Owganystan bilen Pakistanyň ýolbaşçylary Owganystanyň öňki prezidenti Burhanuddin Rabbaniniň ölüminiň sebäplerini bilelikde derňemek barada ylalaşyga geldiler. Bu maglumat 1-nji noýabrda Türkiýäniň Stambul şäherinde agzalýan ýurtlaryň liderleri bilen Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gülüň gatnaşmagynda geçirilen ýygnakdan soňra yglan edildi.
Şol gepleşiklerden soňra eden çykyşynda Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül şeýle diýdi:
—Şu günki sammitiň iň möhüm kararlaryndan biri Owganystanyň öňki prezidenti Rabbaniniň janyna kast edilmeginiň sebäplerini bilelikde derňemek boýunça Pakistan bilen Owganystanyň arasynda hyzmatdaşlyk mehanizminiň döredilmegi barada gelnen ylalaşykdyr. Bu iki ýurduň çyn ýürekden işleşýändigini aňladýar.
Gülüň aýtmagyna görä, bu baradaky derňewler iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň we aňtaw gulluklarynyň gatnaşmagynda bilelikde alnyp barlar.
Owganystanda “Talyban” bilen gepleşikler geçirmek üçin döredilen ýokary geňeşiň ýolbaşçysy bolan Rabbani 20-nji sentýabrda janyndan geçen bombaçy tarapyndan öldürilipdi. Owganystan şol hüjümiň Pakistanyň Kueýta şäherinde ýerleşýän “Talyban” topary tarapyndan amala aşyrylandygyny aýdyp, “Talyban” bilen barlyşyk boýunça alnyp barylýan gepleşikleri ýatyrýandygyny yglan edipdi.
Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Owganystanda janyndan geçen bombaçylar tarapyndan amala aşyrylýan hüjümlerde Pakistanyň harbylarynyň aňtaw gullugynyň rolunyň bardygyny aýdyp gelýär. Yslamabat bolsa bu aýyplamalary ret edýär.
Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý gelnen bu ylalaşygy makullap, Rabbaniniň ölüminiň bu iki ýurduň öňden hem dartgynly bolan gatnaşygyna ýaramaz täsir ýetirenligini belläp, şeýle diýdi:
—Biziň aramyzda barlyşyk boýunça gepleşikler ýatyryldy diýen ýaly. Şu mesele barada aýdylanda, şu gün Türkiýede prezident Abdullah Gülüň gurnamagynda geçirilen duşuşyk juda möhüm ähmiýete eýedir. Men hem-de prezident Gül we prezident Zardari - hemämiz Rabbaniniň ölüminiň sebäplerini derňemek barada ýola goýlan bu mehanizmiň üstünlikli we iki ýurduň aragatnaşygynyň geljegi barada gowy netije bilen tamamlanjagyna umyt edýäris.
Pakistan bilen Owganystanyň harby we aňtaw gulluklarynyň ýolbaşçylary hem türkiýeli kärdeşleriniň gatnaşmagynda gepleşikler geçirdiler. Şeýle-de howpsuzlyk we ykdysady pudaklary öz içine alýan ençeme ylalaşyklara-da gol goýuldy.
Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari öz eden çykyşynda Owganystan bilen Pakistanyň arasyndaky dartgynlygy köşeşdirmek boýunça Türkiýäniň oýnap biljek roly babatda şeýle diýdi:
—Problema regionyň içinde çözgüt tapmaly. Region bu barada jogapkärçiligi öz boýnuna almaly. Uzaklarda ýerleşýän gowy hem pozitiw niýeti bolan dostlarymyzyň bize kömek etmek isleýän bolmagy mümkin, emma olar biziň medeniýetimize hem-de däp-dessurlarymyza düşünmeýärler. Bir dost we musulman ýurt hökmünde, bu barada ýardam etmek hem-de zerur ädimleri ätmek barada ýol görkezmek nukdaýnazaryndan Türkiýäniň pozisiýasy has amatly.
Karzaý bilen Zardari özara gepleşiklere başlamak barada pozitiw pikir beýan etseler hem, Owganystanyň öňki lideri Rabbaniniň ölüminden soňra, prezident Karzaý “Talyban” bilen barlyşyk boýunça gepleşikleriň gaýtadan başlanmagynyň häzirlikçe göz öňünde tutulmaýanlygyny aýtdy.
2-nji noýabrda Owganystan bilen Pakistan Türkiýe tarapyndan howandarlyk edilýän hem-de regionyň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilýän sammite hem gatnaşdylar.
Owganystan boýunça geçirilen hem-de ösüşe we ýardama gönükdirilen bu sammite Hytaýyň, Hindistanyň, Eýranyň, Orsýetiň we Merkezi Aziýada ýerleşýän bäş ýurduň wekilleri hem gatnaşdylar.
Synçylaryň aýtmagyna görä, ABŞ we NATO güýçleriniň Owganystany terk edip başlan häzirki pursatynda, dekabrda Germaniýanyň Bonn şäherinde we 2012-nji ýylda bolsa ABŞ-nyň Çikago şäherinde Owganystana gönükdirilip geçiriljek sammitlerden ozal, Pakistan bilen Owganystanyň syýasy gatnaşygynyň kadalaşdyrylmagy zerur hasaplanýar.