"Kommersant" neşiriniň işgärleri wezipeden boşadyldy

“Kommersant-Wlast” neşiriniň eýesi Alişer Usmanow (çepde) we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Gorkide, 22-nji noýabr, 2011-nji ýyl.

Orsýetde 4-nji dekabrda geçirilen parlament saýlawlary bilen bagly çap eden maglumatlary üçin, “Kommersant-Wlast” neşiriniň iki ýokary derejeli işgäri wezipelerinden boşadyldy. Bu barada bu neşiriň eýesi tütjar Alişer Usmanow mälim etdi.

Usmanow 12-nji dekabrda “Kommersant-Holding” paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Andreý Galiýewiň hem-de “Kommersant-Wlast” žurnalynyň baş redaktory Maksim Kowalskiniň wezipelerinden boşadylandyklaryny aýtdy.

Muňa protest hökmünde “Kommersant” neşirýatynyň baş direktory Demýan Kudrýawtsew hem öz wezipesinden çekilýändigi barada arza berdi. Alişer Usmanow onuň arzasyna iki hepdäniň dowamynda garaljakdygyny aýtdy.

Bu kadrlar çalşygyna 4-nji dekabrda geçirilen parlament saýlawlaryndaky kanun bozmalary barada “Kommersant-Wlast” žurnalynda çap edilen makalalar sebäp boldy. Usmanow şol makalalarda žurnalistik etikanyň bozulandygyny aýdyp, olary ownuk huligançylyga meňzetdi.

Býulleteniň suraty

Kowalskiniň özi Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy bilen söhbetdeşlikde işden boşadylandygyny tassyklady:

—Meniň işden kowulmagymyň sebäbi saýlawlar bilen bagly maglumatlar çap edilen žurnalyň soňky sanynyň çykmagy boldy diýip, pikir edýärin. Şol maglumatlaryň köpüsi saýlawlar geçirilen döwründe ýüze çykan galplyklar bilen baglydy.

"Kommersan-Wlast" žurnalynyň gürrüňi edilýän sany

“Kommersant” neşiriniň eýesi tütjar Alişer Usmanowy “Kommersant-Wlast” žurnalynda saýlaw býulletenleriniň biriniň çap edilmegi has ynjalykdan gaçyrdy. Maksim Kowalskiý bu barada şeýle diýýär:

—Alişer Usmanowyň ownuk huligançylyk diýmegi, žurnalda çap edilen bir býulleteniň suraty bilen bagly diýip, pikir edýärin. Londondaky rus ilçihanasynda ses beren raýatlaryň biri şol býulletende Putiniň garşysyna gödek paýyş sözleri ýazypdyr. Ýöne, ol saýlawlara gatnaşyp, “Ýabloko” partiýasy üçin ses beripdir. Şonuň üçinem bu býulletende berlen ses hasaba alynmady. Bu bolsa nädogry. Şol sebäpli-de biz şol býulleteniň suratyny çap edip, kanun bozulmasynyň mysalyny getirdik. Emma neşiriň eýesi kanun bozma faktyna däl-de, şol býulletende Putine sögüp ýazylan sözlere üns beripdir.

Alişer Usmanow bolsa, bu maglumatlaryň çap edilmegi bilen bagly Maksim Kowalskä garşy suda şikaýat etmeginiň mümkindigini aýdýar.

“Kommersant-Wlast” žurnalynyň öňki baş redaktory Maksim Kowalskiý bu wakadan öň özüne hiç haçan göni basyşyň görkezilmändigini belleýär:

—Maňa biriniň ýokardan jaň edip, plan zady çap et, plan zady çap etme diýip, görkezme bermegi bilen bagly ýagdaý öň bolmandy. Maňa gönüden-göni basyş görkezilmeýärdi. Men özümi erkin duýýardym.

Alişer Usmanow

Özbegistanda doglan 58 ýaşly Alişer Usmanow öz baýlygyny 1990-njy ýyllarda kömrüň, agajyň söwdasy hem dürli maliýe operasiýalary arkaly toplady. Ol “Mettaloinwest” kompaniýasynyň eýeleriniň biri, Kiprde hasaba alnan “Gallagher Holding” toparynyň eýesi, “Gazprom” tarapyndan maliýeleşdirilýän “Gazprominwestholding” toparynyň ýolbaşçysy.

2006-njy ýylda Alişer Usmanow telekeçilik bilen bagly maglumatlary çap edýän “Kommersant” neşirini öz eline aldy. Öň “Kommersant” neşiri Orsýetiň tütjarlarynyň biri, Putiniň režimi bilen ylalaşman, ýurdy terk etmäge mejbur bolan Boris Berezowskiniň eýeçiligindedi. Şeýle hem Usmanow regional telekanallary hem radiostansiýalary eýeleýan birnäçe kompaniýa eýeçilik edýar.

2006-njy ýylda Alişer Usmanow meşhurlyk gazanan “Gazeta.ru” internet gazetini hem öz eline geçirdi. Ol “Twitter” hem “Facebook” ýaly sosial ulgamlaryň aksiýalarynyň hem bir bölegine eýe.

Usmanowyň Olga Şuwalowa bilen iş salşandygy aýdylýar. Olga Şuwalowa bolsa Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary hem Putiniň ýarany diýlip hasaplanýan Igor Şuwalowyň aýaly.

Maliýe dünýäsindäki täzelikleri çap etmek bilen meşgullanýan “Barons” gazetinde berlen maglumatlara görä, Şuwalowa 2008-nji ýylda 12 million dollara barabar girdeji gazanandygyny aýan edipdir. 2009-njy ýylda onuň girdejisi 20 milliona barabar bolýar, 2010-njy ýylda bolsa ol 10 million dollar gazanandygyny aýdýar.

Igor Şuwalow bu agzalan millonlaryň 1997-nji ýylda özi döwlet edarasynda işläp başlamazdan öň gazanan pullarynyň inwestisiýasyndan gelýän girdejidigini aýdýar.