Abdylla Özbegistanyň garaşsyzlyk alan ýyly doglan ýaşlardan biri. Orta mekdebi ýaňrak gutaran Abdylla rus dilini bilýärsiňmi diýip soranymyzda, şeýle jogap berdi: “Ýok, ýok menem, doganlarymam rus dilini bilemzok. Mekdeplerde rus dili sapaklary o diýen geçilmeýär. Biziň mekdebimizde hepdede diňe bir sagat rus dili sapagy geçilýärdi”.
Rus diliniň häzirki statusy nukdaýnazaryndan aýdylanda, Abdyllanyň ýagdaýy Sowet Soýuzy dargandan soňra doglan müňlerçe beýleki özbeklerden tapawutly däl. Özbegistanda özbekler iň uly etniki topary emele getirýärler. Bu ýurt 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny alaly bäri Daşkent özbek dilini ösdürmek üçin elinde baryny aýamady.
Rus dilinde çap edilýän metbugat serişdelerini häzirki döwürde hemme gazet satylýan dükanlardan tapmak mümkin däl, şeýle-de rus dilinde gepleşikler berýän telekanallara diňe çanak antennalar ýa kabel liniýalar arkaly tomaşa etmek mümkin.
Ýagdaý üýtgedi
Özbegistanyň magaryf sistemasy hem tutuşlygyna diýen ýaly özbekleşdirilen. 25 ýyl mugallymçylyk tejribesi bolan Jeýhunyň aýtmagyna görä, Özbegistanda rus diliniň statusy barada gürrüň edilende, häzirki ýagdaý 1991-nji ýyldan öňki söwet döwri bilen deňeşdirilende orän tapawutly:
— Öňki sowet döwründe mekdeplerde hepdede 5 sagat rus dili sapaklary bolaýmalydy. Ondan başga-da rus dilinde gepleşikler berýän telekanallaryň sany kändi. Moskwanyň kanallary ýurda göni ýaýradylýardy. Ondan soňam daşary ýurt kinofilmleri bolsun ýa başga kinofilmler, hemmesi rus dilinde diýen ýaly berilýärdi. Esasy habar serişdeleri, gazet-žurnallar, tele-radio gepleşikler – şol zatlaryň köpüsi diýen ýaly rus dilindedi. Garaşsyzlykdan soňky ýyllarda, ýagny häzirki döwürde, mekdeplerde hepdede bir ýarym ýa iki sagat rus dili geçilýär. Ondan daşaram rusça kanallary çanak antennalar bilen görýärler. Özbegistanyň öz kanallarynda rus dilindäki gepleşikler gaty az.
Orsýetiň Merkezi Aziýanyň üstünden 100 ýyl töweregi dowam eden agalygy döwründe Moskwa ýerli halky öz elinde saklamak üçin beýleki gurallar bilen bir hatarda rus dilinden hem peýdalanypdy. Bu tagallalaryň çäginde Moskwa rus dilini Merkezi Aziýada ýerleşýän mekdeplerde we hökümeti dolandyryş sistemasynda hökmäny dil diýip, yglan edipdi.
1930-njy ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýada ýerleşýän halklaryň ulanýan harplary, krill harplary bilen çalşylypdy. Netijede halk arasynda ýerli dilleriň ähmiýeti juda azalyp, Merkezi Aziýanyň ilatynyň uly bölegi öz medeniýetlerinden üzňeleşdirildiler.
Garaşsyzlyk Merkezi Aziýada ýerleşýän şol ýurtlara agzalýan ýitgilerini gaýtadan dikeltmäge mümkinçilik döretdi. Emma bu ugurda ädilen agressiw ädimler etniki ruslaryň şol ýurtlary uly möçberde terk etmegine getirdi.
Özbegistanyň paýtagty Daşkendiň öňki ýaşaýjysy we häzirki döwürde ABŞ-da ýaşaýan Nodra Isamiddonowanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, ýurdy terk edenler diňe ruslar däl, belki, rus dilinde gepleşýän beýleki käbir etniki toparlar, şol sanda ukrainlar we ýewreýler-de terk etdiler.
Biri-birinden tapawutly
Statistiki maglumatlardan belli bolşuna görä, 1991-nji ýyldan bäri Türkmenistanda ýaşaýan etniki ruslaryň 65% töweregi, Özbegistandakylaryň 50% we Täjigistandakylaryň-da 80% töweregi şol ýurtlary terk edipdirler. Emma bu meselede Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň ýagdaýy biri-birinden tapawutlanýar. Meselem, beýleki üç ýurt bilen deňeşdirilende Gazagystan bilen Gyrgyzystanda ýagdaý başgaça.
