Aýdym-saza bolan söýgi we ýigrenç

Möwlamow: "Ýurtdaky dolandyryş nädogry ýola gönügende adamlara iň gowy zatlary hem ýigrendirip bolýandygyny türkmenler gözleri bilen gördüler".

Türkmenlerde “Gulagyň garny bolmaz, siňegiň erni” diýen nakyl bar. Bu nakyl aýdym-saz ýaly şirin owazdan hiç wagt ganyp bolmaýandygyny aňladýar.

Türkmenler aýdym-sazy gaty gowy görýän halk. Olar gadym döwürlerden bäri hem toýlarynda bagşy aýtdyryp, daň atýança bagşy diňlär ekenler. Türkmenleriň arasynda bagşynyň gadyry başga. Bagşa aýratyn hormat-sylag edilip, oňa mydama törden orun berlipdir.

Gadym döwürlerde saz çalmak üçin türkmenleriň öz milli saz gurallary bolan bolsa, türkmen topragyny patyşa Russiýasynyň basyp almagynyň netijesinde, aýratyn-da bu toprakda sowet häkimiýetiniň berkarar edilmeginiň netijesinde, türkmenleriň arasyna hem ýewropa halklarynyň we goňşy halklaryň dürli saz gurallary aralaşdy. Ol saz gurallarda hem saz çalmagy özleşdirip, türkmenler özleriniň islendik saz guralynda saz çalmaga ökdediklerini görkezdiler.

Gadym döwürlerde her sazandanyň, bagşynyň özüniň halypasy bolupdyr. Halypa “Indi senem il içine çykyp, aýdym aýdyber, saz çalyber” diýip, rugsat bermese (ýagny, pata bermese), şägirt (ýaş sazanda, bagşy) köpçüligiň öňüne çykyp aýdym aýtmaga, saz çalmaga het etmändir. Halypalar hem aýdym-saza dil ýetirtjek emelsizlere pata bermändirler. Halypa patasy diňe halypadan ozduran şägirde berlipdir. Halypa özüniň öwredýän aýdymyny, sazyny özünden ökde bolup ýerine ýetiren şägirdine ak pata (ile çykmaga rugsat) beripdir. “Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter” diýen nakyl ýöne ýere dörän nakyl bolmaly däl. Ol döwürler her bir halypa öz şägirdine elindäki hünärini özündenem ökde bolar ýaly derejede öwredipdir.

Sowet hökümeti bagşy-sazandaçylygy öz gözegçiligine alyp, filarmoniýalar, medeniýet öýlerini açyp, ol ýerlere zehinli aýdymçylary, sazandalary ýygnady. Ol ýerlere ýokary sazçylyk mekdeplerinde, uçilişşelerde, konserwatoriýalarda bilim alan, ençeme komissiýalardan saýlanyp-seçilen zehinler işe alynýardy. Gadymy halypaçylyk döwründe-de, sowet döwründe-de halk aýdym-saz diňlemekden ýadamaýardy. Kolhozçylar kolhoz işinden soň konserte gidýärdiler, şäher adamlary işden soň. Talyplar okuwdan soň. Aýdym-saz diňläp, ganýan adam ýokdy. Haçan görseň, aýdymçy-sazandalaryň çykyş edýän ýerleri adam mähellesinden hyň bererdi. Özem şeýle konsertleri diňlemek üçin adamlar pul töläp, bilet alýardylar.

Hiç bir ýurtda-da aýdym sazy ýigrenýän adama duşup bolmasa gerek. Sebäbi aýdym-saz göwünleriň syrdaşy, adamlara ruhy lezzet berip, ýadawlygyňy aýryp, ýadaw göwrä täzeden güýç berýän jady.

Ne aýdymçyda höwes bar, ne-de diňleýjide

“Hiç bir ýurtda aýdym-sazy ýigrenýän adama duşup bolmasa gerek” diýen jümlämi häzir yzyna alsamam bolar. Ýurtdaky dolandyryş nädogry ýola gönügende adamlara iň gowy zatlary hem ýigrendirip bolýandygyny türkmenler gözleri bilen gördüler.

“Aýdym-sazy ýigrenip bolýan döwür geler” diýip, megerem, hiç kim pikir etmedik bolsa gerek. Emma şeýle döwür türkmenler üçin geldi. Şeýle döwür Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründe başlandy. Türkmenbaşynyň adyndan ýazylan süwümsiz aýdymlar, Türkmenbaşy hakdaky aýdymlar türkmenlerde aýdym-saza ýigrenç oýardy. Halypalar aýdym-sazdan çetleşdirildi. Hiç bir halypasyz ýüze çykýan, ýokary hem orta okuw merkdepleriniň talyplary ýurduň uly konsertlerini emele getirijilere öwrüldiler.

Ary çakan ýaly çyrlaşyp, zordan sesini öňdäki hatara ýetirýän ýaşajyk hem tejribesiz, höwesjeň aýdymçylar, emelsiz sazandalar häzir hem her şenbe hem ýekşenbe günleri konsert meýdançalarynda mejbury ýagdaýda halky güýmeýärler. Halk mejbury sürlüp eltilýär, aýdymçy-sazandalar hem mejbury sürlüp eltilýär. Iki tarapda-da höwes ýok. Diňlejekde-de, diňletjekde-de.

Konserte barmadyklar işden kowulýar. Bu betbagtçylyk diňe býujetden aýlyk alýanlaryň başynda bar. Ýekeje tapawut öň Türkmenbaşy hakdaky aýdymlar aýtdyrylan bolsa, indiki aýdymlar Arkadag hakda. Çem gelen daşary ýurt sazlaryna salnyp aýdylýan ýuwan goşgulary hiç kim diňlemeýär. Tä konsert gutarýança hemmeler biri-biri bilen gybata güýmenip oturýar.

Konsertleriň mugtdugyna garamazdan, ol ýere barýanlaryň hemmesi gargynyp-gargynyp gidýär. Mugallymlar ol konsertlere hatda tomus kanikuly döwründe-de gatnalmaga mejbur edildi. “Her sapar jaň edip durmarys. Her şenbede hem ýekşenbede aýdym-saz merkezinde boluň hem-de konserte tomaşa ediň” diýip, Bilim ministrliginden ýörite tabşyrygyň bolandygyny, şol konsertden özleriniň bizardyklaryny, mejbury ýagdaýda barýandyklaryny mugallymlar gürrüň berýärler.

Çoluk Möwlamow Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.