Ikinji aýal bagtmy?

"Garaşsyz döwletde ýaşap başlan hökümet çinownikleriniň köpüsinde ikinji aýally bolmak tendensiýasy göze ilip ugrady..."

Türkmenleriň arasynda diňe bir iki aýal däl, eýsem köp aýal almak däbi hem has irki döwürlerden bäri ýörgünli bolupdyr. Bu köp aýal almaklygyň aňyrsynda ol döwürlerde azgynlyk däl-de, sosial ýagdaýlar, sosial maksatlar ýatypdyr. Şol ýagdaýlaryň biri - häli-şindi bolup duran uruşlar sebäpli erkek kişileriň köp gyrylmagynyň netijesinde, erkekleriň az galmagy bilen bagly bolupdyr.

Köp aýally bolmagyň ikinji bir sebäbi özüni oňarýan, gurplurak erkekler nesilleriniň has köp bolmagyny isläp, köp aýal alypdyrlar. Üçünjiden, milleti, halky köpeltmek hem köp aýallylyga rugsat bermegiň bir sebäbi bolupdyr. Ýer-suw paýlanyşygynda her maşgala üçin paý almak maksady bilen köp aýala öýlenenler-de bolupdyr.

Türkmenler «Erkek her süňňüne bir aýal alsa bolýar» diýen ýörelgäni tutaryk edinipdirler hem-de her erkek kişä 12 aýal almaga rugsat beripdirler. Ýöne şol aýallaryň hiç biri gizlin ýagdaýda alynman, uly iliň öňünde toý tutulyp, nika gyýdyrylyp alnypdyr.

Sowetler aýallaryň sanyna-da täsir etdi

Türkmenleriň arasynda köp aýallylyk tä türkmen topragynda sowet hökümeti gurulýança dowam etdi.

Sowet hökümeti erkekleri aýal meselesinde çäklendirdi. Sowet döwründe köp aýallylyk gadagan edildi. Köp aýal däl, eýsem ikinji bir aýal bilen ogryn gatnaşyk edýän erkek kişi ahlak taýdan bozuk hasaplanyp, oňa çäre görülýärdi. Hatda ikinji aýal tapynan kişileriň işden kowulýanlary örän köp bolardy.

Sowet döwründe bir aýallylyga şeýle bir endik edildi welin, hatda diňe hökümet däl, eýsem, halkyň özem ikinji aýal bilen gizlin gatnaşyk edýän erkek kişini halaman başlady.

Sowet hökümeti ýykylyp, ýurt özbaşdak ýaşap başlansoň, iki aýal edinmek höwesi bilen ýaşaýan erkekleriň «maňlaýy açyldy». ..

Nyýazowyň düşnüksiz garaýyşlary

Iki aýal almaga rugsat, elbetde, hökümetiň hiç bir kada-kanunlarynda kepillendirilmedi. Ýöne prezident Nyýazow türkmen erkeklerini synap görmek isledimi, ýa-da oýun etdimi, garaz, özüniň geçirýän ýygnaklaryndaky çykyşlarynda, keýpiniň kök çagy aram-aram: «Musulmançylykda erkek kişä 12 süňňüniň hersine bir aýal almaga rugsat berlipdir. Arkaýyn öýleniberiň, oglanlar» diýip goýberýärdi.

Mähriban serdarlarynyň şol wagt oýun-çynlygy näbelli bolan sözlerinden ruhlandylarmy ýa-da öňden iki aýallylyga meýilleri barmy, garaşsyz döwletde ýaşap başlan hökümet çinownikleriniň köpüsinde ikinji aýally bolmak tendensiýasy göze ilip ugrady.

Ýöne olar ikinji aýallaryny toý tutmak, ile-güne aýan etmek ýagdaýynda däl-de, gizlin ýagdaýda sakladylar. Gizlin ýagdaýda saklanýan aýal türkmenlerde oýnaş hasaplanýar. Oýnaş saklaýanlar il arasynda asla halanmaýar.

Prezident Nyýazow oýnaşly erkek kişileri-de, aýallary-da wezipeden aýyrjak wagty, olaryň oýnaşlylygyndan rehimsiz peýdalanýardy hem-de oýnaşly işgärlerini käte hut telewideniýede-de görkezip, uly iliň öňünde peçan edýärdi. «Bize iki ärli, iki aýally adamlar gerek däl» diýerdi.

Öňki wise-premýer Ýolly Gurbanmyradowyň üç aýalynyň bardygyny, üçünji aýalynyň ýaňyja on sekiz ýaşan gyzjagazdygyny Nyýazow telewideniýe boýunça bütin ýurda görkezilen uly ýygnaklaryň birinde aýan edipdi.

Durmuşyň “täze modasy”

Elbetde, başdaş aýaly ýogalan erkek kişi kirine, aş-suwuna sereder ýaly başga birine öýlense, ony günäkärläp bolmaz. Sebäbi köp adamlara ýanynda höwri bolmasa, ýaşaýyş kyn bolýar. Ýöne aýaly diri wagtynda gizlin ýagdaýda öýlenýänler (gizlin öýlenene, elbetde, «oýnaş tutundy» diýilýär) öz maşgalasyna-da dönüklik edýärler.

Aýratyn-da, hökümetiň ýokarky wezipelerinde oturýan adamlara şeýle ýagdaý gelşenok. Hökümet wezipelerinde oturanlar halk üçin, ýurt üçin nusga alarlykly, haýyrly iş etmäge çalyşmaly. Emma, gynansak-da, çala kisesi pökgerip ugranlar, bir basgançak ýokarrak işe çekilenler derrew oýnaş tutunýarlar. Oýnaşlaryna jaý alyp berýärler, özüni işe gatnatmaly maşyny olaryň (oýnaşlarynyň) ygtyýaryna berýärler.

Ýene nämeler edenoklar! Oýnaşlarynyň (öňki ärinden bolanam bolsa) çagalaryny ýokary okuw mekdebine salýarlar. Olar ýurdy düzetmek işine hiç hili goşant goşmaýarlar, hatda köpüsi öz oturan wezipelerine-de hötde gelenoklar, ýöne oýnaşy tutunmaga welin (hatda birnäçe oýnaş diýseňem boljak) derrew ýetişýärler. Şuňa haýran galýarsyň.

Ministrleriň raýatlary kabul etmeli belli bir günleri, şol güne bellenen wagtlary bar. Ministriň ýanyna iş bilen barjak raýatlar ençeme gün öňünden baryp, özleriniň kabul edilmegi üçin nobata ýazylmaly, gapysyndaky sekretaryndan rugsat almaly, uzak günläp aýak üstünde durup, kabul edişlige garaşmaly. Ýöne oýnaşlar welin «öz ministriniň» gapysyndan islän halaty, islän güni baryp bilýärler. Hatda olar sekretara salam bermän geçip gidýärler.

Ikinji aýal edinmek niýeti nämeden döreýär? Ikinji söýgi döreýärmi? Ýa-da öň söýgä düşünmän, söýgi giç oýanýarmy? Ýa-da bu azgynlykmy?

Wezipeli, pully adamlar-a ikinji aýaly elbetde, mesligine çydaman edinýändir. Ýöne garamaýaklaryň arasynda-da ikinji aýal saklap, ony-da ekläp bilmän, kösenip ýörenlere duş gelinýär.

Oýnaşa, aýala gyzýanlar hakda bir zady welin anyk aýdyp bolar: olar öz keýplerini bilýän adamlar. Aýal keýpine gyzýanlar hiç wagt Watan üçin, il-gün üçin haýyrly iş edip bilmeýärler.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.