Garward uniwersitetiniň Merkezi Aziýany öwreniş merkeziniň ýolbaşçysy Jon Şýoberliniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, şeýle tagallalaryň netijesinde häzirki döwürde regionda ýerleşýän ýurtlaryň ýaşaýjylarynyň uly bölegi daşary ýurtlular we regionda ýerleşýän beýleki ýurtlaryň ýaşaýjylary bilen öňki ýaly aňsatlyk bilen aragatnaşyk gurup bilmeýärler:
—Merkezi Aziýanyň günortasynyň we demirgazygynyň arasynda bu ugurda ullakan tapawut bar. Mysal hökmünde aýtsak, Täjigistanda uniwersitet derejesinde rus diliniň häzirki döwürde o diýen ähmiýeti galmady. Ençeme ýaş täjik alymlary rus dilini bilmeýärler, hiç bir başga daşary ýurt dilinem bilmeýärler. Diýmek, olar diňe täjikçe, belki-de, özbekçe bilýärler.
Şýoberliniň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýanyň demirgazygynda, ýagny Gyrgyzystanda we Gazagystanda rus dili henizem ýörgünli dillerden biri. Emma bu ýagdaýyň ýakyn geljekde üýtgemegi hem mümkin, sebäbi Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň hökümetleri hem öz dilleriniň ähmiýetini artdyrmak boýunça dürli programmalary durmuşa geçirýärler. Bu barada prezidentlige dalaş edýän kandidatlaryň ýerli dili, ýagny Gyrgyzystanda gyrgyzçany we Gazagystanda gazakçany hökmän bilmelidigi barada ýakynda çykarylan kararlar hakda gürrüň etmek mümkin.
Orsýete bolan baglylyk
Emma, bir tarapdan, regionda milli dilleri ýaýbaňlandyrmak boýunça tagallalar dowam edýärkä, regionyň käbir beýleki ýurtlarynda Orsýete bolan baglylyk halky rus diline gaýtadan üns bermäge mejbur edýär. Asly Özbegistandan we häzirki döwürde düýbi Britaniýada ýerleşýän “Financial Times” gazetiniň redaktorlaryndan biri Anora Mahmodowa bu barada şeýle dýýär: “Häzirki döwürde Orsýetde işleýän özbekleriň sany juda köp, onsoň ilat köp dili, esasanam rus dilini bilmekligiň ykdysady we syýasy taýdan getirjek bähbitlerini ykrar edip başlady”.
Täjigistanda hem ýagdaý Özbegistanyňkydan tapawutly däl, sebäbi resmi çeşmeleriň maglumatyna görä, 2008-nji ýylda ýurduň jemi içerki önüminiň ýarpysy diýen ýaly daşary ýurtlarda, esasanam Orsýetde işleýän zähmet emigrantlarynyň iberen serişdesinden ybarat bolupdyr.
Emma Türkmenistanyň ýagdaýy beýlekilere garanda tapawutlyrak, sebäbi ýüzlerçe türkmen ýaşlarynyň ýokary bilim almak üçin Orsýete barmagyna garamazdan, aňsatlaşdyrylan wize şertleri sebäpli Türkiýä gidýän türkmenleriň sany has köp. Üstesine-de, türk telekanallary halk arasynda juda köp görülýär we ýurtda iş alyp barýan türk şirketleriniň sanynyň hem 600 töweregidigi aýdylýar.
Şeýle-de häzirki döwürde Türkiýäniň “Başkent” bilim merkezi tarapyndan bilelikde dolandyrylýan ençeme başlangyç we orta mekdepler bilen bir hatarda Aşgabatda Halkara türkmen-türk uniwersiteti hem ýerleşýär. Berýän biliminiň hili boýunça olar ýurtda iň gowy okuw jaýlary diýlip hasaplanýar. Şu ýyl türkmen-türk mekdepleriniň ýöriteleşdirilen mekdeplere öwrülendigine garamazdan, bu mekdeplerden uçurym bolan müňlerçe ýaşlar türk dilini ikinji dil hökmünde ulanmaga ýykgyn edýärler.
Emma, umuman tutuş region göz öňünde tutulanda, Sowet Soýuzy dargandan 20 ýyl soňra, häzirki döwürde rus dili henizem regionda ýerleşýän ýurtlaryň öz aragatnaşygynda ulanýan esasy dili bolup galýar. Ýöne rus dili mundan 20 ýyl öňküsi ýaly häzir regionda ulanylýan ýeke-täk dil däl. Onsoň müňlerçe merkezi aziýaly studentleriň bilim almak üçin Günbatara gaýdýan we ýerli dilleriň ähmiýetini artdyrmak boýunça programmalaryň dowam edýän häzirki döwründe, geljekde, ýagny 20 ýyl soňra rus dili häzirki statusyny saklap bilermi diýlen soraga anyk jogap bermek kyn.