Londonda internet howpsuzlygy meselesine garaldy

Britaniýanyň daşary işler ministri Wilýam Heýg

Londonda 1-nji noýabrda dürli ýurtlaryň ministrleri, internet aktiwistleri, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary iki günlük maslahata ýygnanyşyp, internetdäki söz azatlygyny, internetiň döredýän mümkinçiliklerini çäklendirmän, internetden abanýan howpy aradan aýyrmagyň ýollaryna garadylar. Şeýle-de bu maslahatda internet arkaly edilýän jenaýatyň öňüni almak meselesi boýunça pikir alşyldy.

Bu iki günlük maslahata 60 ýurduň dürli wekilleri gatnaşdylar. Britaniýanyň daşary işler ministri Wilýam Heýg internet giňişligine bagyşlanan bu halkara konferensiýasynyň esasy maksadynyň internetiň döredýan goşmaça mümkinçilikleri hem ondan abanýan howpuň arasynda dialogy ýola goýmakdan ybaratdygyny mälim etdi.

Wilýam Heýg geljekki nesil howpsuz internetiň hözürini görüp biler ýaly häzirden tagalla edip başlamalydygyny nygtady:

—Geljekde hiç bir jenaýatçynyň nyşanasyna düşmän, howpsuz internet giňişliginden peýdalanmaga ýol açmak hemmämiz üçin bähbitlidir. Geljekde bizi durmuşda goraýan kanunlar, düzgünler bizi internetde hem gorar ýaly çäre görmeli. Internetden jenaýat, terrorçylyk, haker hüjümi üçin hyýanatçylykly peýdalanýanlara bu jenaýatlary amala aşyrmak gitdigiçe kyn bolar ýaly etmeli.

Internet älemine bagyşlanyp geçirilen bu konferensiýa Hindistan, Hytaý, Orsýet ýaly ýurtlaryň wekilleri bilen bir hatarada Wikipediýanyň düýbüni tutan Jimmi Weýls, “Facebook” sosial ulgamynyň ýolbaşçylarynyň biri Joanna Şilds, kompýuter wiruslary boýunça bilermen Ýeugen Kasperskiý ýaly internet ulgamynda ady belli adamlar gatnaşdylar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton hem bu konferensiýa gatnaşmagy planlaşdyrýardy. Emma onuň ejesiniň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy sebäpli ol Londona gelip bilmedi. Hillari Klintonyň ýerine ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden wideo arkaly konferensiýa gatnaşyjylara ýüzlendi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti internet giňişligi bilen bagly hemme diskussiýalaryň netijesinde internet azatlygy, ykdysady ösüş, howpsuzlyk, internetdäki jenaýata garşy gorag, syýasy-harby meseleleri öz içine alýan halkara syýasatyny düzmek teklibini öňe sürdi.

Şol bir wagtda-da ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileri ýörite internet giňişligi üçin täze düzgünler toplumyny düzmegiň zerur däldigini aýdýarlar. Olar öň bar bolan düzgünler internet giňişliginiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen täzelense ýeterlik diýen pikiri orta atdylar.

Günbatar ýurtlary internetde awtorlyk hukuklaryna hormat goýulmaýandygy barada alada bildiren bolsalar, Hytaý, Orsýet ýaly ýurtlaryň wekillerini arap ýurtlaryndaky wakalarda internetiň sosial aragatnaşyk websaýtlarynyň oýnan uly roly ynjalykdan gaçyrýar.

Şu ýylyň sentýabr aýynda Hytaý, Orsýet, Täjigistan hem Özbegistan ýaly ýurtlar BMG-ä internet giňişligindäki tertip-düzgünlerden ybarat global kodeksi teklip etdiler. Bu kodekse beýleki düzgünler bilen bir hatarada internet arkaly köpçülige ýetirilýän meseleleri çözmek ygtyýarlygynyň her döwletiň özüne degişli bolmalydygy baradaky düzgün hem girizildi.

Internetiň has erkin bolmagynyň tarapdarlary şeýle düzgünleriň söz hem pikir azatlygyny çäklendirjekdigini aýdyp, bu barada alada bildirdiler.

Käbir ekspertleriň pikiriçe, Londonda internet giňişligine bagyşlanyp geçirilen halkara konferensiýada maslahatlaşylan meseleleriň aşa köp bolmagy sebäpli diskussiýalaryň artyk netije bermezligi mümkin. Ýöne internetde çaga pornografiýasyna hem jenaýata garşy göreşmek üçin halkara kanunlaryny ýakyn wagtda kabul eder ýaly hyzmatdaşlygyň zerurdygy ikuçsyz diýip, bilermenler aýdýarlar.