Ýakynda türkmen häkimiýetleri daşary ýurt kompaniýalaryna ýene-de täze iri gurluşyk proýektleriniň birnäçesini tabşyrdy. Olar Fransiýanyň “VINCI Construction Grands Projets”, “Bouygues” we Türkiýäniň “Polimeks Inşaat A.Ş.” gurluşyk kompaniýalarydyr. Emma ýerli gurluşykçylara iri proýektler ynanylmaýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy bolsa barha gymmatlaýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Aşgabadyň ýaşaýjysy, 33 ýaşly Şamyrat öýli-işikli bolanyna 7 ýyl geçse-de, henize çenli özbaşdak jaý edinip bilmän, ene-atasy hem 2 çagasy bilen 3 otagly kwartirada ýaşamaga mejbur bolýandygyny gürrüň berdi. Şol bir wagtda-da paýtagtda dürli-dürli ägirt uly kaşaň binalaryň gurluşygy dowam edýär.
Ýakynda “Bouygues” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan ençeme täze uly proýektler türkmen hökümetine hödürlendi. Olaryň arasynda Işewür kongresler merkezi, Kino-konsert toplumy, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetini giňeltmek, şeýle-de Arçabil şaýolunyň ugrunda Gün sütüni ýaly proýektler bar.
“VINCI Construction Grands Projets” atly beýleki fransuz gurluşyk kompaniýasyna tabşyrylan iri taslamalaryň hatarynda dürli maksatly desgalary, şol sanda Ministrler Kabinetiniň täze binalar toplumyny, halkara aeroportuny, Aşgabadyň merkezinde seýilgäh-çüwdürimler we ýadygärlikler toplumlaryny hem-de Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşýän kölüň täze seýilgäh toplumyny gurmak boýunça taslamalar bar.
Ýurtda bolup geçýän wakalara ýakyndan syn edýän aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Ministrler Kabinetiniň täze binalar toplumynyň näme maksat bilen gurulýandygyna düşünmeýändigini aýdýar. Ýazyjy Bugaýew Türkmenistandaky bu gurluşyklar şu gidişine gitse, onda her bir çinownige birnäçe kabineti eýelemäge mümkinçiligiň boljakdygyny belleýär.
Ýakynda Türkmenistanyň prezidenti ýurtda uzak wagtlap işläp gelýän “Polimeks Inşaat A.Ş.” kompaniýasyna hem ýene birnäçe proýekti tabşyrdy. Şol proýektleriň arasynda hem ýurtda wajyp meseleleriň biri bolan – ýaşaýjylary ýaşaýyş jaýlar bilen üpjün edip biljek proýektleriň ýokdugy habar berilýär.
“Polimekse” faşizm bilen söweşde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hatyrasyna ýadygärlikler toplumyny, kongresler merkezini, tehnoparky gurmak tabşyryldy. Türkmenistanda öňem dürli proýektleri amala aşyran bu kompaniýa paýtagtyň awtoýollarynyň ençemesiniň durkuny täzelemek boýunça işler ynanyldy.
“Polimeks Inşaat A.Ş.” kompaniýasynyň internet sahypasynda ýerleşdirilen maglumata görä, bu kompaniýa tarapyndan ýerine ýetirilen 15 proýektden 13-si Türkmenistanda gurlupdyr. Soňky täze proýektlerden daşgary “Polimeksiň” şu çaka çenli amala aşyran 13 proýektiniň diňe biri Gazagystanda, galanlarynyň hemmesi – Türkmenistanda.
Şol bir wagtda-da “Transparency International” guramasynyň “Para berijileriň gözkezijisi” atly soňky ýaýradan hasabatynda para bilen bagly ýagdaýlaryň jemgyýetçilik işleri, nebit we gaz pudaklary bilen bir hatarda hut gurluşyk pudagynda köp ýüze çykýandygy bellenilýär.
Şu ýylyň iýun aýynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Derýageldi Orazowa ýurduň her welaýatynda tehniki taýdan gowy enjamlaşdyrylan iri gurluşyk kompaniýalaryny döretmegi tabşyrypdy. Emma, ýerli synçylaryň pikiriçe, Türkmenistanda iri proýektleriň daşary ýurt firmalaryna berilmegi ýerli gurluşykçylaryň ösmegine böwet bolýar.
