Birleşen Ştatlaryň Senaty maliýe taýdan batyşyň öňüni almak üçin ylalaşygy oňlady

Ylalaşyk kabul edilmedik bolsa, ekspertleriň aýtmagyna görä, onda amerikan hökümetiniň işi maliýe taýdan batyp, dünýä ykdysadyýeti ýene bulam-bujarlyga düşjekdi.

Birleşen Ştatlarda hökümet bergileriniň çägini ýokarlandyryp, döwletiň maliýe taýdan işiniň batmazlygy üçin gelnen ylalaşyk Wekiller Palatasynda we Senatda kabul edildi. Soňra oňa prezident Barak Obama gol goýdy.

Bu işden maksat bergi çägini ýokarlandyrmak bilen amerikan hökümetiniň taryhda ilkinji gezek bergilerini töläp bilmek başarnygyny ýitirmeginiň öňüni almakdy. Başga sözler bilen aýdanyňda, hökümetiň köpräk karz pul almagyna ýol bermek.

Senatda ylalaşygy goldap ses berenleriň sany 74, oňa garşy çykanlaryň sany bolsa 26. Respublikanlaryň ýolbaşçylygyndaky Wekiller Palatasy hem bu ylalaşygy duşenbe güni oňlady. Ol ýerde ylalaşyga garşy ses berenler 161. Munuň 95-si prezident Barak Obamanyň öz partiýasyndan. Ony oňlanlaryň sany 269. Munuň hem 95-si Demokatik partiýanyň agzalary. Planyň Wekiller Palatasynda kabul edilmegi üçin 216 ses gerekdi.

Wekiller Palatasynda demokratlara ýolbaşçylyk edýän Nansi Pelosi özüniň bu ylalaşyga begenmeýändigini, ýöne döwletiň maliýe taýdan işiniň batmagyndan abanýan howp sebäpli ony oňlajakdygyny aýtdy: “Biziň şu gün öňümizde goýulýan kanuny oňlamak üçin tagalla edýändigimize ynanmak gaty kyn. Men muňa begenemok. Ýöne onuň içindäki käbir işlere guwanýaryn. Meniň ony oňlamagymyň sebäbi şol”.

Bu kanun oňlanmazdan az salym öň Wekiller Palatasyna gelen demokrat wekil Gabriel Giffords kärdeşleri tarapyndan alkyş we şatlyk bilen garşylandy. Ýanwar aýynda Tuksonda (Arizona ştatynda) saýlawçylar bilen duşuşyk geçirip durka Giffordsa garşy ok atylyp, şonda onuň kellesine gülle degdi. Ol agyr ýara sebäpli şondan bäri Kongrese gelip bilmändi. Onuň bu ýere gelmegi bu ses berişligiň näderejede möhümdigini görkezdi. Giffords hem ylalaşygy goldap ses berdi.

Senatda köplügiň ýolbaşçysy demokrat Harri Reýd we azlyk respublikanlaryň ýolbaşçysy Mitç MakKonnell tarapyndan goldanylýan bu planyň gerekli 60 sesi aljagyna şübhe edilenokdy.

Bergi çägini ýokarlandyrmak möhleti Aşgabat wagty bilen çarşenbe güni ir sagat dokuzda tamamlanýardy. Şoňa çenli bu iş bitmedik bolsa, ekspertleriň aýtmagyna görä, onda amerikan hökümetiniň işi maliýe taýdan batyp, dünýä ykdysadyýeti ýene bulam-bujarlyga düşjekdi.

Şeýle hem ABŞ-nyň kredit ygtybarlylygy peselip, ýaňy ýola düşüp gelýän global ykdysadyýetiň çökgünlige düşmek howpy bardy. Galyberse-de, amerikanlar alýan karz pullaryna ýokary prosent tölemeli bolardylar we dollaryň hümmeti peselerdi.

Köp jedel edilen teklipde berginiň çäginiň ýokary derejesini 2,4 trillion dollar töweregi artdyrmak göz öňünde tutulýar. Geljek 10 ýylyň içinde hem edilýän çykdajylar 2,1 trillion dollar azaldylmaly.

Bu kanun taslamasy partiýalaryň arasynda jedelli çekişmeler döretdi. Demokratlar baýlara we gurply korporasiýalara has köp salgyt salmazdan garyplara we ýarawsyzlara berilýän kömegiň kesilmegine garşydylar. Respublikanlar hem salgyt derejesiniň ýokarlandyrylmagyny islänokdylar.