Mary - Serhetabat görgi ýoly

Mary welaýatyndaky Serhetabada (öňki ady Guşgy) çenli uzaýan 300 km. gowrak awtoýoluň häzirki ýagdaýy erbet bolmagynda galýar. Ýoluň üsti çukurdan doly, käbir ýeriniň çukurlarynyň çuňlugy ýarym metrdenem geçýär. Bu ýagdaý ulaglara howp döredýär.

Ýoluň bozulmagynyň sebäbi, Ýolötendäki Osman gaz ýataklary açylandan soň, bu ýoldan Serhetabat etrabynyň Galaýmor obasynyň karýerine “Howo” kysymly agyr awtoulaglaryň gatnamagy bilen baglanyşykly. “Howo” awtoulagynyň öz agramyndan daşary, oňa 40 tonnadan geçirip ýük ýükleýärler. Bu ýol bolsa beýle agramlary götermage çydamly däl.

Ýoluň ýaramazlygy awtoulaglaryň heläkçiligine we ölüm-ýitimlere sebäp bolýar. Ýoluň ep-esli bölegi bolsa çölüň içinden geçýär. Çölüň içinde heläkçilik ýüze çyksa, tiz lukmançylyk kömegi hem wagty bilen ýetişmeýär. Taksyçylaryň aýtmagyna görä, ýolagçylar şeýle ýagdaýlara köp duş gelýarler.

Ondan daşary awtoualglara hem zeper ýetýär. Sürüji bir çukura düşmejek bolup, beýleki çukura düşýar. Ýoluň gowy ýerlerinde bolsa ÝGG-niň işgärleri radar tutup gizlenip durlar. Sürüjiler gazananjasynyň baryny diýen ýaly ulaga sarp etmeli bolýarlar. Başga iş bolmansoň şeýdip, çaga eklemeli bolýarlar.

Ýolagçylar hem şeýle ýollardan gaty ýadapdyrlar. Zerurçylyk bolanda oňa-muňa taksi bilen gidäýmeseler ýa otla münäýmeseler, başga çäre ýok. Ýöne otlada ýol petegi tapdyryp duranok.

Strategiki ähmiýete eýe bolan bu ýol ilkinji gezek rus basyp alyjylary tarapyndan, general Mihail Annennikowyň baştutanlygyndaky işçi toparyň kömegi bilen geçen asyryň başlarynda doly gurlup, ulanyşa girizilipdir. Bu ýoluň asyl maksady basyp alnan ýerleri Russýa bilen baglanyşdyrmak we harby güýçleriň üpjinçiligini berjaý etmek bolupdyr.

Şeýle hem bu ýol öz ähmiýetini geçen asyryň aýagynda, SSSR bilen Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklar güýçlenende görkezdi. Häzirki döwürde bolsa, bu ýol parahatçylyk maksady bilen ulanylýar. Bu ýol Mary welaýatynyň üç uly etraplary bilen ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryny baglanyşdyrýar.

Ýaşulularyň aýtmagyna görä, agyr maşynlar ýöränsoň hem-de köpden bäri ugruna seredilmänsoň, ýol şeýle ýaramaz ýagdaýa düşüpdir. Bu ýol düýpli bejeriş işlerine, iň bolmanda aram-aram ýamama işlerine mätäç.

Ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisleriniň birinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowa ulag ýollarynyň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrypdy. Emma häzirki güne çenli alnyp barylýan iş göze ilenok. Şeýdip, gowy ýol arzuwy Mary welaýatynyň ýolagçylarynyň gursagynda garraýar.

Röwşen Agageldi Türkmenistanda ýaşaýan garaşsyz žurnalistiň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.