Türkmenistandaky gazak jemgyýetiniň liderinden bäş günüň dowamynda 95 müň manat tölemek talap edildi. Oňa berlen möhlet şu gün tamamlanýar.
15-nji sentýabrda türkmen resmileri gazak jemgyýetiniň lideri, 9 ýyl şertli iş kesilen Bisenkul Begdesenowyň öýüne baryp, onuň bäş günüň içinde 95 müň manat tölemelidigini aýtdylar. Bu barada 16-njy sentýabrda Begdesenowyň özi Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugyna habar berdi.
Aşgabatda ýaşaýan 56 ýaşly Bisenkul Begdesenow şu ýylyň 11-nji aprelinde “kezzaplykda we para bermäge araçylyk etmekde” aýyplanyp, Türkmenistanyň hukuk goraýjy organlary tarapyndan tussag edilipdi.
13-nji maýda Aşgabadyň sudy Begdesenowy şertli ýagdaýda azat etmek barada höküm çykardy. Ol başga ýurda göçmek islän gazak milletli türkmen raýatlaryna sekiz kwartiranyň hususylaşdyrylmagyny bikanun ýol bilen amala aşyrmaga kömek edenlikde günälenýär. Şol sebäpli ol döwlete ýetirilen maddy zyýanyň öwezini dolmak üçin 95 müň manat tölemeli edildi.
Gazak aktiwisti maý aýynda şertli ýagdaýda azat edilensoň, türkmen resmileriniň öz ýanyna gelip, “Siz köp gohlamaň, ogullaryňyza-da aýdyň, tozan turuzmasynlar, hemmämiz musulmandyrys, oňumizde iki uly günägeçişlik bar, şonda amnistiýa düşersiňiz” diýendiklerini gürrüň berdi.
Gadyr gijesi mynasybetli yglan edilen günägeçişlikde öz adyny tapman, resmilere ýüzlenen Begdesenowa “Amnistiýa diňe tussaglykda saklanýanlara yglan edilýär, siz ýaly şertli ýagdaýda azat edilenlere degişli däl” diýip, jogap beripdirler.
“Indi bolsa 9 ýyl Türkmenistandan çykman oturmaly. Ýagny, maňa kesilen işiň möhleti tamamlanýança meni ýurtdan çykarmazlar” diýip, Begdesenow aýdýar.
Gazagystandaky “tozan”
Begdesenowyň Almatyda ýaşaýan ogullary Amir hem Alibek kakasynyň kanuny bozmandygyny aýdyp, adalaty diketlmek üçin hereket edýändiklerini aýtdylar. Olar kakalary tussag edileli bäri Almatyda dürli çäreleri geçirip, Begdesenowyň düşen ýagdaýyna gazak jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge synanyşýarlar.
Begdesenowyň ogullary dürli metbugat konferensiýalaryny gurnap, gazak raýatlaryndan köpçülikleýin hat ýygnadylar. Şol hatlary olar Türkmenistanyň we Gazagystanyň prezidentlerine ýolladylar.
Begdesenowyň Almatyda ýaşaýan ogullary Amir hem Alibek Türkmenistanyň sudunyň kararynyň üstünden şikaýat edip, konstitusion edaralara ýüz tutýandyklaryny hem aýtdylar.
Türkmenistandaky gazak jemgyýetiniň lideri Bisenkul Begdesonowyň tussag edilmegi we onuň üstünden bolan sud diňlenişigi boýunça türkmen resmilerinden öň hem, häzir hem maglumat almak başartmady.
Bisenkul Begdesenow Türkmenistandan göçüp gitmek isleýän ildeşlerine Orsýetden çakylyk almaga ýardam berendigini aýdýar. Şeýle çakylygy alan adam Orsýete göçüp gidýän adamyň durumyny alyp, kwartirasyny hususylaşdyryp bilýär. Türkmenistanda bu baradaky şertnama diňe Orsýet bilen arada bar.
Gazagystana göçmek isleýän adam bolsa, jaýy hususylaşdyrylmadyk bolsa, kwartirasyny hökümete tabşyrmaly.
Häzir Türkmenistan öňki sowet giňişliginde sowet döwründe zähmet çeken adamlara hökümet tarapyndan berlen jaýlaryň hususylaşdyrylmagy ýola goýulmadyk ýeke-täk ýurt bolmagynda galýar.
Şu ýylyň maý aýynda adam hukuklaryna gözegçilik edýän halkara “Human Rights Watch” guramasy Türkmenistanda syýasy matlap bilen tussag edilenleriň hataryna Bisenkul Begdesenowyň hem adyny goşdy.
Begdesenowyň özi türkmen häkimiýetleri tarapyndan talap edilýän puly, diňe bir bäş günüň-hä däl, eýse binäçe ýylyň dowamynda-da töläp bilmejegini belleýär. Ol häkimiýetler tarapyndan talap edilýän puly töläp bilmese, özünüň türmä salynmagynyň ahmaldygyny aýdýar.