Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Birleşen Milletler Guramasy müňlerçe palestinaly bosgunlaryň Siriýanyň Latakiýa şäherindäki bosgunlar lagerinden gaçmaga mejbur bolandyklaryny aýdýar. Munuň sebäbi hökümet güýçleriniň gabawdaky bu şäheri top okuna tutmagy dowam etdirýänligi.
BMG-niň Kömek gullugynyň sözçüsi Kristofer Gannesiň duşenbe güni aýtmagyna görä, palestinalylar Latakiýa hepdäniň soňunda bir tarapdan gämi toplary, bir tarapdan-da gury ýer goşunynyň hüjümine uçransoň, bu şäherden gaçmaga mejbur bolupdyrlar.
Gannes bosgunlar lagerinde azyndan dört adamyň ölendigini aýtdy: “Latakiýadaky ýagdaý bizi gaty aladalandyrýar. Bu ýerden hüjümden gorkup gaçanlaryň sany 5 müň bilen 10 müň aralygy, lagerdäki adamlaryň deň ýarpysy. Gämi toplaryndan açylýan otdan, gury ýerden açylaýan otdan gaçýarlar. Howpsuzlyk işgärleri olara lagerden gidiň diýipdirler. Biz Siriýa hökümetinden syrkawlara seredip, ölüp barýanlara seredip, öz programmamyzy berjaý etmek üçin ol ýere barmaga ýol bermegini soraýarys”.
Siriýaly aktiwistler, şenbe güni harby operasiýa başlaly bäri, Latakiada iň bärisinden 27 adamyň öldürilendigini aýdýarlar. Ýöne Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti duşenbe güni Siriýanyň harby deňiz güýçleriniň bu şäheri top okuna tutandygyny tassyklap bilmeýändigini aýtdy.
Bu hüjüm halkara derejesinde, şol sanda Siriýanyň öz arap goňşusy Iordaniýa tarapyndan hem ýazgaryldy.
Siriýanyň goňşusy we onuň öňki ýakyn ýarany Türkiýe duşenbe güni Damasky protestçileriň garşysyna alyp barýan harby operasiýalaryny ara salym salman bes etmäge çagyrdy. Öten hepde Siriýa sapar edip, Assady bu gandöküşligi bes etmäge çagyran türk daşary işler ministri Ahmet Dawutoglu bu operasiýalar duruzylmasa, “görüljek çäreler barada aýdara hiç bir zat galmaz” diýdi.
“Düýn we bu gün Deir al-Zurda, Latakiýada bolýan wakalar aklap boljak zatlar däl. Ol ýerde bolan wakalara, adam hukuklarynyň hormatyny saklasaň, Siriýanyň öz içki işi diýip garap bolmaz. Bu gün biz Siriýa režimine ýene bir gezek ýüzlenýäris. Parahat ilatyň garşysyna alnyp barylýan we uly şäherlerde barha güýjeýän operasiýalar derrew, hiç bir şertsiz duruzylmaly” diýip, Dawutoglu nygtady.
Hökümet güýçleri Homsda bir adamy tussag edýärler.
Halkara derejesinde bolýan tankytlara garamazdan, prezident Başar al-Assada wepaly güýçler onuň häkimiýet başyndan çekilmegini talap edýän protestleri basyp ýatyrmagy dowam etdirýärler. Habar gullugy “DPA” demirgazyk Liwanda ýerleşýän aktiwistlere salgylanyp, howpsuzlyk güýçleriniň Siriýa-Liwan serhedine ýakyn Simakaýeh regionyna hüjüm edendiklerini habar berdi.
Halkara derejesinde bolýan tankytlara garamazdan, prezident Başar al-Assada wepaly güýçler onuň häkimiýet başyndan çekilmegini talap edýän protestleri basyp ýatyrmagy dowam etdirýärler. Habar gullugy “DPA” demirgazyk Liwanda ýerleşýän aktiwistlere salgylanyp, howpsuzlyk güýçleriniň Siriýa-Liwan serhedine ýakyn Simakaýeh regionyna hüjüm edendiklerini habar berdi.
Omar Idlibi bu habar gullugyna zarply top sesleriniň eşidilendigini aýdyp, “sebäbi Simakaýeh Liwana gaty ýakyn” diýipdir.
“DPA” Siriýanyň serhetçileriniň Simakaýehden Liwana gaçyp geçmäge synanyşan maşgalalary tutandygyny habar berdi.
“Amnesty International” mart aýynyň ortalarynda hökümete garşy protestler turaly bäri parahat ilatdan 1,700 töweregi adamyň öldürilendigini aýdýar. Damaskyň resmi habaryna görä, gazaply hereketlerde hökümet güýçlerinden 500 adam ölüpdir.
Ýöne bu aýdylýanlary tassykalap bolanok. Sebäbi bu gozgalaň turaly bäri Damask daşary ýurt mediasyny we halkara adam hukuklary toparlaryny ýurda goýberenok.