Baharly öz adyna laýykmy?

Bäherden, 2010-njy ýyl.

Öz ýaşaýan ýeriň taryhyny, dogry taryhyny bilmek hemmeleri gyzyklandyrýar. Öň hem ençeme saparlar nygtaýşym ýaly, taryhy hakykatyň ýüze çykarylmadyk wagtynda, gep-gybatlara, çaklamalara salgynmaly bolýar.

Taryhyň dürli döwürlerinde dürli halklar tarapyndan dünýäni paýlaşjak bolmak, birek-biregiň ýerini basyp almak ýaly wakalar sebäpli, Ýer ýüzünde, dürli ýerlerde ýer-ýurt atlary dürli halklaryň dilinde atlandyrylyp, şol goýlan atlar hem taryha siňip galypdyr. Ol atlandyrmalar ençeme asyrlaryň, müňlerçe ýyllaryň dowamynda halkyň aňyndan öçmändir.

Ahal welaýatyna degişli, Öňki Gyzylarbat, häzirki Serdar etraby bilen araçäkleşýän, ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinden 98 kilometr günbatarda ýerleşýän Bäherden etrabynyň adynyň manysy hem türkmenistanlylary, aýratyn-da bäherdenlileriň öz ýaşaýjylaryny sowet döwründe-de örän gyzyklandyryp gelýärdi. Ýöne onuň hakyky manysyny tirmek üçin salgylanmaga çeşme bolmansoň, millet alaçsyz galýardy. Halkyň arasynda hakykaty aýan eder ýaly çeşme bolmansoň, halkyň özi öz ýaşaýan ýeriniň ady hakda her hili rowaýatlar döredýär. Ýöne rowaýatlar welin hakykata laýyk gelip baranok.

Bäherden adynyň «owadan aýal» diýen manysynyň bardygyny aýdýanlar bar — hamala «bähr» sözüniň «owadan» diýen manysy barmyş, «zen» sözi bolsa «aýal» diýmegi aňladýarmyş, ýagny, «bährzenmiş». Bäherden adynyň manysyny beýle tiriş ýalňyşlyk bolýar. «Zen» sözi «aýal» diýen manyny berýän bolsa-da, «bähr» sözi «owadan» diýen manyny berenok.

Elbetde, Bäherdeniň aýal-gyzlary örän owadan. Şeýle-de bolsa, «Bäherden» sözüne «owadan aýal» diýen manyny bermek ýalňyşlyk bolar.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow Türkmenistanyň territoriýasyndaky ýer-ýurt atlaryny türkmençeleşdirmek maksady bilen, etraplara özleriniň gadymdan gelýän atlaryna asla ýakynlaşmaýan atlary dakyp çykdy. Şonlukda, hykyky ady üýtgedilen etraplaryň birem Bäherden etrabydyr. Bäherden etrabyna prezident Nyýazowyň permany bilen «Baharly» diýlen at dakyldy.

Suw

Emma «Bäherden» sözüniň hiç hili Bahara galtaşýan ýeri ýok. «Bähr» sözi «suw» diýmekdir. Meselem, «bähr Hazar» — Hazar suwy (deňzi). «Den» sözi bolsa «zem» sözüniň asyrlaryň dowamynda halkyň dilinde üýtgemesidir. «Zem» diýmek — pars dilinde «sowuk» diýen manyny berýär. «Bährzem»—«sowuk suw» diýmek bolýar. «Zemstan» sözi parsça «gyş», «sowuk pasyl» diýmekdir. «Bährzem» bolsa — sowuk suw. «Bäherden» sözüni «Nährzem» sözünden emele gelendir diýsegem, ýalňyş bolmaz. «Nähr» arapça «guýy», «suw» diýen manyny berýär. «Zem» sözi bolsa, öň aýdyşym ýaly, «sowuk» manysyny berýär.

Gündogar halklarynyň köp ertekilerinde, rowaýatlarynda agzalýan «Zem-zem» çeşmesini ýatlalyň. «Zem-zem» çeşmesi — «sop-sowuk çeşme» diýen manyda. Ýa-da, aýdalyň, ertekilerde «aby zem-zem» çeşmesine barypdyr» diýen ýaly jümleler köp duş gelýär. «Ab» sözi — suw diýmek, «zem-zem» hem, ýokarda aýdyp geçişimiz, ýaly «sop-sowuk» diýmek. Diýmek, «aby zem-zem» çeşmesine barypdyr» diýen jümle — «sop-sowuk suwly çeşmä barypdyr» diýen manyny berýär.

Bäherden adynyň «Nährzem» sözünden gelip çykmasy-da, «Bährzem» sözünden gelip çykmasy-da, ol etraba şu adyň dogry dakylandygyna güwä geçýär. Bäherdende sowuk suwly ýerasty çeşmeler, guýular örän kän. «Köw ata», «Arçman ata» çeşmelerini halk gadymdan bäri dertlerine derman hökmünde ulanyp gelýär. Bäherdeniň haýyrly suwy bilen ençeme dertleri bejerýän ýerler hökümet tarapyndan dünýä standartyna laýyk gelýän kurortlara öwrüldi. Bu günler halk ol ýerlerde öz saglyklaryny bejerdýär.

Çoluk Möwlamow Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.