Çöňňeler

"Tokmak" žurnalyndan, (Awtor: W. Ýan, 07/071987)

Öwredilýän zady bolşy ýaly öwrenip bilmeýän adamlara türkmenler “çöňňe” diýýär. Mysal üçin, bütin on ýylyň dowamynda mekdep programmasynda türkmen diliniň ýazuw kadalary öwredilýär, ýöne çöňňeler barybir, okan okuwlaryny özleşdirip bilmän, soňra ömürleriniň bütin dowamynda sözleri ýalňyş ýazyp ýörýärler.

Ýöne şol çöňňeler durmuşda ýol almaly bolanda welin, gaty ökde bolýarlar. Olar ähli edara-kärhanalarda işe ýerleşýärler hem-de özleriniň çöňňelikleri bilen işe päsgel berip durýarlar.

Sowet döwründe pasportlardaky ýazgylara gaty jogapkärli çemeleşýärdiler. Pasport ýazylanda ýekeje ýalňyş goýberip, pasporty haraplana gaty uly çäre görülýärdi.

Häzir welin pasport alan adamlaryň her günde däl, her sagatda onlarçasy pasportdaky atlaryň, familiýalaryň, adresleriň ýalňyşdygyny aýdyp, alan pasportlaryndaky ýalňyşlygy düzetdirmek üçin yzyna tabşyrýanlary örän köp. Sebäbi pasportlardaky ýazgylary ýazýanlar türkmen diliniň grammatikasyny bilenoklar. Pasportlara ýazylýan ýazgylar ýatdan ýazylanok, öňki, köne pasportdaky ýazgylary göçüräýmeli, ýöne çöňňeler şony-da ýalňyşsyz göçürmegi başaranoklar. Şeýle-de bolsa, olar iş ýerlerinde oturýarlar hem-de iş haky alýarlar. Olaryň ýalňyşýanlygy üçin ençeme pasportlar zaýalanýar.

Çöňňelere diňe pasport bölümlerinde däl, häzirki döwürde her bir edara-kärhanada gabat gelip bolýar. Mysal üçin, elektrik togy öçen wagty sorag býurosyna jaň edip, çyralary ýakmaly edaralaryň telefonyny soraýaň welin, olar Energetika ministrliginiň telefonyny berýärler ýa-da haýsydyr bir şahsy hojalygyň telefonyny berýärler. “Aşgabatelektrik seti” diýen edaranyň barlygyna düşünýän işgäriň üstünden düşýänçäň, sorag býurosyna gaty köp saparlar jaň etmeli bolýar. Hiç zada düşünmeýän çagy şeýle salykatly edaralara işe alynýarlar.

Elbetde, çöňňeleriň arkasynda kimdir bir emeldar durmasa, olar işe alynmasa-da, alynmazdy, ýa-da emelsizlikleri ýüze çykandan soň işden kowlardy.

“Çöňňeler bilen özümem çöňňeleşip barýan. Hemmeler şol bir sözi ýalňyş ýazýar welin, aram-aram “Şu sözi meniň özüm nädogry ýazýan bolaýmaýyn” diýip, oýlananymy bilmän galýaryn” diýip, professor mugallymlaryň biri aýdýar.

“Bu zatlary indi düzedip bolmaýar, indi ähli zat düzederden geçdi. Okuwa, işe almak meselesinde zehinli adamlardan ýüz öwrüldi, tanyşlylar, puldarlar ýol aldy. Soňky döwürde çöňňeleriň aşa köpelmegi şonuň netijesi” diýip, ýokary okuw mekdepleriniň bir mugallymy aýdýar.

Çöňňeleriň grammatikany bilmeýäni ýa-da haýsydyr bir edaranyň telefonyny ýalňyş bermegi bilen ylalaşsa-da bolar. Çöňňeler adam saglygy, adam ömri bilen bagly ýerlerde has gorkuly. Aşgabadyň Nyýazow adyndaky hassahanasyna agyryly dişini sogurdanda äň süňküne çenli zaýaladýan näsaglar az gelenok. Bu zatlaryň köp diş doktorlarynyň diş sogrup bilmeýänliginiň netijesi. Olar diňe agyryly dişi sogurman, eýsem, atagzysy bilen äň süňküne çenli çekýän bolmaly.

Damardan goýberilýän dermany deri bilen myşsalaryň arasyna goýberip, näsagyň eliniň etiniň çüýremegine sebäp bolan şepagat uýalary bar. Emma olar şeýle ýaramaz ýagdaýlara sebäp bolanlaryndan soň hem işlemeklerini dowam etdirýärler.

Ýa-da köplenç halatda derňew işini alyp barýan sülçüleriň jenaýatyň üstüni dogry açyp bilmezliginiň netijesinde üsti açylmaýan jenaýat işleri haýsydyr bir beýleki jenaýata çekilýäniň üstüne atylyp, onuň günäsi has agyrlaşdyrylýar. Şeýle ýagdaýlar Türkmenistanda örän köp bolýar.

Çöňňeler çaga dogurmaga ukyby bolan ýaş enäniň maýyp bolmagyna sebäp bolýarlar. Bejerip bolaýjak näsaglary ölüme eltýärler.

Maşyn awariýalarynyň köp bolmagy hem çöňňeleriň ýol hereketiniň düzgünlerini gowy bilmeýänligindendir.

Özem, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, çöňňeler örän kän. Olar ähli ýerde hemmelere päsgel berýärler. Şeýle hem olar, öňem nygtap geçişim ýaly, ösmäge diýseň ukyply. Iň gynandyrýan ýerem, çöňňeler ýolbaşçy orunlara gowy dyrmaşyp bilýärler. Çöňňeleriň ornaşýan pudagy dogry ösüş ýoluna düşüp bilmeýär.

Çöňňeler üýşüp, ýurdy ters tarapa äkidende — ine, iň erbedi şu.

Çoluk Möwlamow Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.