Ýemende gozgalaňlar güýjeýär

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Ýemendäki çaknyşyklar dowam edýär



Ýemende protestçiler oppozisiýanyň tarapyna geçen esgerleriň goldawy bilen paýtagt Sanaada saýlama “Respublikan gwardiýanyň” bir bazasyny basyp alypdyr.

Müňlerçe oppozision protestçi we hökümetden ýüz öwren harbylar baza dökülende, “Respublikan gwardiýa” degişili ýaragly güýçler märekä asla ot açman, agyr ýaraglaryny taşlap gaçypdyrlar.

Bu hüjüme sebäp bolan zat ýekşenbe güni giçlik prezident Ali Abdullah Salehiň howpsuzlyk güýçleriniň onuň režimine garşy geçirilen köpçülikleýin demonstrasiýa gatnaşan adamlara ot açanlygy.

Oppozisiýanyň tarapyna geçen esgerler adamzadyň garşysyna jenaýat edenligi üçin Saleh bilen onuň harby ýolbaşçylarynyň suda çekilmegini talap edýärler. Olar hökümet güýçlerini oppozisiýa goşulmaga çagyrýarlar.

Žurnalistler sişenbe güni Sanaada toply, pulemýotly agyr atyşyklaryň bolandygyny habar berdiler. Bu oppozision esgerler bilen hökümetiň ýaragly güýçleriniň arasynda indi açyk çaknyşygyň döräp gelýändigini görkezýär.

Sişenbe güni ir bilen paýtagt Sanaada ptotestçileriň “Özgeriş meýdanyndaky” düşelgesine raketa atylmagy sebäpli iki adamyň ölendigi bildirildi. Duşenbe güni hem hökümetiň tarapyny çalýanlaryň hökümetiň garşysyna geçirýän demonstrasiýalaryny dowam etdirýänligi üçin protestçilere bukudan ok atmagy netijesinde ençeme adam öldi.

Zorlukly hereketler indi Ýemeniň beýleki şäherlerine-de ýaýraýar. Mysal üçin, duşenbe güni Taiz şäherinde demonstrantlar bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda turan çaknyşykda iň azyndan bir protestçi heläk boldy. Salehiň hökümetine garşy 8 aý bäri yzy üzülmän gelýän gozgalaň ýekşenbe güni güýjäli bäri ölenleriň sany 53-den geçdi.

Ýüzlerçe adam ýaralanyp, keselhanalara äkidildi. Ýaralanan protestçileriň köpüsine saglyk işgärleri “Özgeriş meýdanynyň” golaýynda meýdan keselhanasyna öwrülen bir metjitde seredýärler.

Ýüzlerçe adam ýaralanyp, keselhanalara äkidildi, Sanaa, 20-nji sentýabr.



Lukman Tarek Noman Sanaada keselhanalaryň gülle degip ýaralanan protestçilerden doludygyny aýdýar: “Esasy problema keselhanalaryň ýeterlik däldigi. Bu ýerde bar bolan bäş keselhananyň hemmesi syrkawlardan doly. Ikinji problema medisina üpjünçilikleriniň azalyp, meýdan keselhanasyna getirilýän medisina enjamlarynyň ýeterlik däldigi. Adamy gynandyrýan zat hökümet güýçleriniň medisina üpjünçiligi üçin zerur zatlaryň meýdan keselhanasyna ýetirilmeginiň öňüni bökdeýänligi”.

Duşenbe güni ýaralananlaryň biri telewideniýäniň fotoreportýory Hasan al-Wadaf. Ol bukudan atylan bir okdan ýaralandy. Indi Hatab al-Rwhani ýaly beýleki žurnalistler zeýrenişip, hökümetiň bu wakada berilýän habarlary basyp ýatyrmaga synanyşýandygyny aýdýarlar.

“Duşenbe güni bolan işler, bir žurnalistiň, bir fotoreportýoryň nyşana alynmagy bu režimiň edýän jenaýatlaryny gizlemäge synanyşyk. Olar žurnalistleri, fotoreportýorlary öldürmek bilen hakykatyň üstüni basyryp, kanuny jogapkärçilikden syparys öýdýärler” diýip, Rwhani aýdýar.

Saleh häzir Saud Arabystanynda. Şu ýylyň iýunynda özüni öldürmek üçin edilen synanyşykda ýaralanan Saleh ol ýere özüni bejertmäge gitdi.

Saud arabystanyň patyşasy Abdullah sişenbe güni Saleh bilen duşuşyp, barha möwjeýän zorluklar barada pikir alyşdy. Bu Saleh Saud Arabystanyna baraly bäri bu iki ýolbaşçynyň arasynda geçen ilkinji duşuşyk boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň bir araçysy, şeýle hem Ýemeniň goňşularyndan durýan “Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň” baş sekretary şu wagt Sanaada. Olar bu krizisiň soňlanmagy üçin araçylyk etmäge synanyşýarlar.