2011: Orsýetde graždan jemgyýetiniň oýanan ýyly

4-nji dekabrda geçen jedelli parlament saýlawlary, saýlawçylaryň aldawa salnandygy barada giňden ýaýran habarlar protestçileri Sowet Soýuzy çökeli bäri Orsýetde görlüp-eşidilmedik köpçülikleýin derejede köçelere çykardy.

Öz ýaşdaşlarynyň aglabasy ýaly, Aleksandr Gorbaçýow-da kämillik ýaşynyň uly bölegini syýasatdan çetde geçiripdir. 2001-nji ýylda Moskwa göçüp gelen bu ýaş ýigit Orsýetiň abraýly döwlet uniwersitetini tamamlap, "Afişa" žurnalynyň we webportalynyň redaktorynyň orunbasary bolup işe ýerleşipdir.

Moskwa, 24-nji dekabr.

Özüniň näme üçin hökümete garşy protestlere gatnaşandygyny düşündirip, ýaňy-ýakynda ýazan bir synynda 27 ýaşly Gorbaçýow: "Men öz ýaşdaşlarym barada hemişe taryhy mümkinçiliklerden mahrum nesil diýip oýlanyp geldim" diýýär. Soňra-da ol: "Geçen 10 ýyllykda nägile bolan mahalym köp däl. Elimde işim, karýeram, baýlygym we rahat durmuşym bar. Ýöne iň soňunda özüňden ulurak bir zadyň bölegi bolasyň gelýär. Aýratyn-da 150 million ilatly territoriýada. Diňe bir özüň oňa degişlidigiňi däl, onuň hem saňa degişlidigini duýasyň gelýär" sözüniň üstüni ýetirýär.

Gorbaçýowyň biparhlykdan aktiwlige çenli bolan ýoly ozal syýasata gyzykman, şu aýda Moskwanyň köçelerinde geçen köpçülikleýin protestleriň özenini düzen ýaş professionallaryň aglabasynyň umumy ýagdaýyny görkezýär. 2011-nji ýyl köp babatda Orsýetde graždan jemgyýetiniň uzak ukudan oýanyp, syýasy taýdan aňly-düşünjeli şäherli orta gatlagyň güýjüne daýanyp, öz pikirlerini beýan eden ýyly boldy.

4-nji dekabrda geçen jedelli parlament saýlawlary, saýlawçylaryň aldawa salnandygy barada giňden ýaýran habarlar protestçileri Sowet Soýuzy çökeli bäri Orsýetde görlüp-eşidilmedik köpçülikleýin derejede köçelere çykardy. Bu Putiniň prezident we premýer-ministr bolup ýurtda höküm süren 12 ýyllyk döwrüniň uly böleginde asyl pikirini hem edip bolýan zat däldi.

Baýlygy, özüne ynamy artan şäherli professional gatlak, onuň täze tapylan internet arkaly amala aşyrýan guramaçylyk başarnygy, Orta Gündogarda "arap bahary", Birleşen Ştatlarda "Wall Striti eýele" hereketlerini örüzen global protest atmosferasy onsuzam ýanar-ýanaryň üstündäki bu garyndyny hasam ölçerdi.

“Kemsiz tupan”

Halkara syýasaty boýunça professor we Orsýet boýunça ekspert Nikolaý Gwozdewiň aýdyşy ýaly elita hem muny öňüni alyp bolmajak derejä ýetýänçä äsgermezlik etdi: "Bu kemsiz tupan bolup geldi. Ýöne, meniň pikirimçe, öňünden görüp bolmajak zat däldi. Sistemadaky adamlar muny ýa kiçeltdiler ýa äsgermezlik etdiler ýa-da munuň arasyndan geçip gideris öýtdüler".

10-njy we 24-nji dekabrda Moskwada we Orsýetiň beýleki şäherlerinde geçen köpçülikleýin protestler köplenç “Facebook” we “Vkontakte.ru” ýaly jemgyýetçilik ulgamlarynyň üsti bilen ýola goýuldy.

2011-nji ýylda Orsýetde internet ilatyň 43 prosentine elýeterli boldy. Çak edilişine görä, indi ondan 60 million adam peýdalanýar. Uly şäherlede bolsa ondan peýdalanýanlar ýaşaýjylaryň 70 prosenti diýilýär.

Moskwa, 24-nji dekabr.

Analitikleriň aglabasynyň çaklamagyna görä, adamlary häkimiýetlerden nägile eden Putiniň Medwedewe ýene bir möhlet prezidentlige ýol bermän, özüniň Kremle dolanmak baradaky karary bolupdyr. Orslaryň köpüsi muňa Medwedewiň prezidentlik döwründe reforma we modernleşmek barada edilen gürrüňleriň boş gürrüňlerdigini aňladýan alamat diýip düşündiler.

Gwozdewiň pikiriçe, närazylygyň barha artmagynyň, protest hereketiniň 10 müňlerçe adamy köçä çykarmak başarnygynyň ahyr netijede Putini protestçiler bilen ylalaşyga iteklemegi ähtimal.

Ýöne Gwozdew munuň protestçileriň häkimiýetlere edýän basyşyny dowam etdirmegine baglydygyny belleýär: "2011-nji ýyl graždan jemgyýetiniň gaýtadan oýanan ýyly bolsa, onda 2012-nji ýyl şu soraglary goýýar: ol oýandy, indi näme? Ol bu ýerden nirä gider? Ýene uka gidermi? Ol indi sazlaşykly bolarmy? Dargarmy? Ýogsa-da, durnukly özgerişe esas bolup, öňe ilerlärmi".