmata başladym, janymy orta goýup gaýduwsyzlygym bilen kem-kemden ýokary galyp, Horasanyň häkimi boldum. Meniň ykbalymy bir topbak şygyr özgertdi".
Sözüň gudraty diňe bir adam ykbalyny özgertmän, tutuş halkyň medeniýetiniň, sungatynyň kemala gelmegine, bütinleý özgermegine hem täsir edýär. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň we ondan soň ýaşap geçen nusgawy şahyrlarymyzyň kämil döredijiligi, olaryň çeper şygyr sungaty halkymyzy bitewişleşdirdi diýsem, köpler ylalaşsa gerek.
Umuman aýdanyňda, Nyzamy Aruzynyň dokuz ýüz ýyl mundan öň welilik bilen ýazyşy ýaly, wagtyň geçmegi bilen beýik-beýik ymaratlar, köşgi-eýwanlar weýran bolýar, hatda soňlugy bilen adamlar beýik, owadan bolan ymaratlaryň yzynam görkezip bilenoklar, emma ozüne çeper söz köşgüni salnan adamlar adamzat ýaşasa ýaşaýarlar. Çünki çeper söz ynsanyň kalbyny jadylaýjy gudratdyr.
Döwletmyrat Ýazgulyýew aşgabatly garaşsyz žurnalist, edebiýatçy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.