Dünýä güýçleri HAEG-niň Eýran boýunça rezolýusiýasynyň taslamasy babatda ylalaşdylar

HAEG-niň başlygy Ýukiýa Amano Eýranyň atom bombasyny öndürmek barada şübhe döredýän tagallalary hakda “dünýäni ägä etmegiň” öz borjudygyny aýtdy.

Dünýäniň güýçli döwletleri jedelli ýadro programmasy baradaky “çuň we barha artýan alada” hakda oýlanmagy üçin Eýrana görkezilýän gysyşy artdyrmak maksady bilen taýýarlanan rezolýusiýa boýunça ylalaşyk gazandylar.

Taslamasy Halkara atom energiýasy gullugy (HAEG) tarapyndan taýýarlanan bu rezolýusiýa Tähranyň ýadro ýaraglaryny edinmek baradaky synanyşyklarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalaryny – Fransiýany, Britaniýany, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny, Orsýeti, Hytaýy, şeýle-de Germaniýany deň derejede aladalandyrýandygyny aňladýar.

Dokumentde Eýranyň ýadro programmasy bilen baglylykda çözülmän ýatan meseleleriň “çuň we barha artýan alada” sebäp bolýandygy bellenýär.

Onda şeýle hem Eýran bilen halkara atom häkimiýetleriniň arasynda dialogy güýçlendirmegiň “wajypdygy” nygtalyp, Tähran bu ugurdan degişli maglumatlary, dokumentleri, programmanyň alnyp barylýan ýerlerini we materiallary görkezmäge, degişli adamlar bilen duşuşyklara ýol bermäge çagyrylýar.

Günbatar mediasynda aýdylmagyna görä, dokument Eýranyň işini BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň garamagyna berenok. Ýöne Tähran Howpsuzlyk Geňeşiniň öňki rezolýusiýalaryny ýerine ýetirip, ynam döretmek çäresi hökmünde şübheli atom işlerini togtatmaga çagyrylýar.

Birleşen Ştatlar HAEG-niň dolandyryş topary halkara jemgyýetçiliginiň Eýranyň ýadro programmasy barada aladadadygyny Tährana ýetirer diýen umytda. Bu hakda Döwlet departmentiniň sözçüsi Mark Toner şeýle diýdi:

—Dolandyryş topary Eýranyň öz ýadro programmasy hakda ähli zady aýdyňlaşdyrmagynyň zerurdygyny bildirmek üçin, oňa berk we birmeňzeş habary ýetirer diýip, umyt edýäris.

Berlen teklip

HAEG-niň başlygy Ýukiýa Amano Eýranyň atom bombasyny öndürmek barada şübhe döredýän tagallalary hakda “dünýäni ägä etmegiň” öz borjudygyny aýtdy. Amano Eýranyň ýadro programmasy barada gullugyň soňky hasabatynda agzalýan “meseleleri aýdyňlaşdyrmak” üçin Tährana ýokary derejeli bir delegasiýany ibermegi teklip edýär.

Halkara atom häkimiýetleriniň soňky hasabatynda Eýran Yslam Respbulikasynyň atom ýaraglary tehnologiýasyny özleşdirmek barada iş alyp barandygyny görkezýän “ynamdar” subutnamalaryň bardygy aýdylýar. Bu hakda Amano şeýle diýdi:

—Maglumatlar Eýranyň ýadro partlaýjy mehanizmini ösleşdirmäge degişli işleri alyp barandygyny görkezýär. Ol şeýle hem bu işleriň düzülen programma boýunça 2003-nji ýylyň aýagyndan öň hem alnyp barlandygyny görkezýär. Käbir işleriň şu wagt hem dowam edýän bolmagy mümkin.

Amano baryp görmegi teklip edip, Tährana ozal hem hat ýazypdyr:

—Men 2-nji noýabrda Eýranyň wise-prezidentine we Eýranyň Atom energiýasy guramasynyň başlygy Dr. Abbasa hat ýazyp, hasabatda agzalýan meseleleriň anygyna ýetmek üçin, ýokary derejeli bir topary ibermegi teklip etdim.

Öz aýtmagyna görä, Amano Eýrandan haýal etmän “öz atom programmasynyň mümkin bolan harby gerimleri barada haýyş edilen aýdyňlygy üpjün etmegi” sorapdyr.

Eýran Yslam Respublikasy Halkara atom energiýasy gullugynyň hasabatyny esassyz diýip ret edýär. Tähran özüniň ýadro işleriniň parahatçylykly maksatlar üçindigini gaýtalýar.