Korrupsiýa barada şübheler
Bolgariýada ýaşaýan ykdysatçy Annadurdy Hajyýewiň pikirine görä, Türkmenistanda aç-açanlygyň ýoklugy sebäpli, şol bir daşary ýurt gurluşyk kompaniýalaryna iri gurluşyk proýektleriniň tabşyrylmagy korrupsiýa bilen bagly dürli sübheleriň döremegine getirýär. Onuň aýtmagyna görä, bu proýektleriň käbiri boýunça kagyz ýüzünde tender yglan edilýär. Şol tenderiň ykbalyny çözýän komissiýanyň kimlerden düzülendigi, onuň geçiriliş prosesi barada maglumatlaryň berilmezligi hem korrupsiýany güman etmäge esas döredýär.
Ykdysatçy soňky iri proýektler boýunça bolsa tenderleriň düýpden yglan edilmändigini aýdýar: “Bahasy onlarça million dollara barabar iri administratiw binalaryň gurluşygy babatda tender yglan edip, azara galmaýarlar. Bu proýektlere degişli kontraktlara ýurduň prezidenti iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen özara ylalaşyp, gol çekýär”.
Türkmenistanyň maliýe pudagynda uzak wagtlap işlän Annadurdy Hajyýew öňler iri proýektleriň bahasy barada metbugatda maglumat berlen bolsa-da, soňky döwürde bu gurluşyklaryň bahasy barada düýpden maglumatyň berilmeýändigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, ýurtda monopoliýa garşy edaralaryň, bu meselelere gözegçilik edýän hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, garaşsyz sud sistemasynyň ýoklugy Türkmenistandaky ýagdaýy has hem çylşyrymlaşdyrýar.
Maglumat çäkliligi
Ýurtda döwlet býujetiniň serişdelerine gurulýan proýektler barada gaty çäkli maglumatyň berilýändigi, býujet serişdeleriniň nähili sarp edilýändigi baradaky aladalary artdyrýar diýip, düýbi Londonda ýerleşýän “Global Witness” guramasynyň bilermeni Tomas Maýn aýdýar.
Maýnyň aýtmagyna görä, türkmen raýatlary döwlet serişdelerine gurulýan iri gurluşyklar barada garaşsyz maglumat almaga hakly: “Mysal üçin, Britaniýada döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän belli bir proýektiň bahasy ýokary bolup görünse, biz deputatlara öz nägileligimizi bildirýaris. Ýöne Türkmenistandaky režimi ilatyň pikir-garaýşy gyzyklandyrmaýar”.
“Global Witness” guramasynyň bilermeni Tomas Maýn häzir Türkmenistanda sarp edilýän serişdeleriň ýurda nebitiň we gazyň söwdasyndan gelýän girdejiden köpdügi barada özlerine maglumatlaryň gowşýandygyny aýdyp, şeýle ýagdaýda iri kaşaň proýektleriň gurluşygynyň amala aşyrylmagynyň has-da geň galdyrýandygyny belledi.
Aşgabatly 39 ýaşly gurluşykçy Emin bolsa özüniň dostlary bilen bilelikde Türkmenistanda ilata elýeterli, bahasy gymmat bolmadyk jaýlary gurmak niýetiniň bardygyny, “emma häkimiýet başynda işiňe päsgelçilik döredilmejegine kepil geçip biljek tanyş-bilişleriň bolmasa, gurluşyk bilen meşgullanmagyň örän töwekgelçiliklidigini” belleýär.
Soňky üç-dört ýylyň içinde paýtagtda iri gurluşyklar sebäpli jaýlaryň gaty köp möçberde ýykylmagy, ilata bolsa täze mellek ýerleriň berilmezligi netijesinde Aşgabatdaky kwartiralaryň bahasy gymmatlady. Häzirki wagtda bir otagly kwartiralaryň bahasy 35-40 müň dollara baryp ýetdi. 4-5 otagly kwartiralar bolsa 80 müň dollardan geçýär.
Aşgabatda gurulýan elita tipli jaýlaryň iň arzanynyň bahasy 100 müň amerikan dollaryndan geçýär. Bu tipdäki jaýlaryň 5 otagly kwartiralarynyň bahasy 200 müň amerikan dollaryna barabar. Hut şol sebäplere görä-de, daşary ýurt kompaniýasynyň işgäri, iki çaganyň kakasy Şamyrat öz maşgalasy üçin aýratyn jaý edinip bilmeýänliginden zeýrenýär.
Türkmen resmileriniň 2011-nji ýylyň başynda beren maglumatlaryna görä, diňe geçen ýylyň özünde ýurtda umumy bahasy takmynan 4,8 milliard amerikan dollaryna barabar önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň jemi 120 sanysy gurlup, ulanmaga berlipdir. Bu görkezijiler täze gurlan ýaşaýyş jaýlary üçin degişli däl.