Dünýä maliýe bazarlaryny gorky gurşap aldy

FSEP, Pariž, 8-nji awgust.

Dünýä boýunça liderler Birleşen Ştatlaryň kredit ygtybarlylygynyň peseldilmegi we ýewro zonasynyň üstünden sowulmaýan bergi krizisi sebäpli galagopluga düşen maliýe bazarlaryny köşetmek üçin tagalla baryny etdiler.

Öten anna güni reýting agenturasy “Standard & Poor’s” Birleşen Ştatlaryň kredit derejesini iň ýokary dereje bolan AAA-dan AA plýusa getirdi. Bu peseldiş Amerikanyň ykdysadyýetiniň depgininiň haýaldygy we Ýewropada bergi krizisiniň ýaýramak gorkusy sebäpli global birža bazarlarynda bahalar trillionlarça dollar aşaklansoň boldy.

Duşenbe güni senagat taýdan ösen 7 ýurduň ýolbaşçylary global bazarlary durnuklaşdyrmak üçin özleriniň bilelikde aýgytly hereket etjekdiklerini aýtdylar. Senagatlaşan 20 ykdysadyýeti öz içine alýan G-20 we ösüp gelýän ýurtlar hem maliýe bazarlaryny durnuklaşydyrmak maksady bilen arkalaşykly hereket etjekdiklerini bildirdiler.

Ýewropada

Ýewropada Ispaniýa bilen Italiýanyň býujet defisiti zerarly ýewro zonasynyň bergi krizisine çekilmeginden gorkulýar. Şol sebäpden bu basyşy ýeňletmek üçin Ýewropanyň Merkezi banky 7-nji awgustda özüniň bu ýurtlaryň hökümetleriniň gymmatly kagyzlaryny satyn aljakdygyny aýtdy.

Ýewropanyň Merkezi bankynyň ýewro zonasynda kyn ýagdaýa düşen ýurtlaryň gymmatly kagyzlaryny satyn aljakdygyny bildirmegine sebäp bolan zat Ispaniýa bilen Italiýanyň ykdysadyýetlerini pugtalandyrmak üçin täze çäreleridir reformalary ýola goýjakdyklaryny yglan etmekleri we alýan kreditleri üçin aşa ýokary çykdajy etmäge taýynlyklary boldy.

Bu beýanatlar bazarlary az-kem köşeşdirene meňzeýar. Aziýada aksiýa nyrhlary peselip, Gonkongda “Hang Seng” indeksi 4 prosentden köp aşaklady. Ýöne Ýewropada duşenbe güni ir ertir zyýan görülse-de, bazarlar soňra özüni dürsäp ugrady. Ispaniýa bilen Italiýanyň hem kredit harajatlary aşaklady.

Birleşen Ştatlarda

Waşingtonda bolsa Birleşen Ştatlaryň maliýe ministri Timoti Geýtner “Standard & Poor’s” reýting agenturasyny ýiti tankytlap, onuň Amerikanyň kredit derejesini aşaklatmagyny “elhenç baha” diýip atlandyrdy.

“Reýting agenturasy “Standard & Poor’s” elhenç baha bermek bilen, özlerini ýaramaz alyp bardylar. Olar şeýle hem özleriniň Birleşen Ştatlaryň maliýe býujeti barada gaty bilimsizdiklerini görkezdiler. Şeýlelikde edil häzirki ýalňyş netijä geldiler” diýip, Geýtner aýtdy.

Ýurduň kredit derejesi peseldilenden soň, respublikançy kanunçykaryjylar Geýtneri wezipeden çekilmäge çagyrdylar. Ýöne Ak Tam onuň Birleşen Ştatlaryň maliýe ministri wezipesinde galýandygyny aýtdy.

Ak Tamyň sözçüsi Jeý Karneý: “Prezident Barak Obama ministr Geýtnerden Maliýe ministrliginde galmagyny sorady. Onuň öz wezipesini dowam etdirmek baradaky kararyny gutlaýandygyny aýtdy” diýdi.