Orsýetde internet jemgyýeti özgerdýär

Wadim Nikitin: “Orsýetlileriň bolsa bu saýtda polisiýanyň korrupsiýasy we gatnawdan galp peýdalanylmagy baradaky wideolary ýerleşdirýändiklerini görmek bolýar”.

Swetlana Priwalowa Tatarystanyň paýtagty Kazanda 19 ýaşly studentkä. Ol 2004-nji ýylda Beslandaky mekdepde bolan zamun alnyşykda 300-den gowrak çaganyňdyr uly adamlaryň heläk bolmagy bilen bagly wakany öz gözi bilen görüpdi.

Swetlana Priwalowa 2004-nji ýylda bu betbagtçylyk bolanda, özüniň çagalara kömek etmek isländigini, bu waka bolanda başga-da köp adamlaryň gynanandygyny, ýöne nädip kömek etjeklerini bilmändiklerini aýdýar.

Şu ýylyň iýul aýynda Priwalowa syýahat gämisi “Bulgariýa” Wolga derýasyna batyp, köpüsi aýallardan we çagalardan ybarat 120-den gowrak adamyň derýada gark bolmagy bilen bagly wakalara-da şaýat bolupdy.

Bu gezek Swetlana Priwalowa ikirjiňlenip durman, derrew kömek toparyna goşulypdyr. Priwalowa bu hakda: “Bu güýç birikdirip, kömek etmek maksady bilen döredilen topardy. Biz ölenleriň kyrkyny bellemek üçin ýörite ýygnanyşyk geçirdik. Häkimiýetlerden muňa gatnaşan ýa bir iş eden adam bolmady. Bu işleri ýola goýan ýönekeý ilat” diýýär.

Üýtgän zat näme?

Eýsem, Beslan wakasy bilen “Bulgariýanyň” suwa gark bolmagy bilen bagly wakanyň aralygynda geçen bu 7 ýyllyk döwürde üýtgän zat näme?

Şu geçen döwürde özbaşdak şähsyýet bolup ýetişen Swetlana Priwalowa söwda eksperti we bir çaganyň enesi boldy. Has möhümi hem ýurt üýtgäpdi. Uzak wagtlap döwlet telekanalynyň gysajynda bolan Orsýet çalt ösýän internet bazaryna öwrüldi. Indi ýönekeý adamlaryň zerur maglumatlary almaklaryna, wakalara täsir etmeklerine mümkinçilikler bar.

Orsýetde ilatyň 85 prosenti üçin esasy habar çeşmesi bolan telekanalyň Kremliň islegine laýyklykda ýurduň ýagdaýyny ýalpyldadyp görkezýän bolmagy mümkin. Bazary gowşap barýan gazetleriň-de öz okyjylaryna ýaraýan makalalary ýerleşdirýän bolmaklary mümkin.

Ýöne internet orýetlileriň durmuşynda uly rola eýe boldy. Mysal üçin, “RuNet” diýip atlandyrylýan rus inernet saýty ideologik meýli bolmadyk ilkinji habar serişdesi hasaplanylýar. Ol tutuş ýurdy gurşap alan syýasy özgerişlere getirmese-de, graždanlaryň işjeňligine ýol açmak bilen, adaty orsýetlilere maşyn barlagyndan başlap, býurokratiýa we korrupsiýa çenli bolan meseleler barada täsir etmäge mümkinçilik berýär.

Orsýetde doglan blogçy, “RuNetiň” analitigi Wadim Nikitin jemgyýetçilik ulgamlarynyň, bloglaryň we wideo alşygynyň ruslara uzak syýasy çekeleşiklerden dynyp, “hakyky durmuş problemalaryna” geçmäge ozal görlüp-eşidilmedik mümkinçiligi berendigini belleýär.

Internetiň Orsýetdäki aýratynlygy

“Günbatarda ‘YouTube’ saýtynda pişikler bilen bagly wideolar ýerleşdirilýär. Orsýetlileriň bolsa bu saýtda polisiýanyň korrupsiýasy we gatnawdan galp peýdalanylmagy baradaky wideolary ýerleşdirýändiklerini görmek bolýar. Graždanlaryň işjeňligine gezek gelende ‘YouTube’ - uly kanal. Adamlaryň özara gatnaşmagyna getirýän zat - şular ýaly halkyň durmuşy bilen baglanyşykly meseleler” diýip, orsýetli analitik Wadim Nikitin aýdýar.

Orsýet internetden peýdalanylmagy ilki ýuwaş giden hem bolsa, “RuNet” soňra giňedi.

2004-nji ýylda internetden peýdalanýanlaryň sany ilatyň diňe üçden biridi. Indi bolsa ilatyň ýarpysyna golaýynyň öz öýünde inernete girmäge mümkinçiligi bar. Käbir adamlar bu ýene artyp, sanlyja ýylyň içinde Günbatar Ýewropanyň derejesine ýeter diýip çaklaýarlar.

“Internet indi Orsýetde her bir adamyň ýetip bilmeýän zady däl. Öz dogry pikirlerini aýdyp, bolýan wakalar barada pozisiýasyny aýan edýänler indi okuwly, gurply gatlak däl. Internet Orsýetde gaty uly. Men özgeriş üçin ol bir uly güýç diýip pikir edýärin. Ýöne häzirki mesele: bu rus jemgyýeti üçin döredijiliklimi ýa weýrançylyklymy diýen sorag” diýip, blogçy hem-de iňlis dilinde neşir edilýän “Russia Profile” saýtynyň ýerine ýetiriji redaktory Anna Arutýumowa belleýär.

Nikitin hem internetiň indi diňe ýaşlara mahsus däldigini belleýär: “Meniň kakam we onuň dostlary 60 ýaşlaryndaky adamlar. Hemmesi internetden peýdalanýar. Olar “Skypedan”, internetden peýdalanmagy, e-meilli bolmagy soňky 5 ýyllykda öwrendiler. Kakam ‘gazeta.ru’ saýtyna, Nawalnynyň bloguna girýär, ‘Eho Moskwy’ radiosyny diňleýär. Liberal oppozision gazetleri okaýar. Indi adamlar özlerine täsir edýän hakyky durmuş meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolanlarynda, olaryň bileleşip, interneti bir gural hökmünde ulanmaklary örän bolup biläýjek zada öwrüldi”.