Adam ösüşi – 2011: Türkmenistan 102-nji orunda

Hasabatda berlen maglumatlardan çen tutulsa, adam ösüşi boýunça Türkmenistan Gazagystandan soň Merkezi Aziýa regionynda öňde barýan ýurt hasaplanýar.

BMG-niň Ösüş programmasynyň adam ösüşiniň görkezijileri boýunça täze hasabatynda hemmelere deň mümkinçilik döredip, durnukly öňegidişligi gazanmak meselesine üns çekilýär. Onda ekologiýanyň ilatyň durmuşyna ýetirýän täsiri barada hem gürrüň edilýär.

Ýakynda Türkmenistana sapar eden BMG-niň Ösüş programmasynyň garyplygy peseltmek boýunça Bratislawadaky regional merkeziniň bilermeni doktor Balaş Horwat 17-nji oktýabrda eden çykyşynda durnukly ösüşi gazanmak üçin üç meselä üns bermelidigini nygtady:

—Olaryň biri – ykdysady durnuklylyk, ol köp ýurtlar üçin gaty zerur. Ykdysady durnuklylyk bolan ýurtlarda maýa ýatyrmak üçin, ilaty sosial taýdan üpjün etmek üçin maliýe mümkinçilikleri bolýar. Emma ykdysady durnuklylyga goşmaça sosial durnuklylyk zerur. Sosial dartgynlygy ýokary bolan ýurtlar örän möhüm problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şeýle hem durnukly ösüşe ýetmek üçin daşky gurşaw boýunça durnuklylygy gazanmak zerur. Bu meseläniň çözgüdi uzak möhletleýin bolsa-da, ol beýleki meseleler bilen deň möhümdir.

Wideo: Balaş Horwatyň çykyşyndan. Çeşme: UNDP Türkmenistan

http://www.youtube.com/embed/Co-V2B-5MqM

Bu hasabatda ýurtlar adam ösüşi bilen bagly görkezijiler boýunça örän ösen, ösen, ortaça we ösüş derejesi pes bolan toparlara bölündi.

BMG-niň Ösüş programmasynyň 2011-nji ýyl boýunça Adam ösüşi görkezijisinde Norwegiýanyň ýaşaýjylaryna ösmek üçin durmuşda iň amaly şertleriň döredilýändigi aýdyldy. Awstraliýa, Birleşen Ştatlar, Täze Zelandiýa we Gollandiýa ýaly ýurtlar hem öňdebaryjy orunlarda ýerleşdirildi.

Öňki sowet giňişligine giren ýurtlardan Orsýet, Gazagystan, Gürjüstan, Ukraina, Azerbaýjan we Ermenistan ýaly ýurtlar ösen ýurtlaryň hataryna goşuldylar. Özbegistan, Moldowa, Gyrgyzystan ýaly ýurtlar bilen birlikde Türkmenistan ösüş derejesi ortaça bolan ýurtlaryň hataryna goşuldy. Hasabatda berlen maglumatlardan çen tutulsa, adam ösüşi boýunça Türkmenistan Gazagystandan soň Merkezi Aziýa regionynda öňde barýan ýurt hasaplanýar.

Gazagystanly ykdysatçy, monopoliýa garşy döwlet komitetiniň öňki ýolbaşçysy Pýotr Swoik Gazagystanyň hem Türkmenistanyň regiondaky beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende has köp mümkinçilikleriniň bardygyny aýdýar:

—Merkezi Aziýa regionynda adam ösüşi boýunça görkezjilerde Gazagystanyň hem Türkmenistanyň öňde barmagyna men gowy düşünýärin hem bu hasabatyň azda-kände adalatly düzülendigini aýdasym gelýär.

Pýotr Swoik Türkmenistan bilen Gazagystanyň regionda öňdebaryjy bolmagyny iki ýurduň hem maliýe mümkinçilikleriniň ýokarylygy bilen düşündirdi. Ol, şeýle mümkinçilikler bolsa, ekologiýa we beýleki meseleler bilen bagly kynçylyklary aradan aýryp bolýandygyny hem aýdýar.

Şol bir wagtda-da BMG-niň Ösüş programmasynyň adam ösüşi boýunça görkezijisine görä, tebigy resurslara baý Orsýet 66-njy orunda, tebigy baýlyklary çäkli bolan Estoniýa bolsa 34-nji orny eýeleýär. Öňki sowet giňişligine giren ýurtlardan diňe baltikaýaka üç ýurt adam ösüşi boýunça örän ýokary topara goşuldy.

Türkmenistanyň maliýe pudagynda uzak wagtlap işlän, häzir Bolgariýada ýaşaýan ykdysatçy Annadurdy Hajyýew bu hasabatyň durmuşyň köp taraplaryny öz içine alýandygyny aýdýar:

—Bu hasabaty düzenler Türkmenistanda umumy içerki önümiň möçberi adam başyna 7,306 dollar diýip, maglumat berýärler. Özbegistanda bolsa bu görkeziji adam başyna 2,900 dollara barabar. Ýöne bilim almak meselesinde Özbegistandaky ýagdaýyň Türkmenistanyňkydan gowudygy aýdylýar. Ýa-da türkmen raýatlarynyň ömrüniň uzaklygy 65 ýaş bolsa, özbek raýatlarynyň ömrüniň uzaklygy ortaça 68 ýyl diýlip, maglumat berilýär.

Bilermeniň bellemegine görä, garyplygyň derejesi we beýleki käbir görkezijiler boýunça BMG-niň Ösüş programmasynda Türkmenistan babatda maglumatlaryň ýokdugy ýazylypdyr. Ýagny, hasabaty düzenler özlerine gowşan maglumatlardan peýdalanypdyrdylar. Hajyýew Türkmenistan bilen bagly has doly hem ygtybarly maglumatlar bolan bolsa, bu ýurt adam ösüşi boýunça düzülen hasabatda şeýle ýokary orny eýelemezdi diýen pikirde.

Gazagystanly ykdysatçy Pýotr Swoik bu hasabatlaryň arifmetiki hasaplamalaryň esasynda düzülýändigini aýdyp, şeýle hasabatlaryň şol sanlaryň netijesinde anyklanýan zatlary görkezýändigini belleýär:

—Bu hasabat surat bilen diri adamy deňeşdiren ýaly. Surat adamyň özüne gaty meňzeýar, emma ol diri adam däl. Hasabat hem şeýle, ol ýagdaýa azda-kände adalatly baha berýär, emma belli bir ýurtdaky ýagdaýy doly öwrenmek üçin, onuň içinde ýaşap, adamlaryň hakyky durmuşy bilen tanyşmaga synanyşmaly.

BMG-niň Ösüş programmasynyň 2011-nji ýyl boýunça adam ösüşi boýunça görkezjisinde Türkmenistan 102-nji orunda ýerleşdirildi. Adamyň ösüşi boýunça geçen ýyl ýaýradylan hasabatda Türkmenistan 87-nji orny eýeläpdi.