Ýas ýerinde aýdym-saz

Ýazgulyýew: "Türkmen ýolbaşçylary ýas ýerinde ýasama aýdym-saz gurnamaklaryny name bilen delillendirjekkäler?

Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň “Aýyrma” goşgusyndaky: “Ýas ýerinde aýdym bolmaz, saz bolmaz” diýen jümlesi her bir türkmeniň ene süýdünden ganyna siňip, ýas ýerinde diňe merhumyň hossarlaryna duýgudaşlyk edilýän edep mekdebine öwrülipdi.

Emma Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň diktatura syýasaty türkmen halkynyň altyn asyrda ýaşaýandygyny emeli usulda subut etmäge çalyşýardy. Hatda merhum diktator 2000-nji ýylyň başynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde: “Adam ýogalanda diňe ýaşaýşyny çalyşýar, emma biz öleniň yzynda aglaýas, munymyz ýalňyş, indiden beýläk öleni aýdym-saz bilen ugradyp, mert türkmen bolalyň” diýipdi.

Belki-de, Nyýazow şol wagt özüniň zalym düzgüniniň saklanan ýagdaýynda “şägirtleriniň” ýas ýerinde aýdym-saz etjekdigine, merhumyň hormatyny püçege çykaryp, halkyň agysynyň nämedigini-de bilmän, şady-horramlyklaryny dowam etdirjekdiklerine, soňlugy bilen “şägirtler” tarapyndan merhumlarynyň aýdym-saz bilen ugradyljakdygyna akyl ýetirendir.

Abadanyň alkymyndaky polkuň ýarag ammarynda bolan partlama munuň şeýledigini düşündirişsiz subut etdi. Owalbaşda ýarag ammarynda bolan partlama inkär edilenem bolsa, 10-njy iýulda partlamanyň 15 adam pidasy, belli bir derejede eden weýrançylygy döwlet derejesinde boýun alnandan soňam, ýurtda merhumlaryň hormatyna ýas güni yglan edilmezligi ilatymyzyň uly bölegini haýrana goýdy.

"Awazada" aýdym-saz

12-nji iýulda Abadan partlamasynda wepat bolanlara bäşinji gün diýlende, “Awazada” açylyş dabarasynda döwlet ýolbaşçylary uly toý tutdular, bu toýda orta çykyp hemmeleriň tans edendigi hakynda aýdylýar. Ilatymyz ýas tutýarka, uludan tutulan bu aýdym-sazly toýa gatnaşan Sankt-Peterburgyň gubernatory W.Matwiýenkonyň hem ýokary derejedäki döwlet ýolbaşçylary bilen birlikde tans edenligini şu waka mejbury gatnaşdyrylan adamlar haýran galmak bilen, özara söhbetdeşlikde gürrüň berýärler.

Üns bermeli bir ýagdaý Peterburgyň gubernatory türkmen ýolbaşçylary bilen tans edýärkä, onuň ilinde gark bolan “Bulgariýa” gämisinde wepat bolanlaryň hormatyna Orsýetde ýas tutulýardy. Eýsem name! Türkmenler “Duza gaçan-duz bolar” ýa-da “Kyýamata giden ýoldaş gözlär” diýýärler. Matwiýenkonyň “Wozroždeniýe” kompaniýasynyň özlerine örän amatly şertde Türkmenistanda millionlarça dollarlyk gurluşyk işlerini etmäge ygtyýar alandygyna begenip, tans edýän bolmagam mümkin.

Ýöne beýleki bir tarapdan, Matwiýenko ýurdy ýas tutýarka, özüniň tans edenligini aklap bilmegem mümkin, sebäbi Türkmenistanda işleýän rus gurluşyk firmalarynyň rus gaznasyna salgyt üçin millionlarça walýuta tölejegi, şeýle-de rus raýatlarynyň ýüzlerçesiniň iş meselesiniň hem çözülendigi belli hakykat. Şonuň üçin onuň ýas günündäki tansyny ildeşleriniň bagyşlamaklary-da mümkin.

Ýöne hakykaty düýpli derňemän, türkmen ýolbaşçylary özleriniň ykrar eden partlama netijesinde ýogalan 15 raýatymyzyň ýedisi geçmänkä, ýüzlerçe maýyp-müjrip bolanlara, ruhy sarsgyna düşenlere duýgudaşlyk etmän, ýas ýerinde ýasama aýdym-saz gurnamaklaryny name bilen delillendirjekkäler?

Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň “Ýas ýerinde aýdym bolmaz, saz bolmaz” diýen pendine garamazdan, onda-da ýarag ammarynda bolan partlamada wepat bolan onlarça merhumlarymyzyň hossarlaryna raýdaşlyk edip, ilimiz ýas tutýarka, Nyýazowyň “wepaly şägirtleri” ýas ýerinde aýdym-saz etdiler.

Döwletmyrat Ýazgulyýew türkmenistanly garaşsyz žurnalist, synçy. Blogdaky pikirler we maglumatlar awtoryň özüne degişli.