Gazak polisiýasy ýokary hüşgärlik ýagdaýynda

Gazak polisiýasy Tarazda awtoulagy barlaýar, 12-nji noýabr.

Gazagystanyň Taraz şäherinde bolan ok atyşyk we partlama netijesinde 7 adam heläk boldy.

Gazagystanyň Baş prokurorynyň orunbasary Nurmahanbet Isaýew Gazagystanyň Jambyl welaýatynyň Taraz şäherinde bir "jyhadçynyň" günäsi bilen 7 adam, şol sanda 5 polisiýa işgäri heläk boldy diýip, 12-nji noýabrda Astanada geçirilen metbugat konferensiýasynda aýtdy. Bu wakada ýene üç adamyň ýaralanandygy habar berilýär.

Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň beren maglumatlarynda 1977-nji ýylda doglan Kariýew atly gazak raýatynyň bir topar agyr jenaýata baş goşandygy aýdylýar. Onuň jenaýatçylykly hereketleriniň netijesinde 5 polisiýa işgäriniň, bir asuda ýaşaýjynyň we hüjümçiniň özüniň heläk bolandygy habar berilýär.

Gazagystanyň Baş prokurorynyň orunbasary Nurmahanbet Isaýew başda Kariýewiň öz yzyna duşen milli howpsuzlyk gullugynyň iki işgärini öldürendigini aýtdy.

Soňra, gazak häkimiýetleri tarapyndan "jyhadçy" diýlip atlandyrylan Kariýew ir sagat 11-de “Mazda” kysymly maşynyň eýesine hüjüm edip, onuň ulagyny elinden alypdyr. Isaýewiň beren maglumatyna görä, Kariýew bu wakadan ýarym sagat geçensoň Taraz şäheriniň ýarag satylýan dükanyna hüjüm edip, ol ýerde dükanyň sakçysyny we ol ýere baran bir adamy atyp öldüripdir. Ýarag dükanynda ýaraglanyp, Kariýew özüni yzarlan polisiýanyň seržantlary Aýankulowy hem Baýseitowy öldürip, olaryň ýaraglaryny hem alýar.

Soňra Kariýew öýüne baryp, granat atýan ýarag alyp, Gazagystanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň welaýat bölüminiň binasyny oka tutýar. Bu wakada hiç kime zeper ýetmedi.

Isaýewiň aýtmagyna görä, Kariýew gündiz sagat birlerde gaçmaga synanyşýar. Gaçyp barýarka ol polisiýanyň iki işgärini ýaralaýar. Soňra ony ýol polisiýasynyň işgärleri ele salýarlar. Kariýewi ýaragsyzlandyrmak üçin ony barlap durkalar, ol özüni partladýar. Şol ýerde Kariýew bilen bile polisiýanyň kapitany Baýtasow hem heläk bolýar.

Gazak häkimiýetleri Jambyl welaýatynda howpsuzlygy üpjün etmek üçin görülýän çäreleriň has hem berkidilendigini aýdýarlar.

“Häzir ýurduň içeri işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky operatiw topar Taraz şäherine baryp, bu iş boýunça derňew geçirýär. Bu wakalar bilen bagly terror hüjümlerini amala aşyrmak we adam öldürmek boýunça jenaýat işleri gozgaldy” diýip, Isaýew aýtdy.

Soňky döwür Gazagystanda terrorçylykly hüjümler bilen wakalar köpeldi. 31-nji oktýabrda Gazagystanyň Atyrau şäherinde iki partlama amala aşyryldy. Şonda janyndan geçen hüjümçiniň özi hem heläk boldy.

Gazak häkimiýetleri Atyraudaky wakany gurnanlykda “Jund al Halifat” atly terrorçy topary aýypladylar. Bu topar ýakynda Gazagystanda kabul edilen din baradaky kanuna protest hökmünde bu hüjümi amala aşyrandygyny bildirdi. Şol wakadan soň polisiýanyň işi ýokary hüşgärlik ýagdaýyna geçirilipdi.

Metbugatda peýda bolan käbir maglumatlara görä, Taraz şäherindäki hüjümiň jogapkärçiligini hem “Jund al Halifat” atly terrorçy topar öz üstüne alypdyr.