Kül ýygnap gün görýärler

Döwletow: "Çilimiň örän gymmatlamagy zerarly, çilimkeşleriň köpüsiniň nas atmaga geçen häzirki döwründe kül örän zerur haryt".

Kül—nas taýýarlamakda iň gerekli haryt bolup durýar. Kül çöpleýänlere günde on manat tölenýär.

Oba ýerlerinde henizem tamdyra çörek bişirýärler. Sebäbi oba adamlarynyň köpüsi dükanlarda satylýan drožly çörekleri iýmegi halamaýarlar. Şonuň üçin olar ýörite türkmen hamyrmaýasyny goşup ýugrulýan hamyrdan tamdyra çörek bişirip iýýärler. Ojaklarda tebigy gaz ýakylýan-da bolsa, tamdyrlarda gowaça çöplerini ýakýarlar. Şeýle bolansoň, gowaça çöpünden emele gelýän kül arassa. Ol nas ýasamak üçin örän gerekli haryt bolup durýar.

Aýratyn-da, çilimiň örän gymmatlamagy zerarly, çilimkeşleriň köpüsiniň nas atmaga geçen häzirki döwründe kül örän zerur haryt. Nas öndürijileriň ýörite kül ýygnaýjylary bar. Kül ýygnaýjylaryň gününe on manat tölenýär. Iş tapmagyň kyn zamanasynda kül ýygnaýjylyk hem erbet kär däl. Haýsy öýe barsaň, tamdyrda kül bar. Kä öýlerde günde bar, kä öýlerde günaşa. Garaz, türkmenler türkmen çöregini bişirip dursa, kül gytlyk etmeýär.

Kül ýygnaýjylara her kim tamdyrynyň külüni gysganman berýär. Sebäbi tamdyryň külüni kül ýygnaýjylar äkitmese, öý eýeleriniň özleri ony çet gyra äkidip dökmeli bolýar.

Dogrusyny aýtsaň, kül ýygnamak pagta ekeniňden girdejili. Pagta ekip, hasyla ýetýänçäň, hasyly ýygnaýançaň edilýän çykdajylary, görülýän görgüleri hasaplanyňdan soň, maşgala 300-400 amerikan dollary möçberinde girdeji alýar. Bu iş üçin maşgaladaky ähli adamlar on aýlap zähmet çekýär. Kül ýygnaýana welin on aýda bir müň amerikan dollary düşýär. Bir ýylda ol 1200 amerikan dollaryny alýar. Eger bir maşgaladan küli iki adam ýygnasa, olara 2400 amerikan dollary düşýär. Bu pula oba ýerinde gelin edinip bolýar.

Nas taýýarlamak üçin esasan, kül hem hek goşýarlar. Bir kilogram temmäkä bir kilogram kül goşýarlar. Marylylar gum hem goşýarlar. Şeýle hem ony ýumşatmak üçin çigit ýagy goşulýar. Temmäkini şol durşuna nasa öwürseň, ol islendik adamyny zäherläp, onuň ömür tanapyny üzüp bilýär. Şonuň üçin temmäkiniň zäheri mazaly gowşar ýaly, oňa hek hem kül, gum goşulýar.

Adam jany üçin şeýle zyýanly zady agza atyp, nädip lezzet alýarlarka?

Alyjan Döwletow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, synçy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.