Öz hasabyna daşary ýurtlarda okap gelen türkmenistanlylar özleriniň bilimleri baradaky resminamalaryny ykrar etdirmeli bolýarlar. Türkmenistanda daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň beren diplomlaryny ykrar etmekligiň ýörite düzgüni bar.
Öň bu düzgünnama Türkmenistanyň prezidentiniň 2001-nji ýylyň 6-njy awgustynda “Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw jaýlarynda okamagy barada” çykaran karary esasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2009-njy ýylyň 3-nji iýunynda çykaran № 121 buýrugy bilen tassyklanandy.
Şu ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň prezidenti daşary ýurtlarda okan raýatlary alan hünärlerine laýyklykda işe ýerleşdirmek, daşary ýurt döwletlerinde berlen bilim hakyndaky resminamalaryň Türkmenistanda ykrar edilmeginiň düzgünlerini tertipleşdirmek maksady bilen, karara gol çekdi. Daşary ýurt okuw jaýlarynyň ýokary we orta bilim hakyndaky beren resminamalaryny ykrar etmegiň täze düzgünnamasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň şu ýylyň 21-nji maýynda çykaran buýrugy bilen tassyklandy.
Täze düzgünnama boýunça, indi ýurduň raýatlary daşary ýurtlarda alan orta bilim hünäri baradaky resminamalaryny hem ykrar etdirip bilýärler. Şeýle-de, daşary ýurt okuw jaýlarynda gaýybana (agşamky) görnüşlerinde okan raýatlaryň hem bilim baradaky resminamalary ykrar edilýär. Okuwlaryň gaýybana (agşamky) görnüşleri boýunça hünärler Türkmenistanda ýokary hünär bilimleriniň degişli klassifikatoryna gabat gelmelidigi ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen bolmalydygy barada täze düzgünnamada aýdylýar.
Öňki düzgünnama boýunça, daşary ýurduň ýokary okuw jaýynyň diňe gündizki bölüminde okan raýatyň diplomy ykrar edilýärdi. Gaýybana (agşamky) okuw bölümlerinde okan raýatlaryň resminamalary ykrar edilmeýärdi. Öňki düzgünnamadaky ýaly, täze düzgünnamada hem resminamalary ykrar edilýän ýokary okuw jaýlary döwlete degişli bolmaly. Bu ýagdaý GDA ýurtlaryna degişli. GDA ýurtlaryndan gaýry ýurtlaryň ýokary okuw jaýlary döwlet boýunça abraýly ýokary okuw jaýlarynyň hataryna girýän bolmaly. Olaryň sanawynyň her ýyl Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan kesgitlenýändigi barada bu düzgünnamada aýdylýar.
Daşary ýurt döwletiniň ýokary (orta) bilim hünäri baradaky beren resminamalaryny ykrar etmeklige garamak üçin gerek bolan resminamalar şu aşakdakylardan ybarat:
1.Raýaty daşary ýurda okuwa iberen ministrligiň ýa-da pudak edarasynyň ýokary bilim hakyndaky resminamany ykrar etmek barada towakganamasy.
2.Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hususy tertipde okan raýatyň ýokary ýa-da orta bilim hünäri baradaky resminamasyny ykrar etmek barada onuň arzasy.
3.Ýokary ýa-da orta bilim hakyndaky resminamanyň nusgasynyň notarius arkaly tassyklanylan 2 sany göçürme nusgalary hem-de olaryň türkmen diline resmi terjimesi.
4.Okuw dersleri, okuw sagatlarynyň möçberi we her bir okuw dersi boýunça bahalar, şeýle hem okadylyşyň görnüşi görkezilen hasap-synag sanawnamasynyň göçürmesiniň notarius tarapyndan tassyklanan 2 sany nusgalary we olaryň türkmen diline resmi terjimesi.
5.Ýokary (orta hünär) okuw jaýynda okan döwrüni, ýokary (orta hünär) okuw jaýynda okan döwründäki okuwyň görnüşini, hünäri boýunça okuwyň degişli görnüşiniň normatiw möhletini ýokary (orta) hünär bilimi hakynda berlen diplomyň seriýasyny we belgisini görkezýän, şeýle-de, Türkmenistanyň raýatyna ýokary hünär bilimi hakyndaky resminamany beren ýokary okuw jaýynyň adynda döwlete degişlidigi barada maglumat bolmadyk ýagdaýynda guramaçylyk-hukuk görnüşi boýunça döwlet okuw jaýlaryna degişlidigini ýa-da abraýly ýokary okuw jaýlarynyň hataryna girýändigini görkezýän güwänama. Ýokary okuw jaýynyň bu güwänamasy ýokary okuw jaýynyň gerbli blankasynda, ýokary okuw jaýynyň ýolbaşçysynyň goly bilen möhür basylan görnüşde bolmaly. Onuň asyl nusgasy hem-de türkmen diline resmi terjimesi hem gerek.
6.Raýatyň pasportynyň nusgasy.
7.Bellenen nusga boýunça özi barada maglumat.
Resminamalar tabşyrylanda bilim hünäri baradaky resminamany we hasap-synag depderçesiniň asyl nusgasyny görkezmeli. Şu resminamalar tabşyrylandan soň, diplomyny ykrar etmek isleýän raýat ekzamene goýberilýär. Ekzamenleriň geçirilişi we guralyşy Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň gutardyş ekzamenleri üçin bellenilen tertipde amala aşyrylýar. Ekzamenden ýykylan raýat 1 ýyldan soň täzeden ekzamen tabşyryp bilýär. Emma ekzamen diňe 2 gezek tabşyrylyp bilinýär. Şondan soň gaýtadan ekzamen tabşyrylmaga rugsat berilmeýär.
Myrat Gurbanow Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy.