3-nji dekabrda Gazagystanyň Boraldaý şäherçesinde ýüze çykan çaknyşykda ýedi adamyň heläk bolandygy aýdylýar. Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň wekili 4-nji dekabrda Astana şäherinde geçirilen metbugat konferensiýasynda çykyş edip, çaknyşygyň ýurduň Milli howpsuzlyk komitetiniň işgärleri bilen terrorçy toparyň agzalarynyň arasynda bolandygyny aýtdy.
Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň wekili Nurdöwlet Suindikow 4-nji dekabrda Astana şäherinde geçirilen metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda Gazagystanda ýene bir jenaýatçy toparyň ýok edilendigini habar berdi.
3-nji dekabrda agşam sagat 7.30-da Almaty welaýatynyň Iliý raýonynda ýerleşýän Boraldaý şäherçesinde agyr jenaýaty amala aşyranlykda güman edilýän adamlary tussag etmek boýunça geçirilen operasiýa wagtynda jenaýatçylar hukuk goraýjylara garşylyk görkezdiler. Netijede bolan ok atyşykda Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň “Arystan” atly ýörite gullugynyň iki işgäriniň heläk bolandygy habar berildi.
Resmi maglumatlara görä, jenaýatçylar obadaky öýleriň birinde gabalypdyrlar. Bu wakanyň bolan ýeriniň golaýyndaky öýleriň ýaşaýjylarynyň wagtlaýynça ewakuasiýa edilendigi aýdylýar.
Boraldaý şäherçesiniň ýaşaýjysy Gazagystanyň KTK telekanaly bilen söhbetdeşlikde şeýle wakany ömründe ilkinji gezek başdan geçirýändigini, ok atyşygyň, bomba partlamalarynyň özlerini, ýagny Gazagystanyň asuda ilatyny gorkuzýandygyny aýtdy.
Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň wekili Suindikow 3-nji dekabrda öldürilen terrorçylaryň 8-nji noýabrda Almaty şäherinde iki polisiýa işgärini öldürendiklerini aýdyp, jenaýatçylaryň Almaty şäherinde başga-da zorlugy planlaşdyrandyklaryny mälim etdi.
Terrorçy toparlaryň sany artýar
Soňky döwürde Gazagystanda yzly-yzyna üsti açylýan terrorçy toparlaryň sany gitdigiçe artýar. Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň wekili Suindikow Boraldaý şäherçesinde üsti açylan terrorçy topara 1977-nji ýylda doglan Aržan Haseniň ýolbaşçylyk edendigini, onuň şu ýylyň 28-nji oktýabrynda terrorçylykly topary gurnanlykda aýyplanandygy we bu jenaýat boýunça tussag etmek üçin onuň gözlenilýändigini aýtdy.
Ýerli synçylaryň pikiriçe, Gazagystanda “Dini guramalary hasaba almak” baradaky täze kanun kabul edilensoň, ýurtda terrorçylykly hüjümler bilen bagly wakalar köpelipdir. Olary gurnamakda aýyplanýanlaryň ýaşynyň hem kiçidigi bellenilýär. Mysal üçin, gazak resmileri Gazagystanyň Gyrgyzystan bilen serhetdeş Taraz şäherinde 12-nji noýabrda bolan ganly wakany 34 ýaşly Kariýew atly adamyň amala aşyrandygyny habar berdiler. Bu wakada gazak häkimiýetleri tarapyndan “jyhadçy” diýlip atlandyrylanyň hüjümi netijesinde 7 adam, şol sanda 5 polisiýa işgäri heläk bolupdy.
Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň wekili Boraldaý şäherçesinde şu gezekki ýüze çykan waka dini akymlaryň dahylynyň entek doly anyklanmandygyny, ýöne ony anyklamak üçin derňewiň geçirilýändigini belledi.
4-nji dekabrda Astanada geçirilen metbugat konferensiýasynda terrorçy topary ele salmak maksady bilen gurnalan operasiýanyň dowamynda bu topara degişli bäş adamynyň hemmesiniň öldürilendigi aýdyldy.
Resmi Astana Almaty welaýatynda howpsuzlyk gulluklarynyň ýokary hüşgärlik ýagdaýyna getirilendigini mälim edýär.