Eýranly gyzyň bedeni eýranlylary aňk etdi

Eýranly belli aktrisa Golşifteh Farahani Wenesiýadaky halkara kino festiwalynda. Wenesiýa, 3-nji sentýabr, 2011.

Häzirki wagt Parižde ýaşaýan eýranly aktrisa Golşifteh Farahani Fransiýanyň žurnallarynyň birinde ýalaňaç görnüşde surata düşdi we suratlaryny özüniň “Facebook” sosial ulgamynda ýerleşdirdi. Farahaniniň bu hereketini käbirleri batyrlyk diýip, öwse, käbirleri muny berk ýazgardylar.

Geçen ýyl Eýrandan Fransiýa göçüp baran Golşifteh Farahaniniň sözlerine görä, eýranly resmiler oňa öýüne dolanmaly däldigini aýdypdyrlar. Ol bu hakda şeýle gürrüň berýär: “Eýranyň Medeniýet we yslam ýörelegleri ministrliginiň bir resmisi maňa ‘Eýranda aktýorlaryň ýa-da aktrisalaryň geregi ýok. Sen öz artistligiňi başga ýerde dowam etdiriber’ diýdi”.

Golşifteh “pynhanlygy” açdy…

Farahani Fransiýanyň “Madame Le Figaro” žurnaly üçin ýalaňaç görnüşde surata we wideo düşdi. Bu Golşifteh Farahaniniň Leonarda di Kaprio bilen birlikde Golliwudyň

Golşifteh Farahani Golliwudyň “Beden ýalanlary” atly filminde belli amerikan aktýory Leonarda di Kaprio bilen birlikde. 2008.

“Beden ýalanlary” filmi boýunça ýola goýan proýetkleriniň biridi. Bu proýektde aktýorlar we aktrisalar ýalaňaçlanyp, beden we medeni azatlygy mahabatlandyrýarlar.

Suratda Farahaniniň elinde diňe bir ýüzük bolup, ol göwüslerini eli bilen ýapyp, tomaşaça tarap näzli nazar bilen seredýär. Wideo böleginde bolsa, ol beýleki fransuz aktýorlary we aktrisalary bilen birlikde peýda bolup, özüniň bir göwsüni açyp görkezýär.

Gürrüňi edilýän surat we wideo ýazgysy gysga wagtyň içinde pars dilindäki sosial ulgamlara geçirlip, eýranlarylaryň arasyna-da ýaýradyldy.

“Ine, meniň hukugym diýýär”

Germaniýada ýaşaýan eýranly žurnalisti Mariam Mirza bu bolan waka özüniň oňyn nukdaýnazardan baha berýändigini aýtdy.

Ol “Men suraty görenimden soň, ilkinji aýdan zadym ‘Berekella, Golşifteh!’ boldy.

Fransiýanyň “Madame Le Figaro” žurnalynda çap edilen Golşifteh Farahaniniň suratlaryndan biri.

Ýalaňaçlanyp surata düşmek bilen, ol öz bedeniniň diňe onuň özüne degişlidigini nygtady. Biz köp ýyllar bäri basyş astynda ýaşaýarys. Ahlak polisiýasy köp ýyldan bäri bize nähili geýinmelidigimiz we özümizi nähili alyp barmalydygymyz barada görkezme berip gelýär. Ýöne, birdenkä-de bir aýal gelip, ‘ine, meniň hukugym’ diýýär” diýdi.

Golşifteh Farahani ol wideony we suratlary 17-nji ýanwarda özüniň “Facebook” sosial ulgamynda ýerleşdirenden soň, oňa dürli garaýyşlar peýda boldy. Käbirleri ony öwüp ýazan bolsa, käbirleri gatyrganyp seslenme ýazdylar. Olaryň birinde şeýle diýilýär: “Seni görenimde, meniň aňrym bärik gelýär. Sen öz watanyňy we bedeniňi satdyň. Bu eýran aýaly üçin juda utanç!”.

Eýranyň ýarym resmi “Fars” habar agentligi bolsa, Farahani özüne ünsi çekmek üçin özüniň ahlagyny satdy diýip, maglumat ýaýratdy.

Emma Golşifteh Farahaniniň hereketini goldaýan käbir eýranlylar Eýranyň häzirki konserwatiw jemgyýetiniň bular ýaly suratlara we wideolara taýýar däldigini aýdyp, bular ýaly wakalara jemgyýetiň öwrenişmelidigini belleýärler .