BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy sessiýasynda Palestinanyň halkara jemgyýetçiligine BMG-ä özüni doly ygtyýarly agzalyga kabul etmek babatyndaky ýüzlenmesiniň iň esasy meseleleriň biri bolmagyna garaşylýar.
13-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy sessiýasy açyldy. Sessiýanyň dowamynda dünýädäki uzak möhletleýin ösüş bilen bir hatarda, infeksion keseller bilen göreş, ýerleriň çölleşmegi, ýerleriň degradasiýasy meselesi we ýadro goranyşy we howpsuzlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Mälim bolşy ýaly, BMG 1945-nji ýylda döredileli bäri, halkara gatnaşyklaryny sazlaşdyrmak we dünýä döwletleriniň öz arasynda, sebitleýin we sebitara meseleleriniň dialog we parahatçylyk arkaly çözülmegi üçin bir platforma bolup hyzmat edip geldi.
BMG-niň Baş Assambleýasy 1969-njy ýylda özüniň 2535 nomerli rezolýusiýasynda palestinaly arap bosgunlarynyň meselelerini agzap, olaryň ylalaşmak üçin bolan öz fundamental hukuklaryny BMG-niň Ustawyndaky we Adam hukuklary boýunça Ählumumy Jarnamsyndaky bellenen tertipde durmuşa geçirip bilmeýändiklerini belledi.
1974-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy özüniň 3237 nomerli rezolýusiýasy bilen Palestinany azat ediş guramasyna (PLO) BMG-de synçy statusyny berdi. Şondan bäri Palestina BMG-de synçy hökmünde wekilçilik edýär.
Öz ykbalyňy kesgitlemek hukugy (Self-determination)
Halkara hukugynyň iňňän wajyp prinsipleriniň biri bolan öz ykbalyňy kesgitlemek hukugynyň prinsipleri 1941–nji ýylda Ikinji jahan urşunyň ýaranlary tarapyndan “Atlantic Charter”-de bellenip geçildi. 1942–nji ýylda bolsa dünýä döwletleriniň 26-sy şol prinsipleri ykrar etdi. 1945-nji ýylda BMG-niň ustawynyň kabul edilmegi bilen, öz ykablyňy kesgitlemek hukugy halkara hukugynyň aýrylmaz bir bölegi boldy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1969-njy ýyldaky we beýleki senelerdäki kabul eden rezolýusiýalarynda palestinalylaryň öz ykballaryny kesgitlemek hukugynyň bardygy we olaryň şol hukugynyň Ysraýyl tarapyndan bozulýandygy yzygiderli bellenip gelindi.
BMG-niň Baş Assambleýasy özüniň 1988-nji ýylda kabul eden 43/177 nomerli rezolýusiýasynda palestinalylaryň özygtyýarlylyk hukugyny durmuşa geçirmek mümkinçiliginiň hökmany ýagdaýda üpjün edilmelidigini nygtady. Halkara hukuk derejesinde Palestinanyň eden işleri BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň derejelerinde öz netijesini berse-de, şol netijeler formal ýagdaýda we kagyz ýüzünde galmakdan uzaga gitmedi.
Şu wagtky ýagdaý
Palestinanyň wekilleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy sessiýasynda Palestinany BMG-ä agzalyga kabul etdirmek tagallalaryny tizleşdirjekdiklerini aýdýarlar. Olar Palestinanyň territoriýasynyň 1967-nji ýyldan öňki çäklerine dolanyp getirilmegini we şonuň çäklerinde özüni Palestina döwleti hökmünde ykrar etmegi dünýä döwletlerinden talap etjekdiklerini belleýärler. Munuň üçin bolsa, BMG-niň şu ýylky umumy duşuşygynyň saýlanyp alynmagy ýöne ýerden däl. BMG bir döwletiň döwlet hökmünde ykrar edilip-edilmezligini kesgitlemek ygtyýarlygyna eýe däl, emma BMG-ä agzalyk özüňi halkara arenasynda doly ygtyýarly döwlet hökmünde ykrar etdirmegiň ilkinji ädimi.
