Türkmenistan maliýe standartlaryny gowulandyrmakçy

Ýakynda Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Maliýe hasabatynyň halkara standartlary boýunça fondy (MHHS) özara täze bir ylalaşyga gol çekdiler. Bu ylalaşyk maliýe hasabatynyň halkara standartlaryny türkmen diline terjime etmek üçin awtorlyk hukugyny bermek we MHHS-i Türkmenistanyň çäklerinde mundan beýläk hem ornaşdyrmak barada iki ýyllyk şertnamany öz içine alýar.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bu barada ýaýradan metbugat beýanatynda bu ädimiň Türkmenistanyň global ykdysady sistemasyna utgaşmak ugrunda hem-de ýurda inwestisiýalary çekmek babatda amala aşyrylýan çäreleriň biridigi nygtalýar.

Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen gol çekişmek dabarasyna gatnaşan MHHS fondunyň ýokary derejeli wekili Kenet Kreýton çykyş edip, awtorlyk hukugyny bermek baradaky bu şertnamanyň Türkmenistanyň hökümetiniň MHHS-i türkmen diline geçirmek we halkara buhgalteriýa standartlaryny milli buhgalter-hasabat ulgamyna sazlaşykly girizmek üçin hukuk taýdan möhüm ädimdigini aýtdy.

Ozaldan zerurlyk bar…

Ýatladyp geçsek, 2010-njy ýylyň noýabr aýynda türkmen parlamenti ýurtdaky buhgalter hasabatyny halkara standartlaryna geçirmek babatdaky kanuny kabul etdi. Şol kanuna laýyklykda, 2014-nji ýyla çenli ýurtdaky edaradyr kärhanalaryň buhgalterlik hasabatlary we auditi halkara standartlaryna laýyklykda ýöredilmeli.

Ýurduň banklary maliýe hasabatlaryny düzmekde täze usula 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlamalydy. Şu ýylyň 19-njy iýulynda ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň ýardamy bilen türkmen banklarynda maliýe hasaplaşyk sistemasynyň halkara ölçeglerine tapgyrlaýyn geçilýändigi barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Häzirlikçe, bughalter hasaplaşygyny halkara standartlaryna geçirmek işleriniň ýurduň “Senagat” hem “Daşary ykdysady” banklarynda amala aşyrylýandygy aýdyldy.

2008-2009-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanda ABŞ-nyň halkara ösüş agentliginiň proýekti boýunça 20-den gowrak adam buhgalter hasaba alnyşyny we auditi halkara ölçeglerine laýyklykda alyp barmak boýunça okuw seminarlaryna gatnaşdy. 2010-njy ýylda bu okuwyň üç esasy moduly boýunça synagdan üstünlikli geçen dört sany türkmenistanly spesialiste sertifikat berildi.

Şertnama bilen mesele tamamlanmaýar

Maliýe hasabatynyň halkara standartlaryny türkmen diline terjime etmek üçin awtorlyk hukugyny bermek baradaky şertnama gol çekişlik dabarasynda Türkmenistanyň maliýe ministri Döwletgeldi Sadykow çykyş edip, bu şertnama gol çekilmeginiň milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we häzirki zaman halkara ykdysady ulgamyna goşmak meselesine ýardam berýändigini aýtdy.

Buhgalteriýa hasabatynyň halkara ölçegleriniň ýurtda girizilmegi Türkmenistana daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberiniň artmagyna ýardam eder diýilip garaşylýar.

Türkmenistanyň maliýe ulgamynda uzak wagtlap işlän ykdysatçy Annadurdy Hajyýewiň pikiriçe, Türkmenistanyň buhgalteriýa hasabatynda halkara ölçegleriniň girizilmegi esasan daşary ýurtlular üçin zerur.

Bilermen halkara ölçeglerine laýyklykda düzülen bu maglumatlaryň daşary ýurtlulara hem düşnükli bolup, Türkmenistanyň içindäki ýagdaýa baha bermek üçinem zerurdygyny aýdýar.

«Maliýe hasabatynyň halkara standartlary entek Ýewropanyň hemme ýurtlarynda-da girizilenok, Orsýetde şu ýyldan başlap, bu ugurdan hereket edip başlaýarlar. ABŞ 2014-njy ýylda bu ölçeglere doly geçýär. Buhgalter hasabatlarynyň ýöredilmeginiň halkara ölçeglere geçirilmegi ýurda inwestisiýa çekmek meselesine öňyn täsir edip biler. Emma şol hasabatlarda görkezilýän sanlar näderejede özüne çekiji bolsa-da, kanunlar işlemese, korrupsiýa ýok edilmese, açyk jemgyýetde işlemäge öwrenişen Günbatar kompaniýalary Türkmenistana maýa ýatyrmakdan çekinerler. Ýagny, ýurtda halkara ölçegleriniň girizilmegi bilen Türkmenistan açyk ýurt bolar diýip, pikir edemok» diýip, A.Hajyýew belledi.

Ykdysatçy Annadurdy Hajyýew maliýe hasabatynyň halkara standartlary fondunyň hökümete degişli bolmadyk, garaşsyz guramadygyny belläp, Türkmenistanyň BMG ýaly guramalar bilen hem rezolýusiýalara gol çekip, käbir halatlarda olaryň şertlerini ýerine ýetirmeýändigini aýtdy.

Bilermeniň pikiriçe, dünýä ykdysadyýetiniň bir bölegi bolmak üçin belli bir işleri yglan edip, şol ugurdan kanunlary kabul etmek ýeterlik däl, ýurtda kanunlaryň işlemegini hem gazanmaly.

«Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine integrirlenmegi barada gürrüň ederden entek ir. Sebäbi men ýakynda dünýä ykdysady forumynyň hasabatyny okadym. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň ykdysady ýagdaýyna, olaryň dünýä ykdysadyýetine integrirlenmegine baha berlen şol hasabatda Türkmenistan barada maglumat berilmändir. Bu bolsa ýurduň henize çenli ýapykdygyna şaýatlyk edýär. Şonuň üçin, men-ä belli bir şertnamalara gol çekip, dünýä jemgyýetçiligine integrirlendik diýip netije çykarmaga howlukmazdym» diýip, A.Hajyýew belleýär.

Optimistik garaýyşlar hem bar

Moskwa Döwlet uniwersitetiniň Aziýa we Afrika institutynyň Merkezi Aziýa hem Kawkaz bölüminiň başlygy, professor Leonid Fridman türkmen häkimiýetleri tarapyndan ädilýän bu ädimlere gowy baha berip, Türkmenistany dünýäniň ykdysady sistemasyna goşmak üçin hem ýurda inwestisiýalary çekmek üçin ýurtda reformalary has çalt depginde geçirmelidigini aýtdy.

Leonid Fridman «Häzir Türkmenistanda bir ädim öňe ädilse, iki ädim yza süýşülýär. Bu usul bilen uzaga gidip bolmz. Uç-dört ädim öňe ädip, zerur bolan halatynda, bir ädim hem yza ädip bolar» diýip, belledi. Şol bir wagtda-da, ol Berdimuhamedowyň reformalary amala aşyrjagyna ynanýandygyny, häzirki prezidentiň Nyýazowdan tapawutlylykda aýagyny ýerden üzmändigini we onuň ýaş hem-de edermendigini nygtady.

Şeýle-de, Leonid Fridman beýleki ýurtlaryň maslahatyna gulak asman, reformalary geçirmedik ýurlartda ýüze çykýan häkimiýet agdarylşyklaryny başdan geçiren ýurtlaryň mysalynyň Berdimuhamedowa reformalary geçirmäge esasy itergi berjek faktordygyny hem aýtdy. Ýagny, bilermeniň pikiriçe, her adamda öz-özüni gorap saklamak instinkti bar. Şol instiktiň türkmen ýolbaşçylarynda hem bardygyna ynanýandygyny bilermen aýdýar.

Ykdysatçy professor Fridman türkmen häkimiýetleriniň indi hereket etmäge wagtyň gelendigine düşünýändiklerini aýdyp, üstümizdäki ýylda ykdysady görkezijileri deňeşdirmek boýunça geçiriljek nobatdaky halkara maslahatyna, köp ýyl dowam eden arakesmeden soň, Türkmenistandan hem wekilleriň gatnaşjakdygyna umyt edýändigini nygtady.