Demirgazyk Koreýa “hormatly liderini” jaýlaýar

Müňlerçe demirgazyk koreýaly 28-nji dekabrda Kim Çen Iri jaýlamak üçin resmi ýas üýşmeleňleriniň we görlen beýleki çäreleriň çäginde özleriniň “eziz liderlerine” soňky sylag-hormaty bildirmek üçin paýtagt Phenýanyň gar basan köçelerinde, aglaşyp, hatara durdular.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Kim Çen Iriň jaýlanyş çäresi geçirilýär


17-nji dekabrda 69 ýaşynda tarpa-taýyn aradan çykan lider, 1994-nji ýylda kakasynyň ornuny eýelänsoň, ýurdy berk gysajynda saklap geldi.

Demirgazyk Koreýanyň döwlet telekanaly görlen çäreleriň dowamynda üstünde merhumyň äpet suraty oturdylan bir gara maşynyň başlaryny egip, nyzama düzülen esgerleriň arasyndan geçip barýanyny görkezdi.

“Asman aglaýar”

Phenýan, 28-nji dekabr.



Ady aýdylmadyk bir esger paýtagtyň gar basyp ýatan merkezi meýdanynda döwlet telewideniýesine öz duýgularyny şeýle beýan etdi: “Gar gözýaş ýaly dökülip dur. Biz öz generalymyzy ýitirenimizde asman nädip aglamasyn? Ol asmandan inen beýik adamdy. Ölüm arkaly generalymyzdan aýrylanymyz üçin adamlar, daglar, asman ganly ýaş dökýär. Eziz beýik serkerdebaşy!”

Kim Çen Iriň tabydynyň gapdalynda onuň ornuny tutmaly üçünji ogly Kim Çen Un aglap barýardy. Şeýle hem ýaş Kimiň daýysy Çen Song-Taek we häkimiýet çalşygynda esasy araçy roluny oýnan goşun başlygy Ri Ýong-Ho bardy.

Telewideniýe “ata, ata” diýip aglaşýan adamlary-da görkezdi. Daşary ýurt ýolbaşçylaryndan bu ýasa gatnaşan ýok.

29-njy dekabrda öýlän milli hatyra ýygnanyşygy geçiriler diýlip çak edilýär.

Dünýäde diktatorlar agdarylyp ýörkä...

Phenýan, 28-nji dekabr.



Öňümizdäki ýyl bütin dünýä alada bilen Demirgazyk Koreýa garar. Demirgazyk Koreýanyň öz aýdyşyna görä, 2012-nji ýyl onuň “güýçli, abadan” ýurda öwrülen ýyly bolmaly. Ýöne häzir welin, tutuş dünýäde diktatorlar agdarylyp ýörkä, ýaş, tejribesiz ýolbaşçy howply geçiş bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Geçen 20 ýyllykda gaty yzda diýlip häsiýetlendirilen ýurtda üýtgejek zat köp däl. Ýadro arsenally, 1,2 million adamdan ybarat ýaragly güýçlere eýe Demirgazyk Koreýa harby güýji gaty köp, ilatynyň aglaba köplügi aşa garyp ýurt. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, Demirgazyk Koreýanyň ilatynyň ortaça ömri Kim Il Sunguň höküm süren döwründäkiden 3,5 ýyl aşaklady.

Synçylaryň köpüsi täze lider öz kakasynyň “harby taýdan birinji” diýen syýasatyny dowam etdirip, 1990-njy ýyllarda agyr açlykdan ejir çeken ýurdy ýene kyn ýagdaýa salar diýip çaklaýarlar.