Gazagystanyň häkimiýetleri Mangystau welaýatynda iş taşlaýyş yglan eden nebitçiler bilen hökümet güýçleriniň arasynda anna güni turan çaknyşykda 10 adamyň ölendigini aýdýarlar.
Habarda aýdylyşyna görä, çaknyşyk Žanaozen şäherinde polisiýa güýçleri şäheriň merkezi meýdanyny 6 aýdan gowrak bäri eýeläp ýatan nebitçileri bu meýdandan çykarmaga synanyşanda bolupdyr. Olar “KazMunaýGaz” nebit desgasynda işleýän, oňat aýlyk we iş şertleriniň gowulandyrylmagy üçin iş taşlaýyş yglan eden nebitçiler.
http://www.youtube.com/embed/QipuMCU1QzI
Wideo: Sputnik telekanaly K+ anna güni işçiniň egin-eşigindäki adamlaryň garaşsyzlygyň 20-nji ýyllygy mynasybetli bezelen bir sahna dökülenini görkezdi.
Bu aralykda, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň karary bilen, Žanaozen şäherinde 5-nji ýanwara çenli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi we komendant sagady girizildi. Bu çäre jemgyýetçilik protestlerine gadaganlyk girizýär, şäherdäki hereket azatlygyny, şähere giriş-çykyşlary çäklendirýär.
Mangystaw welaýatynyň häkiminiň metbugat wekili Žanna Oşybaýewa telefon arkaly söhbetdeşlikde Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna bu bolan waka barada şeýle diýdi:
—Žanaozeniň şäher häkimiýetleri işe barmandyklary üçin işden kowlan işçileriň ýygnanan ýeri bolan şäheriň merkezi meýdanynda ýerli ilat üçin toý atmosferasyny döretmek maksady bilen birnäçe gara öý gurjak boldular. Bu ýerli ýaşaýjylar üçin edilýän zat, muňa işden kowlan işçiler-de degişli. Sebäbi olar-da şäheriň ýaşaýjylary. Emma bu iş meýdana ýyganan işçileri tukatlandyrdy. Olar daş atyp, gygyryşyp başladylar.
Baş prokuror Ashat Daulbaýew metbugat ýygnagynda “köpçülikleýin bidüzgünçilikler netijesinde 10 adam heläk boldy” diýdi. Onuň aýtmagyna görä, ýaralananlaryň arasynda polisiýa işgärleri-de bar.
Daulbaýew howpsyzlyk güçýleri protestçilere ot açdy diýilýäni inkär etdi.
Wideo: 17-nji dekabrda Almatyda häkimiýetdäki "Nur Otan" partiýasynyň binasynyň öňünde protest geçirmekçi bolanlar tussag edildi.
Gowşan habarlarda ýerli hökümet jaýyna we “KazMunaýGazyň“ şahamçasy “OzenMunaýGazyň” edarasyna ot berlendigi aýdylýar.
“KazMunaýGaz” tarapyndan çykarylan bir beýannamada kompaniýanyň howpsuzlyk çärelerini güýçlendirendigi bildirilse-de, nebit öndürýän desgalaryň adaty işiniň dowam edýändigi aýdylýar.
Internet ulanyjylar garaşsyz habar saýtlaryna ýa “Twittere” girip bolmaýandygyny aýdýarlar. Telefon arkaly habarlaşmagyň hem kynlaşandygy aýdylýar. Muňa bolsa awtoritar gazak hökümetiniň Žanaozende bolýan wakalar baradaky maglumatlary ýaşyrmaga synanyşýandygynyň alamaty diýlip düşünilýär.
Oppozision Sosiýal Demokartik Azat partiýasynyň bir ýolbaşçysy Bolat Abilow anna güni bolan wakany "aýylganç" diýip atlandyryp, garaşsyzlyk baýramçylygynyň bes edilmegini talap etdi.
“Ruhaniýet” partiýasynyň başlygy Serikžan Mambatalin hem internetde neşir edilen bir beýannamada ýaragly güýçlere ýüzlenip, “ildeşleriňize ot açmaň”, “konfrontasiýanyň her bir salymda gandöküşiklige ýazmagy mümkin” diýdi.
Žanozende maý aýyndan bäri müňlerçe işçi iş taşaýyş geçirýär. Olar aýlyk haklarynyň galdyrylmagyny, çet ýurtly işçiler bilen deňhukuklylygy, şeýle hem regionda garaşsyz kärdeşler bileleşiginiň alyp barýan işlerine girizilen çäklendirmeleriň ýatyrylmagyny talap edýärler.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar