Özbek jemgyýetiniň gaçgak başlygy Şwesiýada peýda boldy

Tanymal telekeçi we deputat bolan Kadyrjan Batyrow bir zaman, Gyrgyzystanyň özbek jemgyýetiniň lideri hökmünde, sylagly adamlaryň biri bolupdy.

Kadyrjan Batyrow bir zaman Gyrgyzystandaky özbek jemgyýetiniň iň bir agyzly we täsirli agzalarynyň biridi. Ýöne geçen ýyl ýurduň günortasynda bolan ganly etniki çaknyşyklardan soň köp adam, şol sanda özbekleriň özleri hem Batyrowy gandöküşikligi gurnamakda aýyplady.

Ozal Ukraina gaçyp atan Batyrow şu hepde Şwesiýada peýda boldy. Ol bu ýerde özüne syýasy gaçybatalga berlendigini aýdýar. Batyrow Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde özüne garşy aýdylýan zatlary inkär etdi we ýurduň täze prezidenti Almazbek Atambaýewi Gyrgyzystany öz etniki azlyklarynyň ählisi üçin howp-hatarsyz ýere öwürmäge çagyrdy.

Tanymal telekeçi we deputat bolan Kadyrjan Batyrow bir zaman, Gyrgyzystanyň özbek jemgyýetiniň lideri hökmünde, sylagly adamlaryň biri bolupdy. Ol hakda Gyrgyzystanda baýlygy boýunça ikinji ýerde durýar diýen gürrüň edilýärdi. Şeýle-de ol “Rodina” syýasy partiýasynyň lideridi, ýurduň günortasyndaky Jalalabat şäherinde Halklaryň dostlugy uniwersitetini döredipdi.

Batyrow şol uniwersitetde, geçen ýyl ýurduň günortasynda bolan ganly çaknyşyklardan öňki birnäçe hepdäniň dowamynda, müňläp özbegi özleriniň gyrgyz köplüginden görýän sütemlerine garşy protest bildirmäge hyjuwlandyrypdy. 500-e golaý adamyň, esasan özbekleriň we bir topar gyrgyz resmisiniň ölümine getiren çaknyşyklardan soň, hatda özbekleriň hem käbiri Batyrowy we onuň golasty işgärlerini zorlukly hadysany gurnamakda aýyplady.

Batyrow basym ýurtdan gaçdy we biraz soň gaýybana sud edildi. Ol separatist propagandada, etnigara ýirenje meçew bermekde we Jalalabatda hem Oşda özbekler bilen gyrgyzlaryň arasyndaky çaknyşyklary gurnamakda aýyplandy. Jalalabat sudy ony 28-nji oktýabrda günäli tapdy we ömürlik tussaglyga höküm etdi.

Emma Batyrow Şwesiýada peýda boldy we bir ýyla golaý Ukrainada pena tapandan soň, syýasy gaçybatalga alandygyny aýdýar.

Aýyplamalary inkär edýär

56 ýaşly telekeçi Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen söhbetdeşlikde Kiýew häkimiýetleriniň özüni Gyrgyzystana ekstradasiýa etmäge taýýarlanýandyklaryny eşidenden soň, 4-nji noýabrda Ukrainadan gaçmaga mejbur bolandygyny gürrüň berdi.

Batyrow özüne bildirilýän aýyplary gaýta-gaýta inkär etdi. Ol 2010-njy ýylyň aprelinde gyrgyz prezidenti Kurmanbek Bakyýew häkimiýetden çetleşdirilenden soňky hepdelerde öz özbek ildeşlerini ýokarlanýan durnuksyzlyk howpundan habardar etmäge çalşandygyny, olara hiç bir jähtden zyýan ýetirmekçi bolmandygyny aýdýar:

—Men etniki özbeklere ýurtdaky syýasy ýagdaýyň örän çylşyrymlydygyny, gyrakladylan prezident Bakyýewiň tarapdarlarynyň sebiti durnuksyzlaşdyrmak üçin bir zatlar etmeginiň ahmaldygyny düşündirjek boldum. Men hiç kimi köpçülikleýin gozgalaň turuzmak üçin köçä çykmaga ýa başga bir şuňa meňzeş zada çagyrmadym.

Batyrow “gyrgyz goşunlarynyň, polisiýasynyň, serhetçi esgerleriň we howpsuzlyk güýçleriniň bileleşip, jenaýatçy bir topara öwrülmeginde we özbekleri ýanamagynda özüni günäli hasaplamaýandygyny” nygtady.

Gyrgyzystanda 2010-njy ýylyň zorlukly hadasasynyň günäkärleri barada belli bir pikire gelmek heniz başardanok. Halkara Gyrgyzystan derňew komissiýasynyň şu ýyl çap eden hasabatynda bu zorlukda esasy ežir çekenleriň özbeklerdigi aýdylýar, ýöne gyrgyzlara garşy “sistematiki” özbek hüjümleriniň hem bolandygy tassyk edilýär.

Hasabat ýurduň günortasynda bulaşyp barýan ýagdaýyň öňüni alyp bilmänligi üçin Roza Otunbaýewanyň geçiş hökümetini hem tankyt edýär we özbek jemgyýetiniň liderlerlerini, şol sanda Batyrowy bu zorluga göni baglanyşdyrmaýar.