BMG-niň Baş Assambleýasynda rezolýusiýalar babatda ses bermegiň iki görnüşi bar. Ilki bilen bellemeli zat, Baş Assambleýada ses berişlik bir döwlet-bir ses düzgüni boýunça amala aşyrylýar. Eger rezolýusiýada umumy meseleler gozgalýan bolsa, onda Baş Assambleýa agza döwletleriň deň ýarysyndan köpüsiniň (deň ýarysy +1) ses bermegi ýeterlik. Emma BMG-ä agzalyga kabul etmek ýaly “möhüm meselä” garalan ýagdaýynda Baş Assambleýada agza döwletleriň üçden iki böleginiň goldawyny, ýagny sesini almak şerti bar.
Palestinanyň BMG-niň agzasy bolmagy üçin BMG-niň agza döwletleriniň iň azyndan 129 sanysynyň goldawyny almagy gerek. Muny başarmagyň iň esasy şerti - Palestina özüniň döwlet hökmünde hereket edip biljekdigini, halkara hukugyny berjaý etmek ukybynyň bardygyny subut etmeli. Palestinanyň prezidenti Mahmud Abbas bolsa ýaňy-ýakynda diňe bir Baş Assambleýada agzalyk talaplaryny beýan etmek bilen çäklenmän, eýsem özleriniň Howpsuzlyk Geňeşinden hem agzalyk talap etjekdiklerini belledi.
2011-nji ýylyň 13-nji iýulynda Palestinanyň BMG-däki ilçisi Riýad Mansur şol günki gün BMG-niň agza döwletleriniň 122 sanysynyň goldawyny alandyklaryny, bu sanyň 130-dan geçjekdigine umyt edýändiklerini Ysraýylyň “Haaretz” gazetine beren interwýusynda belläp geçdi.
Nämä garaşyp bolar?
Ýokarda agzalan prosesde Birleşen Ştatlaryň oýnaýan roly iňňän möhüm. Waşington Palestinanyň garaşsyzlygyny ykrar etmek meselesi orta atylsa, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde öz weto goýmak hukugyny ulanjakdygyny duýdurdy. Emma ABŞ Ysraýyla goldaw berse-de, ol Palestinany goldaýan musulman döwletleri bilen hem arasynyň açylmagynyň tarapdary däl.
Birleşen Ştatlar garaşsyz Palestina döwletiniň döredilmegini goldaýandygyny aýdýar, emma ol Palestinanyň garaşsyzlygynyň Ysraýyl bilen geçiriljek gepleşikler netijesinde gazanylmalydygyny nygtaýar.
Palestinanyň wekilleri BMG-niň agza döwletlerinden özlerine goldaw gözläp başladylar. Palestinanyň BMG-ä agzalygyny goldajak döwletleriň ilkinji hatarynda Türkiýe, Eýran we beýleki arap döwletleri durýar.
Eger-de Palestina BMG-niň agza döwetleriniň ýeterlik sesini alyp bilmese, onda Baş Assambleýa Palestinany BMG-ä doly agzalyga kabul etmän, diňe Palestina agzalyk üçin üpjün edilmeli şertleri göz öňünde tutýan rezolýusiýa kabul edip biler, hatda şol şertleriň ýerine ýetirilmegi üçin doly goldawy hem wadany berip biler. Emma beýle wadalar öň hem berlipdi, ýöne iş ýüzünde hiç zat üýtgemändi.
BMG-niň agza döwletleri Palestinanyň agzalygyna “hawa” diýmese-de, oňa başbitin “ýok” hem diýmez, sebäbi şeýle edilende dünýädäki ýagdaýyň has hem dartgynlaşmagy mümkin. Onuň ýerine ençeme maslahatlar berlip, bu meseläniň täzeden gözden geçirmek ýaly şert goýlup bilner.
Galkan Remow hukuk we halkara gatnaşyklary boýunça türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.