Döwletmyratlar gerek

Aşgabatda ýaşaýan graždan aktiwisti, “Agzybirlik” halk hereketiniň egindeş başlygy Nurberdi Nurmämmedow

Şu ýylyň 7-nji iýulynda Abadan şäheriniň golaýynda örän erbet tehnogen katastrofa ýüze çykdy. Şol tehnogen heläkçiligiň netijesinde uly ýumrulyşyklar boldy. Adam pidalary bar. Ol heläkçiligiň iň erbet tarapam şol adam pidalarydyr.

Biziň hökümetimiz şony birbada boýun almady. Emma Döwletmyrat Ýazgulyýew ýaly žurnalistleriň öz borçlaryny gaýduwsyzlyk bilen berjaý etmekleri netijesinde, şol katastrofanyň netijesini biziň hökümetimiz parasatlylyk edip, boýun aldy. Munuň özi biziň garaşsyz döwletimiziň ilkinji boýun almasy bolmagy mümkin.

Şol heläkçiligiň netijeleri barada Döwletmyrat Ýazgulyýewiň çykyşlary, ýagdaýy real suratlandyryşy, halkyň tarapynda bolup, pida bolanlara hem ejir çekenlere kömek bermegi hökümete teklip etmegi netijesinde, pida bolanlardan 15 adamyň maşgalasyna, taryhymyzda ilkinji gezek 15 müň dollar möçberinde kömek edildi. Beýlekilere kompensasiýa berildi.

Şu kompensasiýa biziň hökümetimiziň şol tehnogen heläkçiligi meselesindäki syýasatyny adamkärçilikli ýola öwürdi. Bu biziň hökümetimiziň ýüzüni ýuwdy hem-de halk bilen hökümetiň arasynda azda-kände ynama ýol açdy.

Töwekgelçilik

Şunuň ýaly iş eden žurnaliste, meniň pikirimçe, mynasyp baha bermeli, oňa baýrak bermeli. Ol özüniň batyrgaý çykyşlary bilen, bir tarapdan, halka kömek edýän bolsa, ýurtda adalatyň ornamagyna ýol açýan bolsa, ikinji tarapdan, öz janyna töwekgelçilik edýär. Ol muny bilýär. Emma ol çekinip durmady.

Biziň döwletimiz olar ýaly adamy sylamaýar. Olar ýaly adamyň sarpasy tutulanok. Biziň döwletimize ýaranjaňlar gerek. Emma Döwletmyrat Ýazgulyýew olar ýaly adamlardan däl. Şonuň üçinem tehnogen katastrofanyň yz ýany ony ýörite gulluklara çagyrdylar. Oňa töhmetçilikde aýyplama bildirip, ýene şunuň ýaly iş etse, jenaýata çekiljegini duýdurdylar.

Elbetde, ol duýduryşyň, onda-da howpsuzlyk gullygy tarapyndan edilen duýduryşyň ýöne-möne zat däldigine Döwletmyrat Ýazgulyýew düşünýärdi. Emma Watanyň, halkyň öňündäki borjy ony şol duýduryşdan gorkman, öz işini dowam etmäge iterdi.

Ýakynda bolsa şol duýduryşyň amala aşyrylyşynyň şaýady bolduk. Ýazgulyýewi öz maşgalalarynyň agzasyna töhmet atmakda hem jana howp salmakda aýyplap, Kaka etrabynyň polisiýa bölümine äkitdiler. Onuň garşysyna buýruk esasynda arza ýazdyryldy. Soňam şol bolmadyk waka “gatnaşdy” diýilýän adamlary gorkuzyp, haýbat atyp, ýene bir arza ýazdyrdylar.

Ýerliksiz we aýylganç

Oňa bildirilen günä hem ýerliksiz, hem-de aýylganç. Şunlukda, ýalançylyk bilen ýöňkelen günä esasynda Döwletmyrat Ýazgulyýew bäş ýyllyk möhlet bilen türmä atyldy. Bu Döwletmyrat Ýazgulyýewiň öz žurnalistlik borjuny berjaý edenligi üçin, ondan ar alyş çäresi boldy.

Aslynda biziň halkymyza, şonuň bilen birlikde biziň döwletimize-de ýalan-ýaşryk ýazýan žurnalistler däl-de, kynçylyklardan gorkman, hakykaty ýazyp, halkyň tarapynda çykyş edýän Döwletmyrat Ýazgulyýew ýaly žurnalistler gerek.

Şu sud prosesi örän uly ýalňyşlyk boldy. Özem bu ýalňyşlyk Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy bellenjek bolup durka, ýarym ýyla ýetmän prezidentlik saýlawlary geçiriljek wagtynda boldy.

Bäş ýyllap türmede bolmaly Döwletmyradyň yzynda üç çagaly aýaly galdy. Ol hem işsiz. Hukuk goraýjylar Döwletmyrady suda çekip, näme gazanýar? Diňe maşgalany bozmak, diňe adamdan ar almak – bu şundan başga zat däl.

Emma Döwletmyrat Ýazgulyýewiň ýaranam köpdür, ony gorajagam köpdür. Men bir zady isleýän. Meseläni şol zatlara ýetirmän, Döwletmyrady häziriň özünde türmeden günäsi ýok adam hökmünde boşatmaly.

Nurberdi Nurmämmedow Aşgabatda ýaşaýan graždan aktiwisti, “Agzybirlik” halk hereketiniň egindeş başlygy.