Londonda, Frankfurtda protestçiler lager gurnadylar

Demonstrantlar tygşytlylyk çärelerine we maliýe guramalarynyň, banklaryň açgözlügine garşy protest geçirýärler, London, 16-njy oktýabr.

Girizilen tygşytlylyk çärelerine we maliýe guramalarynyň, ilkinji nobatda-da banklaryň açgözlügine garşy ýola goýlan kampaniýanyň çäginde Londonda, Frankfurtda we Amsterdamda ýüzlerçe adam daşarda lager gurap, protest geçirdiler. Protestçileriň käbiri bu işi dowam etdirjekdiklerini aýdýarlar.

15-nji oktýabrda dünýäniň 80 ýurdunda 900-den gowrak şäherde geçen köpçülikleýin protestlere on müňlerçe adam gatnaşdy.

Britaniýanyň paýtagtynda antikapitalistik demonstrantlar Londonyň Fond Biržasynyň golaýynda ýerleşýän Sankt Paul Kafedralynyň öňünde lager gurnadylar. Ýekşenbe güni bu ýerde gurlan çadyrlaryň sanynyň 70 töweregidigi habar berildi. Aktiwistler bu işi uzak wagtlap dowam etdirmek barada ylalaşyp, indi muňa gerekli çäreleri görýändiklerini aýdýarlar.

“Ýer ýüzünde diri galmak üçin adama esasy gerek zat suw bilen iýmit. Biz häzir nahar bişirmäge gerekli zatlary – suw we iýmit - taýýarlaýarys. Gyzgyn suwymyz bar. Adamlar bir käse çaý içip bilýärler. Indi hem el ýuwara suw gaýnatmak üçin bir gaz ojak alara pul ýygnaýarys. Arassaçylyk gerek” diýip, bir aktiwist aýdýar.

Baýdaklaryň ýüzünde “Imisalalygy saklap, Londony eýeläň”, “Banklary däl-de, halky halas ediň” diýen ýazgylar bar.

“Londonyň Fond Biržasyny eýeläň” diýen çadyrda Ollie Taýlor täze medianyň işini düşündirýär: “Biz adamlary öz mediamyzyň suratlary, wideoýazgylary bilen üpjün etmäge synanyşýarys, jemgyýetçiligi bolup geçýän zatlardan habarly etmäge synanyşýarys. Esasy mediada biziň pikirlerimiz halka çala ýetirilýär, biz şeýle hem öz garaýyşlarymyzyň bu mediada berlişi adalatsyz diýip pikir edýäris”.

Gollandiýanyň paýtagty Amsterdamda hem ýekşenbe güni 300 töweregi adamyň fond biržasynyň öňündäki meýdanda lager gurap ýatandygy habar berildi.

Germaniýanyň maliýe paýtagty Frankfurtda 200 töweregi protestçi Ýewropanyň merkezi bankynyň öňünde lager gurnadylar. Protestçileriň biri Aleksander Zak bu işiň dowam etdiriljekdigini bildirdi: “Ertirden beýläk biz gowşagrak şekilde bankyň öňünde durarys. Bankçylar biziň aramyzdan geçip bilerler. Ýöne olar biziň ýüzümizi görüp geçmeli bolarlar, biziň bu ýere öz edýän maliýe jenaýatlaryna garşy göreşmek üçin gelendigimizi görerler. Olar bolýan zatlar barada oýlanýan we bir özgerişiň bolmagyny islýän adamlaryň bardygyny bilsinler”.

Rimde dörän bidüzgünçiliklerde, şäher häkiminiň çaklamagyna görä, bir million dollardan agdyk zyýan çekilipdir.



Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun ýekşenbe güni agşam hökümetleriň hemme ýerde uly “defisitler” bilen ýüzbe-ýüz durandygyny, iň ýamanynyň-da “ynam defisitidigini” aýtdy.

Lissabonda, Madridde we Rimde şenbe güni geçirilen protestlere hem on müňlerçe adam gatnaşdy. Protestleriň köpüsi parahatçylykly geçdi. Ýöne Rimde dörän bidüzgünçiliklerde, şäher häkiminiň çaklamagyna görä, bir million dollardan agdyk zyýan çekilipdir. Bu protestlerde 12 adam tutulyp, 130-dan gowrak adam ýaralandy. Bularyň aglabasy polisiýa işgärleri.

Rimde ýüz beren gazaply hereketler şäheriň Antonino Fiuggi ýaly ýaşaýjylaryny gaharlandyrdy: “Bu adamlar suduň hökümi we medeniýet bilen terbiýelenmeli. Meniň pikirim şu. Siwilizlenen ýurtda bular ýaly zatlar bolmaly däl, bular ýaly zatlara ýol berilmeli däl”.

Gresiýada hem deňizçileriň duşenbe güni başlanan 48 sagatlyk iş taşlaýşy zerarly ýolagçy gämileri gymyldysyz galyp, ýurduň onlarça adasyna gatnaw kesildi.

Çarşenbe güni Gresiýada täze tygşytlylyk çäreleri barada ses berişlik bolar. Şol günden başlap hem tutuş ýurtda iki günlük umumy iş taşlaýyş geçer diýlip garaşylýar.