"Dünýä edebiýatynyň" täze sany

Ýazgulyýew: "Žurnalyň işgärleriniň tagallasy bilen ýaş terjimeçiler mekdebiniň emele gelip başlandygyny aýratyn bellemek isleýärin".

Türkmen edebiýatynyň simwoly hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň suratynyň "Dünýä edebiýatynyň" dördünji sanynyň daşky sahypasyndan aýrylmagynyň raýatlarymyzda köp sowaly döredendigini aýtmak gerek. Käbir okyjylar Täçgeldi Gutlyýewiň tassyklaýşy ýaly, "Nurnama" ýa "Adamnama" atly täze "beýik eseri" ýazyp ýören "uly ýazyja" resmi derejede garaşylyp ýörlen pursatda halkyň belli bir derejede hormatyny gazanan žurnalda Magtymguly Pyragynyň suratynyň yzygider çap edilmeginiň döwlet emeldarlarynyň käbiriniň hoşuna ýakmandygy üçin, "Dünýä edebiýatyndan" beýik akyldaryň suratynyň aýrylandygyny çaklaýarlar.

Bu žurnaldan beýik akyldaryň suraty nähili ýol bilen aýrylanam bolsa, "Dünýä edebiýatynyň" indiki sanlarynda halkymyzyň islegi nazarda tutulyp, Magtymguly Pyragynyň belli hudožnigimiz Aýhan Hajyýewiň çeken kanoniki suratynyň türkmen edebiýatynyň simwoly hökmünde goýuljakdygyna umyt edýärin. Žurnalyň dizaýnynyň — daşky bezeginiň örän gelşiksizdigini, uly ýazgysyny okamasaň, onuň žurnala däl-de, haýsydyr bir emelsiz ýasalan küti bloknota meňzäp durandygy hakynda okyjylaryň bellik edýändigini hem bellemelidiris.

"Dünýä edebiýatynyň" döwlet baştutanynyň milli medeniýet, edebiýat we sungat barada aýdanlary bilen açylmagy, onuň yzky sahypasynda bolsa türkmen mediasynyň lenjini çykaryp beren iýundaky žurnalyň çykan wagtyndan iki aý öňki syýasy medeni çäreleriň berilmegi erkin döredijilige syýasy basyşyň nähili güýçlüdigini düşündirişsiz subut edýän bolsa gerek.

"Dünýä edebiýatynyň" her sanynda nusgawy şahyrlarymyzyň biriniň 4-5 sany goşgusyny çap edip, olaryň gysgajyk terjimehalyny bermek däbe öwrülen, muny gutlamak gerek. Emma muňa garamazdan, nusgawy şahyrlarymyzyň eserleriniň bu žurnalda şöhlelenmeginiň anyk delili ýok. Mysal üçin, žurnalyň dördünji sanynda nusgawy şahyrymyz Şeýdaýynyň haýsy ýol bilen çekilendigi belli bolmadyk suraty bilen birlikde köp topbakly dört goşgusy hem-de okyjyny alasarmyk ýagdaýda goýýan gaty gysga terjimehaly berlipdir. Şol terjimehalyň ýerine Şeýdaýy ýaly ussat şahyrlarymyzyň doganlyk halklarymyzda öwrenilişi, onuň eserleriniň golýazmalarynyň haýsy ýurtlarda bardygy, şahyryň dünýä, gündogar edebiýatyna goşan goşandy hakynda şu ugurdan iş alyp baran, barýan alymlaryň pikirleri berlen bolsa, Şeýdaýy şahyryň bu žurnalda goşgularynyň çap edilmeginiň güwäsine öwrülerdi.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy A.Atabaýewiň M.Lermontowdan, belli merhum terjimeçimiz A.Berdiýewiň Omar Haýýamdan, Orazgylyç Çaryýewiň türk şahyry Nejip Fazyl Kysakürekden goşgy terjimelerini okanyňda, dynç alýarsyň.

Filologiýa ylymlarynyň doktory Ahmet Mämmedowyň N.Kundan "Gadymy Gresiýanyň mifleri we rowaýatlary" atly eserinden kämil terjimeleri okyjyny ygtyýarsyz gadymy — antik grek dünýäsine syýahata alyp gidýär.

A.Atabaýewiň meşhur terjimeçimiz A. Berdiýewi ýatlap ýazan makalasam örän şowly çykypdyr. E.Akaýewiň nemes hem Latyn Amerikasynyň edebiýaty hakynda ýazan materiallaram gysgadan, örän köp manyny özünde jemleýär. M.Bäşimowyň "Roland hakda aýdym" materialy gysgajyk edebi seljerme bolup, orta asyrlar ýewropa edebiýaty bilen okyjyny täsirli tanyşdyrýar.

Ýaş terjimeçiler, talyp gyzlar G.Hallyýewanyň hindi dilinden "Akyllyja towşan" , M.Nuryýewanyň koreý dilinden terjime eden "Hunpi hem Nolpi" atly ertekileri hem ýaş neslimiz üçin gowy sowgat bolupdyr.

"Dünýä edebiýaty" žurnalynyň işgärleriniň tagallasy bilen ýaş terjimeçiler mekdebiniň emele gelip başlandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Žurnalda çap edilýän terjime eserleriň gitdigiçe kämilleşýändigini hem aýtmalydyrys.

Umuman, "Dünýä edebiýaty" žurnalynda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren uly göwrümli eserlerden terjime-de, belli ýazyjylaryň durmuşyndaky gyzykly pursatlar hakyndaky ýazgylaram, edebi, medeni dünýä täzeliklerem okyjyny biparh goýmasa gerek. Ýöne bu žurnalyň has kämil çykmagy üçin ýokarda bellän kemçiliklerim, iň esasanam, syýasy basyşlar ortadan aýrylmalydyr.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.