Gyrgyzystanyň häkimiýetden agdarylan prezidenti Kurmanbek Bakyýewiň apparatynyň başlygy bolan Medet Sadyrkulow özüniň kömekçisi we sürüjisi bilen juda elhenç ýagdaýda öldürilipdi.
Sadyrkulow gynamalara sezewar edilip, soňam boglup öldürilýär. Mundan soňra onuň jesedi awtoulaga ýerleşdirlip, maşyna ot berilýär. Bakyýewiň hökümeti bu bolup geçenleri ýol heläkçiligi diýip atlandyrypdy. Ýöne, başgalaryň pikirine görä, bu Sadyrkulowyň öz eýeleýän wezipesinden çekilip, syýasy oppozisiýa bilen hyzmatdaşlyga başlamagy karar edeni üçin tölän bahasydyr.
Şol wakadan iki ýyl geçensoň, derňewçiler bu işe dahylly bolmagy mümkin Bakyýewiň döwrüniň 30-a golaý resmisiniň işine seredip başlady. Ençeme adam tussag astyna alyndy, beýlekiler hem ýygy-ýygydan soraga çagyrylýar.
Ýöne esasy güman edilýäni ele salmak has kynrak. Içeri işler ministriniň birinji orunbasary Melis Turganbaýewiň aýtmagyna görä, Sadyrkulowyň ölümini gurnamakda Bakyýewiň dogany Janyş güman edilýär. Janyş 2010-njy ýyldaky halk gozgalaňyndan soň, Gyrgyzystany terk edipdi.
Içeri işler ministriniň birinji orunbasary Turganbaýew şol gozgalaňda häkimiýetden çetleşdirilen, häzir bosgunlykda – Belarusda ýaşaýan Bakyýewiň özüniň hem Sadyrkulowyň ölümine dahylly bolmagynyň mümkindigini aýdýar:
— Janyş Bakyýew bu iş boýunça esasy guramaçy hökmünde agzalýar. Ol bu adam öldürmäni planlaşdyran, jenaýat toparyny düzen adam. Biz Kurmanbek Bakyýew baradaky özümizde bar bolan maglumatlary hem seljerýäris. Şeýle-de onuň soraga çagyrylmagy üçin, zerur bolan resminamalary taýýarlaýarys. Men doly ynam bilen onuň bu buýrugy berendigini aýdyp biljek däl. Ýöne meniň bir zada ünsi çekesim gelýär, ýagny onuň habary bolmazdan, bu ýurtda beýle jenaýatlar amala aşyrylmazdy.
Köpleriň pikiriçe, Sadyrkulowyň meselesi, ýurduň demirgazyk we günorta sebiteriniň arasyndaky dartgynly ýagdaýlaryň dowam etmegi golaýlap gelýän prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasyndaky ýagdaýlary has-da ýitileşdirýär. Derňewe çekilen resmileriň tas ählisi diýen ýaly ýurduň günorta sebitlerindendir.
30-njy oktýabrdaky geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň birinji tapgyrynda ýurduň premýer-ministri demirgazykly Almazbek Atambaýew bilen ýurduň günortasyndan bolan “Ata-Jurt” partiýasynyň lideri Adakhan Madumarowyň arasynda garşy durma peýda bolar diýen howatyr bar.
Sadyrkulowyň işi Bakyýewiň režimi döwründe syýasy matlaply amala aşyrylan onlarça adam öldürmäniň diňe biri. Döwlet komitetiniň maglumatyna görä, Bakyýewiň häkimiýet başynda bolan bäş ýylynda 30-a golaý ýokary derejeli adam hakynatutmalaryň eli bilen öldürlipdir. Bu işleriň aglabasynyň häzire çenli üsti açylman gelýär.