Liwiýanyň 200-den agdyk harby ulaglary serhetden geçip, Niger respublikasyna girdi. Bu hereket Muammar Kaddafiniň gaçybatalga sorap, bu dostlukly döwlet bilen geçiren gizlin gepleşikleriniň netijesinde bolan işdir diýip, pikir edilýär.
Fransiýanyň we Nigeriň harby çeşmeleri konwoýyň Nigere girendigini sişenbe güni tassykladylar. 200-250 ulagdan durýan bu konwoýy Niger goşuny eskort hökmünde ugradypdyr.
Kaddafiniň özüniň nirededigi belli däl. Liwiýanyň häkimiýet başyndan kowlan 69 ýaşly hökümdary iki hepde mundan ozal janyndan gorkup, gizlenmäge mejbur boldy. Şondan bäri arap telekanallaryndan berlen ses ýazgylarynda ol özüniň söweşip, Liwiýa topragynda öljekdigini aýdypdy.
Fransiýanyň harby çeşmeleri Kaddafi şu wagt Nigerde däl bolsa, onuň soňra konwoýa goşulyp, goňşy Burkina Faso aşmaga synanyşmagy mümkin diýip, pikir edýärler. Burkina Faso Kaddafä syýasy başpena berjekdigini aýdypdy.
Kaddafiniň ikinji aýaly, gyzy we iki ogly goňşy Aljire gaçyp bardylar. Fransiýanyň bir harby çeşmesiniň aýtmagyna görä, Kaddafiniň ogly Saif al-Islam hem Nigerde konwoýa goşulmaga synanyşar diýip, pikir edilýär.
Kaddafiniň režimine garşy uruşda ýolbaşçy roly oýnan Franisýa. Harby ekspertleriň pikiriçe, Liwiýanyň beýle uly harby konwoýynyň NATO-nyň howa güýçlerinden habarsyz sag-aman Nigere aşmagy mümkin däl.
Şol bir wagtda-da NATO-nyň Baş sekretary Anders Fogh Rasmussen duşenbe güni Kaddafiniň režimine degişli belli bir adamy, Kaddafiniň özüni-de nyşana almagyň NATO-nyň mandatyna girmeýändigini bildirdi: “Biziň operasiýalarymyzda nyşana alynýan adamlar däl. Bu Kaddafini-de öz içine alýar. Esasy roly oýnaýan Milli geçiş geňeşiniň parahat ilaty goramak başarnygy”.
Kaddafiniň tarapdarlarynyň konwoýy serhetden aşyp, Agadeze tarap gönükmezden öň, Liwiýanyň günortasyndaky çölden geçendir öýdülýär. Agadezde uçar meýdany bar. Kaddafiniň özi, onuň maşgala agzalary ýa režimiň beýleki işgärleri şol ýerden Burkina Faso ýaly üçünji bir ýurda aşyp bilýärler.
Liwiýanyň özünde bolsa, Kaddafä garşy söweşijiler Kaddafiniň tarapdarlarynyň ýygnanan şäheri, Tripoliniň 140 kilometr günorta-gündogarynda ýerleşýän Bani Walidi gabap ýatyrlar.
Sişenbe güni giçlik ýurduň täze hökümeti – Milli geçiş geňeşi – bilen Bani Walidde ýaşaýan taýpa ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşik geçer diýip çaklanylýar. Bani Walidde söweş bolmaz ýaly sişenbe güni taraplaryň ylalaşyga gelendigi habar berlipdi. Ýöne Milli geçiş geňeşiniň işgärleri ylalaşygyň entek resmileşmändigini aýdýarlar.
Bani Walid Liwiýanyň iň uly taýpalarynyň biri bolan warfalla taýpasynyň esasy mekany hasaplanýar.
Liwiýanyň ilatynyň altydan biri warfalla taýpasyna degişli. Bu taýpanyň içinde Kaddafiniň tarapyny çalýanlar-da bar, oňa garşylar-da. Bani Walidi gurşan Kaddafä garşy söweşijiler taýpalaryň arasyna agzalalyk salmazlyk üçin gaty sabyrly hereket etdiler.
Kaddafiniň tarapyny çalýan söweşijiler Sirte şäherinde-de gabawda. Olara ýaraglaryny tabşyrmak üçin 10-njy sentýabra çenli möhlet berildi. Bu bolmadyk ýagdaýynda giň gerimli harby hüjüme garaşmaly.